Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi


2016-njy ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri özlerine ynanylan ýerlerde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gyş möwsümine hem-de Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.


Wideoşekilli iş maslahatynyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew sebitde alnyp barylýa işleriň barşy, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň örän möhümdigini belläp, ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyşyň gelmegi bilen welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw we çagalar edaralarynyň ýyladyş ulgamlarynyň, elektrik energiýasy hem-de tebigy gaz bilen üpjünçilik meseleleriniň ýokary derejede bolmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hasyl toýuny we milli senenamamyzdaky beýleki baýramçylyklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini bellemek bilen, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda maldarçylyk hojalyklarynda mallary göwnejaý gyşlatmak, şeýle hem ýyladyş ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim öňde boljak baýramçylyklara görülýän taýýarlyk barada habar berdi.  


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çärelere ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak işine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeý hem mallary gyşlatmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.


Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny aýratyn belledi.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, olaryň depginini güýçlendirmek, binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny we ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşyky meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.


Wideoşekilli maslahat Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol galan pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, güzlük bugdaýa ideg etmek, tehnikany geljekki möwsüme taýýarlamak, mallary dok we ýyly gyşlatmagy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk görmegiň barşy, Hasyl baýramynda göz öňünde tutulýan medeni maksatnama we baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada habar berdi. 


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda işleriň depginlerini hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler babatynda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz häkime sowuk howanyň aralaşmagy bilen baglylykda bökdençsiz energiýa we gaz üpjünçilik meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 


Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl baýramy we Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünçi çekdi.


Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin çäreler, şeýle hem mallary dok we ýyly gyşlatmak maksady bilen maldarçylyk hojalyklaryny abatlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň ýolbaşçysy durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda welaýatda alnyp barylýan işleriň hem yzygiderli häsiýete eýe bolmaldydygyny hem-de iş ýüzünden oňyn netije bermelidigini, munuň üçin bolsa ähli degişli düzümleriň utgaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigini belläp, häkime häzirki döwürde oba hojalyk toplumynda, aýratyn-da maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün etmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň möwsümleýin talaplara laýyk derejede işledilmelidigini, elektrik energiýasyny we tebigy gaz bilen üpjünçilik meselelerinde bökdençliklere ýol berilmeli däldigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Hasyl baýramyna, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.


Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerlerde geçirilýän agrotehniki çäreler, ekerançylyk meýdanlaryny we tehnikany geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça görülýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda şeýle hem öňde boljak baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasy barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem degişli düzümleriň ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň ýyladyş üpjünçiligi boýunça işleriň göwnejaý ýola goýulmagy babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Hasyl baýramyna, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.


Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy, milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini mundan  beýläk-de abadanlaşdyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şanly senelere gabatlanyp meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ähli babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, Aşgabady bogy-bossanlyga öwürmek, onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, şähertň inženerçilik-tehniki düzümleriniň, şol sanda ýylylyk, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek dabaralara we halkara çärelerine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda mynasyp orny alandygyny we ýurdumyza gelýän myhmanlarda iň ýakymly duýgulary galdyrmalydygyny belledi.


Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow çagyryldy, ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek hem-de pagtanyň galan hasylyny ýygnap almak, tehnikany möwsüme taýýarlamak işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyny ösdürmek, obasenagat toplumynyň önümçilik binýadyny pugtalandyrmak we pudagyň kärhanalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de mynasyp dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyryp, ýer kadastrasyny taýýarlamak boýunça işleriň tizleşdirilmegini talap etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.