Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidenimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy


2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi, olara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ahalteke bedewleri halkara söýgüsine mynasyp bolup, asyrlaryň we köpsanly nesilleriň, üstünlikleriň we belent ýeňişleriň, zähmet sazlaşygynyň, belent ruhuň we döredijiligiň sazlaşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň saklanmagy we artdyrylmagy ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar.


Milli Liderimiziň yzygiderli alada etmegi netijesinde milli atçylyk pudagy täze derejelere çykdy, ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, ulgamy döwrebap derejede ösdürmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň görnüşlerini milli at çapyşyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.  Ahalteke bedewi dünýäde iň saýlama tohum atlaryň biri hökmünde meşhurdyr. Ol türkmen halkynyň buýsanjy we şöhratydyr. Ahalteke bedewleri özüniň köp müňýylyk taryhy, özboluşly beden gurluşy, owadanlygy, ýyndamlygy we çeýeligi boýunça diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä medeniýetiniň bahasyz hazynasy hasaplanylýar.


Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan halkymyz ony “behişdi bedew” diýip atlandyrýar. 2000 ýyldan gowrak ozal türkmen  bedewleri köp müňlerçe kilometr ýol aşyp, Beýik Ýüpek ýoluny geçipdirler. Şol döwürden bäri ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine goşgular, çeper sungatyň eserleri bagyşlandy. Meşhur heýkeltaraşlar daşlardan ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşbini janlandyrdylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde bedewler türkmen toýlarynda esasy orun eýeleýärler. Indi bu ýörelge halk arasynda asylly däbe öwrüldi.


Ir säherden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentldik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpetdagyň etegindäki bu ajaýyp künjege Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, daşary döwletleriň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ilaty we myhmanlar ýygnandylar. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen paýtagtymyzyň myhmanlary bar.


Dabaranyň başlanmagyna taýýarlyk işleri görüldi. Güýz şemalyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belentde pasyrdaýar. Toplumyň tutuş çägi dürli howa şarlary we güller bilen bezelipdir. Bu ýerde diňe bir at çapyşyklary geçirilmän, eýsem toplum sportuň hemmeler tarapyndan söýülýän milli görnüşi bolan atçylyk sportuny wagyz etmegiň we ösdürmegiň merkezi bolup durýar.


Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň joşgünly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň paýtagtyna we welaýatlaryna degişli folklor -sazly toparlary bar. Toplumyň çägindäki giňişlikde ýurdumyzyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyrylypdyr.


Döwlet Baştutanymyz ýolugruna göreş boýunça pälwanlarymyzyň – Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby, guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä birinjiliginde baýrakly orny eýelän Resul Döwlenow bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, ýurdumyzda birnäçe gezek baýrakly orunlary eýelän Şirmyrat Ataýewiň arasynda çekeleşikli tutluşygy synlady. Tutluşykda ýeňiş gazanan R.Döwlenowa ogşuk berildi.


Hormatly Prezidentimiz hemişe bolşy ýaly, hormatly ýaşululara aýratyn sarpa bilen garaýar. Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululary baýramçylyk bilen gutlap, olaryň hal-ýagdaýlary, iş-aladalary bilen gyzyklandy.


Aýlawyň girelgesiniň ýanynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlere we ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende göteren Arkadagymyza bagyşlanan aýdymly, tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.


Döwlet Baştutanymyz artistleriň çykyşlaryna tomaşa edip, atçylyk toplumynyň binasynda özi üçin niýetlenen ýere geçip oturdy.


Aýlawyň münberlerinde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar bar.


Ahalteke atçylygynyň taryhyny içgin öwrenýän, olara aýratyn gadyr goýýan, ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewleriň” wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän, şeýle hem Türkmenistanyň Ussat halypa- çapyksuwary diýen hormatly derejä mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli atçylyk sport ulgamynyň ösdürilmegi, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýär.


Dabarany alypbaryjy tutuş türkmen halkynyň adyndan Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we galkynmagynyň bähbidine köp ugurly iş alyp barýandygy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garasyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.


Soňra baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri dürli aralyklar boýunça geçirilen ýedi çapyşykda öz ýyndamlyklaryny görkezdiler.


Geçirilen birinji çapyşykda üçýaşar bedewler Türkmenistanyň Maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna degişli baýragy almak ugrunda 1800 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Örän çekeleşikli we gyzykly geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Symrug atly mele bedew bellenilen aralygy 2 minut 01,4 sekuntda geçip, brinji gelmegi başardy. Ony Ç.Ýazdurdyýew çapdy. Birinji çapyşykda ikinji orny Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meledon atly mele bedewi eýeledi. B.Agamyradowyň çapan bu bedewi bellenilen aralyga 2 minut 01,6 sekunt wagt görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Gaýrat bellenilen aralygy 2 minut 01,7 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orny mynasyp boldy. Ony I. Durdyýew çapdy. 


Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň goýan baýragy ugrunda ýaryşa goşulan üçýaşar bedewleriň menzili 2400 metr boldy. Bu çapyşykda ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli Ýetmek atly bedewi birinji gelmegi başardy. Ö.Ýalkabowyň çapan bedewi bellenilen aralyga 2 minut 39,1 sekunt wagt görkezdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň Garagum atly gara bedewi bu aralygy 2 minut 39,4 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Alsekil bolsa bellenilen aralygy 2 minut 40,1 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.


Uçünji çapyşykda saýlama üçýaşar bedewler Türkmenistanyň Söwda toplumynyň baýragy ugrundaky bäsleşige goşuldylar. Onuň menzili 2800 metr boldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Alçep bu aralygy 3 minut 08,5 sekuntda geçip, birinji geldi. Ony Y.Saparow çapdy. Y.Bekdurdyýewiň hojalygyna degişli Garaçaý atly gara bedew bellenilen aralygy 3 minut 08,6 sekuntda geçip, ikinji ýere düşdi. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Alsakar bu aralygy 3 minut 08,7 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orny eýelemegi başardy.


Bu günki bäsleşigiň dördünji çapyşygynda dört we ulyýaşar bedewler ýurdumyzyň Ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragy ugrunda 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Örän gyzykly geçen çapyşykda B.Begmedowyň çapan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli Jygalybeg atly bedewi ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 3 minut 06,8 sekuntda geçmegi başardy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişli Köpetdag atly al bedew bu aralygy 3 minut 08,7 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Üçünji baýrakly orna bolsa bellenilen aralygy 3 minut 09,5 sekuntda geçen Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Gerçek atly bedew mynasyp boldy. 


Bäşinji çapyşykda hem dört we ulyýaşar bedewler 2800 metr aralykdan goşuldylar. Türkmenistanyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň baýragy ugrundaky çapyşykda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Serkerde atly dor bedew ýeňiji boldy. Bellenilen aralygy 3 minut 13,5 sekuntda geçen bu bedewi E.Kiçigulow çapdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gurgun atly gara bedew bu aralygy 3 minut 15,3 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Ýurdumyzyň Baş prokuraturasyna degişli Gyrgaplaň bu aralygy 3 minut 15,6 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna düşdi.


Senagat toplumynyň baýragy ugrundaky çapyşykda hem dört we ulyýaşar bedewler 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Örän özüne çekiji çapyşyk bolan bu bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kemer bu aralygy 3 minut 11,4 sekuntda geçip, ýeňiji boldy. Ony B.Agamyradow çapdy. G.Kyýasowyň hojalygyna degişli Ülker atly dor at bellenilen aralyga 3 minut 11,5 sekunt wagt sarp edip, Y.Saparowyň çapmagynda ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Adalat minsirligine degişli Aknazar bu aralygy B.Amansähedowyň 3 minut 16,7 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orny mynasyp boldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugundaky jemleýji bäsleşikde dört we ulyýaşar bedewleriň menzili 2800 metr boldy. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan at çapyşygynyň has çekeleşikli geçen jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gökýaýla ýeňiji boldy. Bellenilen aralygy 3 minut 14,2 sekuntda geçmegi başaran bu bedewi B.Babaýew çapdy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Keýmirdon atly bedew bu aralygy 3 minut 14,3 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Jemleýji sapyşykda üçünji baýrakly orna Nebitgaz toplumynyň Baharly atçylyk toplumyna degişli Perhat atly gara bedew mynasyp boldy. Ol bu aralygy 3 minut 16,8 sekuntda geçdi.   Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy mynasybetli guralan çapyşyklaryň hemmesi örän çekeleşikli we gyzykly geçdi.


Çapyşyklaryň arasynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary we sazlary ýaňlandy. Olar belent owazy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler. Bagşylar dessanlardan, şol sanda şöhratly Görogly eposyndan Gyrat hakyndaky parçalary ýerine ýetirdiler. 


Köp asyrlaryň dowamynda türkmenler gaýduwsyz söweşijiler we ussat çapyksuwarlar hasaplanylypdyr. Häzirki döwürde täze taryhy döredýän halkymyz parahat toprakda bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Ahalteke bedewleri ozalkysy ýaly, halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bedewler özüniň ajaýyplygy, beden gurluşynyň sazlaşygy bilen halkymyzyň ruhuny göterýär we beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Munuň özi mähriban Yatanymyza bolan buýsanç duýgulary has-da pugtalandyrýan ýörelgelerdir. 


Türkmenistanda guralýan at çapyşyklarynyň we aýlawde geçirilýän beýleki çäreleriň ägirt uly meşhurlyga eýedigini aýtmak bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça atçylyk sportunyň konkur görnüşiniň goşulandygyny bellemeli. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy atçylyk sporty ýörelgeleriniň häzirki döwürde üstünlikli dowam edýändiginiň we onuň artdyrylýandygynyň subutnamasydyr.


Baýramçylyk çapyşyklary tamamlanandan soň hem Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi we ählumumy şatlyk-şagalaň dowam etdi.