Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy


2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl dolýar.


Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk dabaralary ruhubelentlik hem-de agzybirlik ýagdaýynda geçirilýär. Ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda taryhy senäniň hormatyna paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny, durmuş-medeni we senagat maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralary boldy. Şu günler ähli ýerlerde köp öwüşginli aýdym-sazly çäreler geçirilýär, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwaty öz beýanyny tapýar.


Şanly sene – bu hemişe aýratyn baýramçylykdyr. Ol ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemäge hem-de geljege nazar aýlap, giň möçberli işleriň nobatdaky tapgyrynyň başyny başlamaga, ösüşiň we täze mümkinçilikleriň nobatdaky basgançagyna galmaga mümkinçilik berýär.


 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň baýramçylygyň öň ýanyndaky mejlisinde çykyş edip we ýurdumyzyň çärýek asyryň dowamynda geçen ýoluna baha berip: “Berkarar Watanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy durnuklylygy hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etdi. Uzak möhletlere gönükdirilen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ösüşiň milli nusgasynyň durmuşa ukyplydygyny we netijelidigini subut etdi” diýip belledi.


Milli Liderimiziň bu sözlerinde düýpli özgertmeleriň many-mazmuny jemlenendir. Şol özgertmeler bolsa milletimiziň ruhy binýadyny, onuň taryhy tejribesini we mirasyny berkidip, täze döwrüň kuwwatly derýasy üçin giň akabany, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açdy. “Geçen taryhy ýolumyza tüýs ýürekden buýsanmak bilen, men Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bolan Türkmenistanyň iň täze taryhyna ajaýyp we şöhratly sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


 Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri ýurdumyzyň 25 ýyl mundan ozal saýlap alan Garaşsyzlyk ösüş ýolunyň dogrudygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şoňa görä-de, şu şanly sene biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biz diňe bir özygtyýarly döwletiň döredilen gününi däl, eýsem, asylly hem-de möhüm ähmiýetli işleriň ençemesinden emele gelýän täze ýeňişlerimizi baýram edýäris. Halkymyzyň agzybirligi we zähmetsöýerligi netijesinde bu taryhy işler uly üstünlige eýe boldy.


 Şoňa görä-de, biz Garaşsyzlyk gününi giň gerimde we uly we agzybir maşgala bolup belleýäris. Şu günler şanly waka mynasybetli dürli ýurtlardan Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar hem toý şatlygyny türkmenistanlylar bilen deň paýlaşýarlar.


Şu gün ýurdumyzyň baş meýdançasy hemmeleri baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Bu ýere müňlerçe adam ýygnandy.


Merkezi münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary bar.  


Ägirt uly baýramçylyk dabarasy harby ýörişden başlanýar.


Ol türkmen esgerleriniň ýokary taýýarlygyny hem-de ussatlygyny görkezdi. Häzirki wagtda olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirýärler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda berk durýarlar.


 Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykýar we awtoulagda Galkynyş köçesiniň ugry bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň ştandartyny saklap duran Hormat garawulynyň atly toparynyň ýörişi bilen dabaraly harby ýörişiň geçjek ýerine ugraýar.


 Bu ýerde, Garaşsyzlyk meýdançasynda milli goşunymyzyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň baş meýdançasyna ýygnananlaryň ählisini şatlyk hem-de buýsanç duýgusy gurşap alýar.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişiniň başlanmagyna ähli zadyň taýýardygy barada hasabat berýär.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, nyzama duran dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy goşun bölümleriniň öňünden geçip, olar bilen salamlaşýar. Öz nobatynda, harby gullukçylar Belent Serkerdebaşymyzy mübärekleýärler.


Milli Liderimiziň awtoulagy meýdançanyň merkezinde münberiň golaýynda saklanýar. Hormatly Prezidentimiz harby ýörişe gatnaşyjylara:


 -Salam, Watan goragçylary! – diýip ýzlenýär.


-Salam, Belent Serkerdebaşymyz! – diýip, harby talyplar, esgerler hem-de serkerdeler jogap berýärler.


Soňra hormatly Prezidentimiz döwlet münberine galýar.


Şol pursat harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm: “Belent Serkerdebaşa şöhrat! Garaşsyz Türkmenistana şöhrat! Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan! Ýaşasyn, baky sarsmaz türkmen döwleti! Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!” diýen şygary gaýtalaýarlar.


Ýygnananlaryň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.


Şondan soňra Garaşsyzlyk meýdançasynyň howa giňişliginden Türkmenistanyň Döwlet baýdagy paraşýutçylar topary tarapyndan düşürilýär. Şol pursat Döwlet baýdagymyzy taryplaýan goşgy setirleri aýdylýar. Şeýle hem şol wagt Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary münberiň Galkynyş köçesi tarapyndan nyzam ýörişi bilen Döwlet baýdagynyň düşüriljek ýerine gelýärler.


