Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady


2016-njy ýylyň 27-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady.


Milli Liderimizi Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde welaýatyň ýaşululary, duz-çörek bilen garşyladylar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ter gül desselerini gowşurdylar.


Din wekilleri Türkmenistanyň Prezidentine Beýik Biribardan jan saglyk hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde rowaçlyk dileg etdiler.


Ýaşulular hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan asylly işleri üçin çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar, şeýle hem türkmen paýtagtynda dünýäniň köpsanly döwlet we hökümet baştutanlarynyň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutladylar.


Döwlet Baştutanymyz ýaşulular bilen söhbetdeşlikde olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş hem-de önümçilik maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşululary ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen gutlap, maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda bugdaýyň, gök ekinleriň, miweleriň we bakja önümleriniň bol hasylynyň ýetişdirilýändigini aýtdy, olar her bir türkmen maşgalasynyň saçagyny bezäp, halkymyzyň abadançylygyny alamatlandyrýandygyny, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikleriň berilmeginiň, öňdebaryjy kärendeçileriň we ekerançylaryň sarpalanmagynyň olaryň zähmetine berilýän ýokary bahanyň hem-de çuňňur hormatyň nyşanydygyny belledi.


Şu günler Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň taryhy ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde ulag ulgamynyň uzak geljekde dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, möhüm ugurlaryň hataryna girýändigini, ählumumy geoykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny, oňa kuwwatly döredijilik itergi berýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz geografiki taýdan amatly ýerleşmek bilen, örän möhüm üstaşyr-ulag we sebit hem-de yklym ähmiýetli logistika merkezi hökmünde bu ulgamda özüniň mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine ugrukdyrýar, muňa öňde boljak Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) böleginiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar hem şaýatlyk edýär.


Hormatly Prezidentimiz ýaşululara ýurdumyzyň durmuşynda amala aşyrylýan möhüm çärelere işjeň gatnaşýandyklary, ýaş nesli terbiýelemek boýunça yzygiderli işleri alyp barýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we olara jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


Şol wagt Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammet Aşraf Ganiniň uçary gondy. Ony Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Gyzjagyz we oglan türkmen we dari dillerinde goşgy okaýarlar. Iki goňşy ýurduň liderlerini welaýatyň döredijilik toparlary joşgunly aýdym-saz we tans çykyşlary bilen garşyladylar.


Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerwenleri howa menzilinden ugradylar.


Garaşylyşy ýaly, ertir iki dostlukly ýurtlaryň baştutanlary, şeýle hem köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulýan Aziýa halkara ulag geçelgesiniň-Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşarlar. Bu ulag geçelgesi taslama gatnaşyjy ýurtlaryň, şeýle hem Gyrgyzystanyň çäklerinden geçip, Hytaýyň demir ýol ulgamlaryna barar hem-de onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň bazarlaryna çykar.