Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy


Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Türkmenistanyň häzirki Prezidenti - Gurbanguly Berdimuhamedow bellige alyndy.


Merkezi saýlaw toparynyň başlygy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň şahadatnamasyny gowşurdy.


Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, saýlaw ulgamyny, şol sanda iň oňat halkara tejribesini has giňden özleşdirmegiň hasabyna yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygy barada aýtdy.


Gadymy asyrlarda binýadynda goýlan halk häkimiýetliligiň esaslarynyň nesilden-nesli geçijiligini hem-de demokratiýalylygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwürde jemgyýetiň durmuş-syýasy medeniýetiniň örän ýokarlanandygyny belledi. Muňa saýlawlara ilkinji gezek partiýalaryň üçüsinden--Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan dalaşgärleriň gatnaşýandygy subutnamadyr.


Döwlet Baştutanymyz Demokratik partýiasynyň ähli agzalaryna hem-de ýurdumyzyň halkyna özüni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürländikleri üçin minnnetdarlyk bildirdi.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär edilip, ozal habar berlişi ýaly, Demokratik partiýanyň 14-nji dekabrda geçirilen mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan hödürlendi. Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlawyň öňýanyndaky möwsümiň indiky tapgyry bolan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almaklyga şu gün, 24-nji dekabrda badalga berildi.


Häzirki güne çenli Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesine birnäçe dalaşgär hödürlenildi. Bu bolsa 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda boljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda raýatlaryň teklipçi toparlary özleriniň dalaşgärlige hödürlejek adamlaryny goldamaga gol ýygnamagyny tamamladylar.Ýene-de birnäçe dalaşgärleri bellige almak üçin resminamalar Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň garamagyna berildi.


Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribesine laýyklykda hemme dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak hem-de olary saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, wagyz işlerini alyp barmak, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öz işlerini wagyz etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Şeýle çäreleri guramak degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, kärhanalaryň, edaralaryň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde saýlaw toparynyň üstüne ýüklenilýär.


Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda şeýle hem welaýat hem-de Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi, öňde boljak saýlawlara degişli guramaçylyk meselelerine garaldy.