Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ulag syýasaty boýunça maslahat geçirdi


2016-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata taýýarlyk görmek meseleleri hem-de transmilli polat ýolunyň - “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça toparlaryň agzalary bilen maslahat geçirdi. Maslahata Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.


Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, noýabr aýynda geçiriljek halkara ähmiýetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly myhmanlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň geljekdigini aýtdy. Biz öňde boljak maslahaty hem-de açylyş dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerýän Bitarap Türkmenistan BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze Ählumumy ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy. Degişli ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň bu toplumlaýyn meýilnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen Bütindünýä sammitinde biragyzdan kabul edildi.


Şol sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu uzakmöhletleýin maksatnamany amala aşyrmakda ileri tutulýan garaýyşlaryny we çemeleşmelerini beýan edip, anyk teklipleri öňe sürdi. Şol teklipler halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda şol başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda BMG durnukly ösüşiň dürli ugurlary boýunça degişli işleri geçirýär. Şonda ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak möhüm şertleriň biri bolup durýar.


Şol maksatlardan ugur almak bilen, şu ýylyň noýabrynyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmek meýilleşdirildi. Bu giň gerimli foruma toplumlaýyn esasda we ýokary derejede taýýarlyk görmek maksadynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen degişli guramaçylyk komiteti döredildi.


Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda görülýän anyk çäreler barada hasabat bermek bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamenti hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi bilen bilelikde maslahatyň maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Forumyň maksatnamasynyň deslapky taslamasy boýunça işleri geçirmek dowam edýär, oňa umumy mejlislerden we ýöriteleşdirilen maslahatlardan başga-da, tanyşdyryş çärelerini, halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri girizmek göz öňünde tutulýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine we deňagramlylygyna gös-göni täsir edýän bu ulgamyň dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridigini belledi. Türkmenistan degişli ugurda halkara gatnaşyklarynda, şol sanda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarda işjeň orun eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde, transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli düzüm taslamalary amala aşyrýar.


Ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleri munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda degişli kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 


Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi derejesiniň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Biziň ýurdumyz bu ugurda bar bolan uly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga çalşyp, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Bu çäreleriň hemmesi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal ýük daşamalarynyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezlerini döretmäge ýardam etmelidir. Munuň özi gadymy Ýüpek Ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmeginde we onuň netijeli peýdalanylmagynda has-da ähmiýetlidir. 


Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülip, olaryň çäklerinde degişli ugurda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri kesgitlenildi. Şol çäreleriň arasynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen üstaşyr-ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty bar. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, türkmen paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmek hakynda çözgüdiň dünýäde eziz Watanymyzyň abraýynyň artýandygynyň, Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhümdiginiň we zerurdygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz bu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm goşant goşjak maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu maslahata taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, degişli meseleleri düýpli işläp taýýarlamak we öz wagtynda çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyndaky döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi baradaky mesele Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowyň hasabatynda dowam etdirildi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň-Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň gurluşygynyň alnyp barlyşy hem-de onuň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.


Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda kömekçi düzümleýin desgalary, şol sanda iki köprini goşmak bilen, demir ýoluň bu böleginde gurluşyk gurnama işleri tamamlandy. Desganyň açylyş dabarasynyň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky medeni-köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerinde taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň, şeýle hem Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Ol Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy üç goňşy ýurduň umumy döredijilik maksatlaryna laýyk gelýän dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr diýip belledi. Şeýle hem bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, goňşy ýurdy sebit we halkara hyzmatdaşlygyna giňden çekmäge ýardam eder.


Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip, häzirki wagtda sebit we sebitara gatnaşyklarynyň düzümlerini ösdürmegiň giňişlik görnüşdäki nusgasynyň esasy hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmek wezipesiniň barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary we içeri ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdylanda bolsa, munuň özi üýtgewsiz parahatçylyk döredijilikli ugurdyr, Merkezi Aziýada sebitleýin ýakynlaşmadyr, Ýewropanyň we GDA-nyň döwletleri bilen hyzmatdaşlykdyr, beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklardyr.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze desgalaryň açylyş dabarasynyň guramaçylyk-tehniki taýdan taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Maslahaty hem-de ýokary derejeli beýleki möhüm çäreleri beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berildi. Habarlary dessine ýaýlyma bermegiň hem-de beýleki media ulgamynyň barha artýan ähmiýetini nazara alyp, habar beriş serişdeleriniň adaty ornuny üýtgetmegiň açylýan mümkinçiliklerine garaldy.


Soňra hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bu gündogar sebitinde hem uly oňyn özgertmeleriň bolup geçendigini belledi. Welaýaty toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, hökümetiň birnäçe kararlary kabul edildi, şolaryň netijesinde ýokary durmuş-ykdysady görkezijiler gazanyldy. Şoňa görä-de, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bu böleginiň açylmagy ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz bu babatda Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine birnäçe görkezmeleri berdi. 


