Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hasyl baýramy mynasybetli dabaralar


2016-njy ýylyň 27-nji noýabrynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu ajaýyp baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolmak bilen, ekerançylaryň yhlasly zähmetine, olaryň Watanymyzyň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilýändiginiň alamatyna öwrüldi.


Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem-de Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylynda oba zähmetkeşleri uly üstünliklere eýe boldular. Türkmen pagtaçylary öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Gallaçylar hem 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnamak bilen öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirdiler. Gök-bakja öndürmek boýunça hem meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi.


Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda we etraplarda, şäherlerde we obalarda pagta ýygym möwsüminde tapawutlanan işgärleri sarpalamak dabaralary, şeýle hem şu ýylyň bol hasylyna bagyşlanan bäsleşikler, konsertler, sport we at çapyşyklary hem-de beýleki medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.


Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bereketli topragymyzyň bol hasylyna bagyşlanan sergiler we ýarmarkalar guraldy. Asylly däbe görä, paýtagtymyz baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi, ol çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerinden öňdebaryjy hojalyklaryň wekilleri, belli ekerançylar ýygnandylar.


2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň binalar toplumynda ýurdumyzyň Oba we suw hojalygy ministrligi, Azyk senagaty döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan bilelikde guralan hem-de oba hojalyk möwsüminiň jemlerine, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan pagtaçylaryň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň hem-de ekerançylaryň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Olar hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.


Şol gün Hasyl baýramy mynasybetli esasy dabaralar Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde oba hojalyk pudagynyň hem-de obasenagat topulmynyň gazananlaryna bagyşlanan giň göwrümli sergi guraldy.


Bu ýere hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylary döredijilik toparlary we çagalar toparlary sahnalaşdyrylan çykyşlar hem-de aýdym-sazlar bilen garşyladylar.


Ugurdaş pudak edaralary hem-de kärhanalar tarapyndan guralan sergi dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu ýerde pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän senagatyň, gallaçylyk, maldarçylyk, azyk we dokma senagaty pudaklarynyň önümleriniň nusgalary, naýbaşy tohum görnüşleri, oba hojalyk tehnikasynyň iň täze nusgalary görkezildi.


Sergide pagtany gaýtadan işlemek boýunça ýetilen sepgitlere aýratyn üns berildi. Türkmenistan ýurdumyzyň ekerançylarynyň möhüm oba hojalyk ekini bolan pagtany ösdürip ýetişdirmegiň taryhy ýörelgelerini ösdürýär, bu oba hojalyk ekini häzirki wagtda dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Pagta süýümi ýurdumyzyň okgunly ösýän dokma senagatynyň häzirki zaman kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmen nah ýüplük önümleri hem-de matalary, trikotaž we jinsi matalary, olardan taýýarlanylýan, dizaýnerlik we tehnologiýa çözgütleri esasynda öndürilýän taýýar önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.


Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak mümkindir, olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köp ýyllyk işleriniň jemidir.


Pagtanyň ýüpek ýaly süýümi diňe bir ýüplük, mata ýa-da egin-eşik bolmak bilen çäklenmeýär. Ondan lukmançylyk pamygy, kosmetika serişdeleri, tehniki maksatly önümler taýýarlanylýar. Pagta süýümi şeýle hem gymmatly azyk önümleriniň birnäçesi üçin çig mal bolup hyzmat edýär, olaryň hatarynda ýokumlylygy boýunça aýratyn gymmatly pagta ýagy, şeýle hem pagtadan alynýan bal bolsa bejerijilik häsiýetine eýedir.


Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlary baýramçylyk sergilerini guradylar. Onda “ak altynyň” täze hasylyndan doldurylan horjunlar, şeýle hem bugdaý sümmülleri, tamdyr çörekler, pişmeler, milli tagamlar görkezildi.


Sergide ýurdumyzyň ekerançylarynyň öndürýän oba hojalyk önümleriniň beýleki görnüşleri, dürli oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda şalynyň we mekgejöweniň bol hasyl berýän görnüşleriniň tohumlary giňden görkezildi. Bakja önümleriniň, miweleriň we gök önümleriň köpsanly dürli görnüşleri häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda merkezlerindäki we bazarlaryndaky bolçulygyň subutnamasyna öwrüldiler.


Bu ýerde häzirki zaman ýyladyşhanalarynyň nusgalary görkezilýär, olarda pomidorlar ýetişdirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýyladyşhana hojalyklarynyň giň ulgamynyň döredilmegi ilatymyzy tutuş ýylyň dowamynda gök ekin önümleri bilen üpjün etmegiň binýadyny döredýär, bu bolsa ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu pudakda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde oba ýerlerinde ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, häzirki zaman oba hojalyk enjamlary satyn alynýar. Pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ekerançylara düýpli ýeňillikler berilýär.


Dabara gatnaşyjylara Galkynyş atly ajaýyp ahalteke bedewiniň görkezilmegi hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu bedewiň sowgat berilmegi baýramçylyk çäreleriniň aýratyn tolgundyryjy pursaty boldy.


Baýramçylyk çäreleriniň resmi bölegi Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň baş binasynda geçirildi.


Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk işgärlerine, hasyl ussatlaryna hem-de Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda milli Liderimiz bu baýramyň umumymilli derejede geçirilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigini belledi. Bu baýram halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen döreden baýlygynyň, bereketli topraga bolan söýgüsi esasynda ýetişdirilen bol hasylyň buýsanjyny alamatlandyrýar, onda milletimiziň ruhy gymmatlyklary we ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.


Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda şeýle hem oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly çözgütler azyk bolçulygynyň döredilmegine, Türkmenistanda ýetişdirilýän ýokary hilli önümleriň eksportunyň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir diýip belledi. Oba zähmetkeşleri döwlet tarapyndan özleri baradaky alada yhlasly zähmeti, bereketli türkmen topragynda bol hasyly ýetişdirmek hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşmak bilen jogap berýärler.


Baýramçylyk dabarasynyň münberinden şu ýyl has ýokary netije görkezen öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň atlary yglan edildi. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri hakyndaky aladasy, ekerançylaryň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertlere tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, özleriniň täze zähmet ýeňişleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.


Paýtagtymyzyň Atçylyk sport toplumyndaky dabaralar Hasyl toýy mynasybetli guralan at çapyşyklary bilen dowam etdirildi. Çapyşyklaryň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.


Sungat ussatlarynyň konserti Hasyl toýuna aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz çykyşlarynda ekerançylarymyzyň asylly zähmetini, ýurdumyzyň we halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten belent sepgitlerini wasp etdiler.