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri general-polkownik Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, Ýaragly Güýçleriň we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň başlanmagyna rugsat soraýar.


 Milli Liderimiz dabaraly ýörişi başlamaga rugsat berýär.


Esgerler, serkerdeler we harby talyplar “Ura!” diýip, üç gezek gaýtalaýarlar.


Soňra milli Liderimiz ýygnananlary hem-de olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny şanly sene – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlaýar.


Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler bilen mübärekleýärler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabarany açyk diýip yglan edýär.


Sagadyň dilleri 10.00 görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.


Meýdançada nyzama düzülen esgerler, serkerdeler we harby talyplar eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hem-de hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler.


 Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Taryhyň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ýurdumyzda baýdaga mukaddeslik hökmünde garalýar. Hormat garawuly batalýonynyň esgerleri dabaraly ýörişiň sazynyň astynda Döwlet münberiniň öňüne Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we milli Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny getirýärler.


Döwletimiz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ygrarlydygyny görkezýär. Bu Harby doktrina bolsa ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmelidir.


Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada laýyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, milli goşunymyzy iň täze harby tehnikalar we ýaraglaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek, ýokary hünärli serkerldeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.


Gadymdan bäri türkmen halkyna watançylyk, edermenlik we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Watana wepalylygyň, ýurdumyzy goramagyň, gahrymançylygyň beýik nugsasyny döreden ata-babalarymyzyň häzirki nesilleri ezizi Watanymyzyň öňündäki mukaddes borjuny abraý bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler. Türkmen esgerleri iň täze harby tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýärler, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejededigini görkezýärler. Şu ýylyň ýaz paslynda geçirilen görkezme harby-taktiki okuwlar hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.


Soňra dabaraly harby ýöriş bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň harby okuwçylary geçýärler.


Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini gowulandyrmak, kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de ýaş esgerleri ata Watanymyza çäksiz söýgi ruhunde terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby instituty we onuň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultet, Harby-deňiz instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty, Serhet instituty, Milli howpsuzlyk instituty, Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdepleri girýär. Şu ýyl bu ulgamyň üsti ýene-de bir okuw mekdebi - Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi bilen ýetirildi.


Bu okuw mekdeplerinde milli harby işgärleriň täze nesli kemala getirilýär. Olarda harby hünärmenleri taýýarlamaga, okatmagyň hiline we netijeliligine, hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap harby tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmagyň tärlerini ele almaga aýratyn üns berilýär. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen goşunynyň geljegi ygtybarly ellerdedir.


Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň iň gowy wekilleri-milli Goşunymyzyň serkerdeleri dabaraly ýörişden geçýärler. Olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirip, özleriniň Watan öňündäki harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýärler.


 Olaryň yzysüre Watanymyzyň asuda asmanynyň goragçylary bolan serkerde-uçarmanlar batalýonynyň göni hatarlary harby ýörişi dowam edýär.


Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörüşi milli Ýaragly Güýçlerimiziň Göreldeli harby orkestri dabaralandyrýar.


Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna Döwlet münberiniň öňünde bolup geçýän uly dabaralaryň dowamyny, däp boýunça, atlylaryň görkezme çykyşy açýar.


Dutaryň owazy astynda jigitleriň ikisi münberiň öňündäki meýdança ajaýyp bezelen ahalteke bedewini çykarýar.


Bu bedew behişdi gözelligini, aýaklarynyň ýeňil hereket edişini, at esbaplarynyň deňsiz-taýsyz ajaýyplygyny ýüze çykarýar. Arassa kümüşden guýlan ýaly owadan aty köpçülige görkezýärler. Watanymyzyň, tutuş türkmen halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz zähmeti üçin hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çuňňur, tüýs ýürekden hoşallygyň alamaty hökmünde döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan şöhratly tohumyň saýlama nesillerinden bolan bu täsin at sowgat berilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowgady kabul etmek üçin meýdança çykýar. Milli Liderimiz bedewiň ýanyna gelip, onuň boýnuna alaja daňýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary haýrana galdyryp, bedewe atlanýar hem-de ählumumy el çarpyşmalar astynda hormat bilen gezim edýär.


Ýurdumyzda milli baýramçylyklaryň hiç biri, hiç bir türkmen toýy, öňki döwürlerde bolşy ýaly, ahalteke bedewsiz geçmeýär. Ahalteke bedewi halkyň ynamdar hemrasyna, onuň ykbalynyň we ruhy dünýäsiniň nyşanyna öwrüldi. Bu gün ol türkmenleriň hakyky buýsanjydyr, milli taryhyň hem-de iň täze eýýamyň aýrylmaz arabaglanyşygyndan janly nyşandyr.  