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meselesine ünsi çekip, uzakmöhletleýin geljek nazarda tutulyp, öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynyň öz belent derejesine laýyklykda hemme babatda nusgalyk bolup, Watanymyzyň ähli sebitlerinde özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermelidigini nygtap, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli bolmagyny we öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


Maslahaty tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleriň çözülmeginde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Döwlet Baştutanymyzyň maslahatda beren tabşyryklaryny we görkezmelerini umumylaşdyrmak bilen, olaryň XXI asyryň geoykdysady kartasynda has ähmiýetli orny eýeleýän Türkmenistanyň ulag strategiýasyny has-da ilerletmäge gönükdirilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň halkara ykdysady we daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýük gatnadylmagynyň möçberleriniň artmagyny şertlendirýär. Ýük gatnadylmagynyň amala aşyrylmagynda döwletimiziň ähli hereket edýän hem-de täzeden ýokary depginlerde döredilýän iri gatnaw ýollary, şol sanda ýurduň ulag ulgamynyň strategiki bölegi bolan Türkmenbaşy şäheriniň deňiz porty giňden peýdalanylýar.


Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem ösdürilmeginde port işiniň ähmiýetini has hem ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan ugur almak bilen, port infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada taslama işläp taýýarlamak hakynda,ýagny geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak we ýurdumyzyň logistika ulgamyny, ulaglaryň ähli görnüşleriniň kuwwatyny çekmek arkaly diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň «deňiz derwezeleri» bolan Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara potuny gurmak baradakybaşlangyjy öňe sürdi.


Bu iri göwrümli desganyň 2013-nji ýylda düýbi tutuldy. Şol wagtdan bari bu taslamanyň amala aşyrylyşyny birnäçe gezek Milli liderimiziň hut özi barlady. Munuň özi bu taslamanyň strategik derejesini aýdyň görkezýär.  


Şonda Milli Liderimiz, bu ýerde deňiz, demir ýol we awtomobil ulaglaryny özara baglanyşdyrjak multimodal merkeziň, şeýle hem portuň bäsleşige ukyplylygyny we ýükleri ýerleşdirmek boýunça hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän logistika hyzmaty ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berdi. 


Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän, Türkmenistanyň logistika strategiýasy taryhy mazmuna eýedir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri, halklary, yklymyň ýurtlaryny birleşdirýän esasy söwda ýollary, adamzat ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan, Gündogar bilen Günbatary özara baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly ýurdumyzyň çäklerinden geçipdir.


Bu gün Türkmenistan özüniň ulag-logistika hyzmatyny teklip edip, dünýä bazaryna çykýar. Bu teklip möhüm ähmiýete eýe bolup, uly islegden peýdalanýar. Muňa, 2016-njy ýylyň başynda herekete girizilen täze halkara gatnawy- Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran boýunça gatnaýan otly hem aýdyň güwä geçýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ykdysady taýdan iňňän bähbitli ugry peýdalanmak, diňe bir ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem-de bolsa sebit boýunça söwda gatnaşyklarynyň ýokarlanmagyna itergi berer. Bu bolsa öz gezeginde yklymara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň başlangyjy bolup, soňky ýyllarda ýurtlaryň arasynda pese gaçýan haryt dolanyşygynyň tutuş dünýä ýüzünde ýokarlanmagyna ýardam berer.


Logistikanyň ösdürilmegine Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatyny amala aşyrmagyň ylmy-tehnologiki ugry hökmünde ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama ylmy- tehniki ösüşiň gazananlaryny, ulag gatnawyny kämilleşdirmekde takyk matematiki hasaplamalary göz öňünde tutmak bilen, iň täze, döwrebap guramaçylyk we usuly çemeleşmeleri ornaşdyrmak wezipesini öň hatara çykarýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bazar bäsleşigi şertlerinde, ykdysady bähbit, çykdajynyň peselmegi we ýük gatnawynyň tizligi esasy artykmaçlyk bolup durýar.


Iki aý mundan ozal açylan Aşgabadyň täze döwrebap Halkara howa menzili Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri ulag merkezi bolar. Döwrebap howa menzili sagatda bir ýarym müňden gowrak, has takygy, 1 müň 600 ýolagça hyzmat eder. Onuň ýük terminal bolsa ýylda 200 müň tonna ýükleri geçirmäge ukyplydyr.


Halkara howa menziliniň gurluşygy Türkmenabat şäherinde hem alnyp barylýar: ol sagatda 500 adama hyzmat etmäge ukyplydyr. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara howa menzili hem möhüm orun eýeleýär. Ol sagatda 800 ýolagçyny kabul etmäge ukyplydyr. Howa menzilleriniň düzümine şeýle hem sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Daşoguzdaky howa menzili hem-de sagatda ýolagçylaryň 550-sine hyzmat edýän Marydaky howa menzili girýär.


