Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýokary wezipä hödürlendi


Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemäge bagyşlanan maslahaty geçirildi.


Dalaşgär hödürlemek düzgüni Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda guraldy.


Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýokary döwlet wezipesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň görnükli ýolbaşçylyk we guramaçylyk aýratynlyklaryny, milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatlaryny we bu babatda ýetilen belent sepgitleri, döwlet işinde toplan uly tejribesini, pikir ýöretmegiň strategik nusgasyny bellediler.


Demokratik partiýanyň agzalarynyň çykyşlarynda öňde boljak saýlawlar düýbünden täze taryhy şertlerde geçiriler diýlip bellenildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda örän uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletiň demokratik esaslaryny berkitmekde möhüm ädimler ädildi, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlary ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli özgertmeler jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny, ýurdumyyň ähli welaýatlaryny gurşap alyp, türkmen halkynyň doly goldawyna eýe boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýy belende galdy diýlip, biragyzdan bellenildi. Türkmenistanyň Baştutanynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanan oňyn başlangyçlary, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn syýasy ugrunyň ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi.


Oňyn, täzeçil özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, olaryň esasynda bütin dünýäde abadançlygyň bähbidine Türkmenistanyň köpugurly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmagy ugur edinýän parasatlylylyk, öňdengörüjilik we mäkäm erk-isleg durýar.


“Döwlet adam üçindir!” diýen şygary iş ýüzünde durmuşa geçiren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyryldy, ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertleriniň derejesi, ählumumy meseleleriň çözülmeginde Bitarap Watanymyzyň orny we täsiri ýokarlandy. Ýurdumyzyň parasatly, ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty halkymyz tarapyndan doly goldanyldy. Şonuň netijesinde Türkmenistanda dostluk, agzybirlik we ruhubelentlik dabaralanýar.


Şeýle hem şu ýyl Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň uly ähmiýeti bellenildi. Ol ýurdumyzyň senenamasynda we taryhynda täze sahypany açyp, kuwwatly ykdysadyýeti, durmuş taýdan goraglylygyň netijeli ulgamy, baý we özboluşly milli medeniýeti, parahatçylyk döredijilikli halkara syýasaty bolan güýçli hukuk döwletini gurmaga itergi bolup hyzmat etdi.


Maslahata gatnaşyjylar döwrüň we ýurdumyzyň geljeginiň öňünde ykbal çözüji şu döwürde ähli jogapkärçilik bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek barada çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.


Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geňeşi degişli Karary kabul etdi we ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara 2017-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bellenen tertipde dalaşgärlige hasaba almak üçin ugradyldy.


Maslahata gatnaşyjylar Demokratik partiýasynyň ähli agzalaryna we türkmen halkyna Ýüzlenme kabul etdiler.


Dalaşgärleri hödürlemek boýunça möwsüm dowam edýär. 15-nji dekabrda Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, 17-nji dekabrda Agrar partiýasyndan dalaşgärleriň atlary belli bolar.


Häzirki wagtda teklipçi toparlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda 10 müňden az bolmadyk gollary ýygnamak bilen meşgullanýarlar. Ol ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenjekleriň her birini bellige almak üçin zerurdyr.


24-nji dekabrda dalaşgärleri bellige almak, soňra bolsa olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.