Watanymyzy, bedewleri terbiýelemegiň we köpeltmegiň ajaýyp däplerini, at çapmak sungatyny, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygy gorap saklan türkmen halkymyzy wasp edýän goşgular ýaňlanýar. Şahyrana setirler meşhur seýislere hem bagyşlandy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň uly dogany ajaýyp ussat atşynas Aba Annaýew bar. Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine tüýs ýürekden söýgüsini siňdirip, olaryň abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmaga ägirt uly üns berýär.


Ahalteke atlarynyň 25-siniň uýanyndan çekip alyp barýan türkmen jigitleriniň ýörüşine atlylaryň üçüsi ýolbaşçylyk etdi. Bu görkezme çykyşynda Aba seýisiň hem-de onuň şägirtleri bolan Bajam Kowusyň we Annaguly Kiçiniň keşpleri janlandyryldy.


Ajaýyp atly ýöriş halkyň belent ruhuny we agzybirligini, täze maksatlara ýetmekde onuň jebisligini, ynamyny we aýgytlylygyny alamatlandyrýar.


Merdana çapyksuwarlaryň atyň arkasynda biri-biriniň eginleriniň üstüne münmek bilen ýerine ýetirýän hereketlerinde örboýuna galyp, türkmen Tuguny parladyp at çapmaklary bu maksatnamayň esasy bölegine öwrüldi.


Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralar millionlarça adamlary birleşdirip dowam edýär: onuň telewideniýe arkaly görkezilişi göni ýaýlymda ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan watandaşlarymyza paýtagtymyzda bolup geçýän bu pursatlary synlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki zaman telegörkezilişiniň hem-de Internet-aragatnaşyklarynyň mümkinçilikleri arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary hem türkmenistanlylaryň toý şatlygyny paýlaşyp bildiler.


Atly ýörişiň ornuna sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar geçýär. Gopuzyň jadylaýjy owazy tomaşaçylary öňki asyrlara atarýana meňzeýär, soňra depçileriň uly topary kuwwatly depgin berýär. Milli kakylyp çalynýan saz gurallarynyň köplügi bu ýere ýygnananlaryň kalbyna güýçli täsirli duýgulary doldurýar. Artistleriň ýörüşi başlanýar-meýdança Türkmenistanyň meşhur folklor-tans, teatr we beýleki döredijilik toparlary çykýarlar.


Bu çykyşyň goýluşynda gadymy türkmen elipbiýniň harplarynyň nusgasy bolan tagmalar şekillendirilen baýdaklar hem ulanylypdyr. Munuň özi tomaşaçylary türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň döwrüne atardy. Bu çykyşda Oguz hanyň keşbi hem janlandyryldy.


Milli zergärçilik sungatynyň öwüşginleri bilen bezelen sahnanyň basgançaklaryndan aşaklygyna baýramçylyk meýdançasyna düşüp, ol ata-babalarymyzdan nesillerimize hat bilen ýüzlenýär. Owadan gurnalan bu sahna depginli horeografiýa çykyşy bilen tamamlanýar.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenýän ýylynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi ýöne ýerden däldir. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň belent maksatlaryna, durmuşyň ýokary ölçeglerini berkitmäge, adamlaryň ruhy we döredijilik taýdan öz başarnyklaryny amala aşyrmak üçin şertler döretmäge tarap ugur alyp, esas goýujy milli maksatlaryň töweregine jebisleşip, biz şunda türkmen halkynyň taryhy tejribesinde bar bolan hemme gowy zatlary, däplerimizi we dessurlarymyzy, biziň miras diýip atlandyrýan ähli zatlarymyzy gorap saklaýarys we ösdürýäris.


Däpleriň täzelenişler bilen, nesilden-nesle aýawly geçirijiligiň täzeçillik we özgerdijilik bilen hut sazlaşykly utgaşmagy türkmen döwletliliginiň häzirki zaman tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygyny şertlendirdi. Taryhy miras ýurdy döwrebaplaşdyrmagyň, onuň ähli pudaklarda özgertmeleriniň iş ýüzünde ulanylýan serişdesine öwrüldi hem-de täze mümkinçilikleriň, geljekki meýilleriň özleşdirilmegi halkyň gadymy pelsepewi-ahlak gymmatlyklarynda, onuň ruhy sütünlerinde gurulýar.


Ýurdumyzyň baş meýdançasynda ençeme gezek gaýtalanýan “Arkadaga, şöhrat!” diýen sözler ýaňlanyp, ol ýene we ýene-de gaýtalanýar.


 Dabaraly ýöriş dowam edýär, şowhunly aýdym-sazlar we joşgunly tanslar oňa ajaýyp baýramçylyk ösüşginini goşýar. Ählihalk toýy türkmen topragyny gurşap aldy!


Ýurdumyzyň baş meýdaçasynda Mejlisiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri peýda bolýar. Ilkinji hatarlarda ähli welaýatlaryň hormatly ýaşululary, ak saçly eneler barýar.