Döwrebap howa menzilleriniň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmeginiň hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň, halkara söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň we işjeňleşdirmeginiň möhüm şerti bolup durýar.


Häzirki ýagdaýlardan ugur alyp, Türkmenistan häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň öz maksatnamasyny işläp taýýarlady. Onuň esasy maksady dünýä giňişliginde ylmy taýdan esaslandyrylan we bu ulgamda köpugurly hyzmatdaşlygyň täsirli nusgalaryny ilerletmekden, halkara ulag-üstaşyr gatnawlarynyň netijelliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan degişli şertleri döretmekden ybaratdyr. 


Bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde demir ýol ulagyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wajyp pudaga ägirt uly üns bermegi demir ýol ulagynyň köpugurlylygy hem-de ygtybarlylygy, özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagynda ýükleriň ähli görnüşlerini daşamaga ukyplylygy hem-de Türkmenistany iri logistiki merkeze öwürmek üçin çäk mümkinçilikleriniň bolmagy bilen şertlendirilendir. Bu logistiki merkez özüne Ýewropa-Aziýa ugurlary boýunça esasy ýollary birleşdirip biler.


Strategiki hyzmatdaşlar we goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň däp bolan ileri tutulýan ugurlaryndan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň döwletleri bilen özara gatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerini içgin öwrenýär. Hakykatdan hem, bu sebit halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamy üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde dünýäniň köp meselelerini çözmäge täsir edýän şertler jemlenendir. Dünýäniň oňyn proseslerine işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan hem deňagramly, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasyny döretmäge saldamly goşandyny goşýar. Muny Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň taslamasy hem tassyklaýar.


Bu polat ýol ýükleriň Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogary amatly hem-de tygşytly daşalmagyny üpjün eder. “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamy bilen, ýagny, Hazaryň üstünden geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa transkontinental ugur bilen birikmek mümkinçiligini nazara almak bilen, täze polat ýoluň ulanmaga berilmegi uly ähmiýete eýe bolýar.


Munuň özi ýükleriň daşalmagynyň we ýolagçylaryň gatnadylmagynyň geografiýasyny giňeltmek we möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde, GDA, ŞHG-a agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde hem-de beýleki ýokary derejeli forumlarynda öňe süren başlangyçlary täze ýagdaýlary we häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Onda Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.


2011-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman täze halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi türkmen Lideriniň oňyn teklipleriniň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Bu geçelge Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogaryň döwletlerini baglanyşdyrar.


Ýol-ulag düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň tutuş taryhynda häzirki döwürdäki ýaly awtoulag ýollaryny gurmak hem-de olaryň dürkuny täzelemek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylmandygyny tassyklamak bolar.


Ýurdumyzyň tutuş çäginden geçýän Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap awtoulag ýollarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi olaryň esasy aýratynlygydyr. Bu ýollaryň ugry boýunça inženerçilik desgalarynyň-häzirkizaman ulag çatryklarynyň, köprüleriň we estakadalyň onlarçasy gurulýar, olar awtomobil ýollarynyň geçirijiligini artdyrmaga, suw sillerine garşy goragy hem-de hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.


Uzynlygy 564 kilometre deň bolan Aşgabat-Türkmenbaşy häzirkizaman awtomobil ýoly halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýär, ol gatnaw üçin elektron töleg ulgamy hem-de wideogörnüş arkaly gözegçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, şeýle hem ýoluň ugrunda dynç alyş zolaklary we ýangyç guýujy beketler gurnalar.


Bir söz bilen aýdylanda, awtomobil ýa-da demir ýol ulaglary, howa we deňiz ulaglary-bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri döretmäge ýardam berýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň logistika konsepsiýasynda milli aragatnaşyk hemrasy ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär. 2015-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hyzmatdaşlygyň aragatnaşyk köprülerini işjeň çekmek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.


Milli kommunikasiýa ulgamynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede we maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän görnüşde ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada esasy birleşdiriji, Gündogaryň we Günbataryň arasynda örän möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ykrar edilmegine ýardam berýär.  


Şeýlelikde, Türkmenistanyň logistika strategiýasy pudagyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň hil taýdan täze ösüşini, olaryň utgaşykly işlemegini we haryt akymynyň hereketini sazlamagy kesgitleýär.


Türkmenistanyň yklymyň ýollarynyň kesişýän çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň milli mümkinçiliklerini ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu konsepsiýany öňe sürmek bilen, häzirkizaman köpugurly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny hem-de onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine we ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendigini nygtaýar.