Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmen  manadynyň 23 ýyllygy mynasybetli maslahatlar


2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pul birliginiň-manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygyna gabatlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysady ulgamyň düzümleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.


Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň, garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzda bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti, sebit we halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk barada çykyşlar edildi. 


Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank işgärlerine Gutlagy okaldy, onda milli puluň dolanyşygyna goýberilmeginiň ähmiýeti nygtalýar, munuň özi ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi, bitewi döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek üçin amatly şertler döretdi. 


Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň kemala gelmek ýolunda, döwletimiziň halkara bileleşiginiň özygtyýarly hem-de doly hukukly agzasy hökmünde mynasyp orun almagynda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi esasy şertleriň biri boldy.


Şol günden başlap, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda täze döwür başlandy. 23 ýylyň dowamynda manat diňe bir milli buýsanja öwrulmek bilen çäklenmän, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde, garasşyz, bitarap ýurdumyzyň kuwwatlanmagynda ägirt uly ähmiýete eýe boldy.


Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň netijeli milli nusgasyny döretmek boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär, ol şol bir wagtda ilatymyzyň durmuş derejesiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy, şeýle hem ol türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de okgunly ösüşini, onuň ählumumy hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagy üçin kesgitleýji häsiýete eýe boldy.   “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda banklaryň işini kämilleşdirmek, karzlaşdyrmagyň hem-de ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy usullary we häzirkizaman tehnologiýalary ulanmak arkaly tölegleriň nagt däl ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, pudagyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary üçin ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi, döwlete dahylsyz bölümiň bank edarasy tarapyndan maliýeleşdirilmegi hususy kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy.


Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, tutuşlygyna amala aşyrylýan oňyn özgertmeler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Häzirki wagtda ykdysady ulgamda, şol sanda maliýe serişdeleriniň dolanyşygyny kämilleşdirmekde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde düýpli özgertmeleriň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat goýuldy. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasy, onuň netijeliligi ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerinde, onuň mundan beýläk-de ösüş meýillerinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar.


Ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen mundan beýläk-de ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.  


Awaza, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Hazar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara süýşürintgiler güni hem-de türkmen manadynyň dolanyşygyna girizilmeginiň 23 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň bilelikde geçiren çäresine ýurdumyzyň karz edaralarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Maslahatyň gün tertibine maliýe statistikasynyň hem-de pul-karz syýasatynyň ähmiýeti, jemgyýetçilik süýşürintgileriniň maýa goýumlaryna öwrülmegi, pul dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu çäräniň esasy maksady ilatyň maliýe sowatlylygyny hem-de süýşürintgiler medeniýetini ösdürmegiň möhümdigi baradaky pikir alyşmalary geçirmekdir.  


Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň bilermenleri Mattias Wangler we Konstantin Panteleýew maslahatda çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu çäräni geçirmekde goldaw hem-de ýardam berendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Nemes hünärmenleri Germaniýanyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda ilkinji gezek Halkara süýşürintgiler gününiň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilýän bu çäräniň ähmiýetini bellediler.


Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, milli maliýe-karz ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň halkara ülňülerine laýyk getirilmegi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde, iri Ýewropa banklarynyň tejribeleriniň öwrenilmegi, maliýe ulgamynda dolandyryş usullarynyň häzirki zaman nusgalarynyň ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. 


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar. Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi milli Liderimiziň oňyn özgertmeleriniň makroykdysady strategiýasyna esaslanýar, munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze belentlige çykmaga mümkinçilik berýär.


Soňky ýyllarda iri möçberli milli maksatnamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda maliýe ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini öz içine alýar. Bank ulgamyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň çäklerinde bank amаllarynyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklary girizmek, karzlaşdyrmagyň hem-de ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda onlaýn-banking önümlerini hödürlemegiň hasabyna hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.


Geçirilýän çäreler netijesinde milli manat häzirki zaman elektron görnüşinde hem işjeň hereket edýär. Türkmenistanlylaryň “Altyn asyr” bank kartlaryny ulanmaklary bilen pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyr açyldy. Ýurdumyzyň raýatlaryna “Visa Eleсtron”, “Visa Сlassiс”, “Visa Gold” kart görnüşleri hyzmatlary, edara görnüşli taraplar üçin bolsa “Visa Business” karty hödürlenýär. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek, Internetiň üsti bilen petekleriň satyn alynmagy üçin “MasterСard” halkara töleg ulgamyny girizmek boýunça degişli işler geçirildi. Töleg kartlarynyň, şol sanda halkara töleg boýunça kartlaryň peýdalanylmagy pul serişdeleriniň saklanylmagy we toplanylmagy üçin has amatlydyr.


Özgertmeler işlerinde milli kanunçylygyň, şol sanda bank ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn orun degişlidir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu ulgamda hereket edýän halkara ülňüleri hasaba alnyp, kadalaşdyryjy–hukuk namalarynyň ençemesi işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda şu ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen hem-de goýumçylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, bank ulgamyna ynamyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.


Bellenilişi ýaly, geljekde ýurdumyzyň banklarynyň öňünde ägirt uly wezipeler, şol sanda islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan raýatlaryň pul serişdelerini çekmek boýunça möhüm işler durýar. Süýşürintgiler maliýe goraglylygyny hem-de ýokary durmuş derejesini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilata pul serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň usullaryny öwretmek, maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek zerurdyr, munuň özi geljekde banklaryň has ygtybarly karz alyjylaryň emele gelmegi hem-de munuň bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmaklaryna mümkinçilik berer.


Maslahatda edilen çykyşlarda soňky döwürde peýda bolan bank önümleri hem-de hyzmatlary düşündirmek, süýşürintgiler bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky baglanyşygy görkezmek, hususy maýa goýum maksatnamalarynyň we depozit önümlerini saýlamagyň ýörelgeleriniň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, goýumçylar üçin habar beriş çärelerini guramagyň hem-de geçirmegiň möhümdigine aýatyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropada öňdebaryjylaryň biri hasap edilýän nemes hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribesiniň ýurdumyzyň bank ulgamynyň hünärmenleri üçin örän gyzykly bolup durýandygy bellenildi.


Maslahatyň jemlerini jemlemek bilen, ýygnananlar Türkmenistanyň banklary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.