Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Awazada VIII Halkara maýa goýum maslahaty açyldy


2016-njy ýylyň 9-njy noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde VIII Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna we kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşýarlar.


Onuň açylyş dabarasyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky işewür duşuşyga gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigi bellenilýär. Dürli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir. Şeýle hem milli Liderimiziň Gutlagynda döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly we ygtybarly bolmagynyň maýa goýum işjeňlliginiň artmagyna ýardam berýändigi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goragly bolmagyny üpjün edýändigi bellenilýär.


Umumy mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesi we geljekki ösüşiň möhüm meýilnamalary barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan daşary syýasat ugrunyň dünýäniň dürli döwletleri, öňdebaryjy kompaniýalary, iri önüm öndürijileri we abraýly maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýändigi barada gürrüň berilýär. 


Maýa goýum forumynyň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň binýadynda maýa goýum-täzeçil gatnaşyklaryň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu ulgamyň artýan kuwwaty bäsdeşlige ukyply eksport ugrunyň ösdürilmegine, kärhanalaryň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylymagyna hem-de döwrebap önümçilikleriň döredilmegine esaslanýar. 


Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde köp ugurlar boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Daşary ýurtly işewürler ýurdumyzyň yzygiderli we maksatnamalaýyn esasda öňde goýýan wezipelerine dogry düşünip, onuň bazarynyň ýagdaýy bilen tanşyp, ynanylan wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşýärler. Sebit we halkara maliýe guramalarynyň bilermenleri ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda durnukly makroykdysady görkezijileriň gazanylýandygyny nygtap, munuň durnukly we amatly maýa goýum şerti bolan ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýändigini belleýärler. Bu bolsa Türkmenistanyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.


Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagaty okgunly ösdürilýär, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy berilýär. Hormatly Prezidentimiziň  öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty we daşary ýurt maýalarynyň ägirt uly möçberiniň çekilmegi halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ýokary netijeleri gazanmagyny üpjün edýär.


Foruma gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleri --Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ergin Goksun, ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlygy departamentiniň Türkmenistan boýunça sebit direktory Kritofer Miller, Türk-türkmen işewürler geňeşiniň başlygy Halil Awçy, Bolgariýa-Türkmenistan Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetirij direktory Nikolaý Stratiýew we beýlekiler öz çykyşlarynda halkara forumyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzda daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin döredilen şertler hem-de ýeňillikler, senagatyň ähli pudaklarynyň çalt depginler bilen senagatlaşdyrylmagyna tarap alnan ugur, kiçi işewürligiň hem-de hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy daşary ýurtlaryň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.


Ýygnananlar bu çäräniň ähmiýeti barada aýdyp, forumyň giň maksatnamasynyň ykdysadyýetiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, aýry-aýry pudaklar, kompaniýalar we taslamalar üçin netijeli çözgütleri tapmaga, özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Wekilçilikli forum maýa goýum mümkinçilikleriniň hem-de bu ulgamda ýetilen belent sepgitleriň derejesini äşgär etmek bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewürler toparlary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.


Umumy mejlisiň çäklerinde türkmen ykdysadyýetiniň, hususan-da, gurluşyk toplumynyň, himiýa senagatynyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen maýa goýum amatlylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň wekilleri anyk tekliplere garamaga taýýardyklaryny tassyklap, ýurdumyzyň iri maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirkizaman tehnikasynyň we enjamlaryň iberilmegine gyzyklanma bildirilýändigini bellediler.


Ýurdumyzda Diýarymyzy maýa goýum taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Geljek ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda nebitgaz serişdelerini düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça iri desgalaryň gurluşygy, çig maly gaýtadan işlemek hem-de taýýar önümi çykarmak boýunça eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan senagat pudaklarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, oba hojalygynda we halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze iş orunlarynyň döredilmegi hem-de ilatyň ähli gatlaklary üçin ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi bellenilýär.


Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady netijeliligi, olaryň durmuş ähmiýeti  hem-de ekologiýa howpsuzlygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ygtybarly hem-de uzakmöheltleýin üstünlik gazanmagy üçin has täsirli gurallaryň bilelikde çözgüdini tapmak netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Ösüşiň häzirkizaman tapgyrynda ýurdumyzyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagy hem-de innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde eksporta iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak anyk wezipe bolup durýar. Bu işler ýokary netijeli inženerçilik hem-de biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri, telekommunikasiýalaryň we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin täze giňişlikleri açýar.


Forumyň ilkinji iş gününiň ahyrynda ýygnananlar şeýle duşuşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze ugurlary kesgitlemekde oňat mümkinçilikdigini biragyzdan bellediler.


Netijeli ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maýa goýum düzümleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, şolaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi işjeň ara alyp maslahatlaşyldy.


Ertir Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy öz işini dowam eder. Garaşylyşy ýaly, forumyň ikinji gününiň çäklerinde ulag-aragatnaşyk pudagynda, logistika ulgamynda, bank işi, maliýe hyzmatlary hem-de ätiýaçlandyryş işleri boýunça ykdyasdy hyzmatdaşlygyň ýollary we gurallary anyklaşdyrylar.