 Adamlaryň hatarynda milli nyşanlar bilen bezelen ulag ýuwaşlyk bilen hereket edip barýar. Türkmenistanyň Tugrasy bilen Türkmenistanyň Tugunyň ýanynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny hem-de onuň binagärlik nyşany bolan Konstitusiýa binasy şekillendirilipdir. Ýörişiň ýany bilen alyp baryjy döwletiň ösüşinde jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary kanun çykaryjy edarasynyň, onuň raýat we jemgyýetçilik institutlarynyň alyp barýan işlerine neneňsi uly orun berilýändigi barada gürrüň berýär.


Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda aýratyn möhüm waka boldy.


Ýörişi Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri dowam edýär. Meýdançanyň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň owadanlygyny artdyran paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň gurluşlary, täze gurluşyklar, binalar şekillendirilip, owadan bezelen awtoulag geçýär. Paýtagtymyzyň keşbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli şäher gurluşyk maksatnamasy netijesinde düýpli özgerdi.


 Ilatyň ýaşaýşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek, adamlara häzirki zamanyň hemme eşretlerinden peýdalanmaga elýeterliligi üpjün edýän döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmek bu ähli özgertmeleriň baş alamatyna öwrüldi. Şu ýyl ajaýyp binagärlik açylyşlaryna beslendi. Şol açylyşlaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzili aýratyn orun tutýar. Ol hem Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilip, dünýä rekordlarynyň sanawynda türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň hataryny artdyrdy. Ak mermerli Aşgabada bagyşlanan şygyrlar belent heňde ýaňlanýar, ak howa şarlary asmana göterilýär.


Soňra ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň topary meýdança çykýar. Bu ulgama döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň öňdebaryjysy hökmünde aýratyn orun berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda başyny başlan düýpli özgertmeleri ony dünýä ölçegleriniň we talaplarynyň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hünärli işlgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ileri tutulýan döwlet wezipesi hökmünde kesgitlenildi.


Şol maksatlar bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary girizilýär, ýokary mekdepleriň ulgamy giňelýär. Şu ýyl Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyşy boldy, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap binalary ulanmaga tabşyryldy. Bularyň ählisi ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň esasyna öwürlen Türkmenistanyň bilim ulgamynyň kuwwatynyň has-da beýgelýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.


Bilim we ylym ulgamynda gazanylan üstünlikler awtoulagyň çeperçilik taýdan bezelen şekillerinde we nyşanlarynda beýanyny tapdy. Bu ýerde, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kitaplary görkezilýär. Ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, giň mümkinçilikleriň açylandygy üçin çuňňur hoşallygyny bildirýärler.


Soňra münberiň öňünden türgenleriň köpsanly topary geçýär. Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrak eýeleri bar. Ajaýyp sport toplumylary we stadionlar, Aşgabatda gurluşygy tamamlanyp barýan sebitde iň iri Olimpiýa şäherjigi bu gün olaryň ygtyýarynda. Aziada-2017-niň baş nyşany bolan atyň kellesi şekillendirilen Olimpiýa stadionynyň keşbi awtoulagy bezeýär. Onuň ýany bilen öňde boljak Oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň 62-siniň baýdaklaryny alyp barýarlar.


Milli sport hereketiniň ösdürilmegine hem-de bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ajaýyp goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýokary derejeli altyn medalynyň gowşurylmagy şu ýylyň ajaýyp wakasy boldy.


Aziada barada joşgunly aýdymyň ýaňlanmagynda sport egin-eşigindäki oňa gatnaşyjylar bedenterbiýe maşklarynyň öwüşginleri bolan tansy ýerine ýetirýärler. Köpdürli reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana uçurylýar.


Ykdysady düzümleriň, maliýe-bank ulgamynyň işgärleriniň ýörişi hem owadan görnüşlere beslendi. Olaryň bezeg serişdeleri Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depginini şöhlelendirýär. Bu bolsa halkyň durmuş-ykdysady derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge uly maddy serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Her ýyl aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylýar. Durnukly maliýe ulgamynyň, oýlanyşykly salgyt syýasatynyň netijesinde daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligi artýar.


Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Bu barada aýdylýan gürrüňler owdan ýörüşe laýyk gelýär.


Dabaraly ýörişiň iň owadan we giň bölegi, hemişe bolşy ýaly, çagalara – Watanymyzyň umyt-arzuwlaryna we geljegine berildi. Bu mowzugyň baýramçylyk bezelişinde üç ugry bölüp görkezmek bolar. Olar mylaýym gülleriň keşbinde beýan edilen alada we söýgi, ösen şahsyýetiň kemala gelmeginiň zerur bolan şerti hökmünde bilim we elbetde, çaga kalbynyň we oý-hyýallarynyň joşguny hökmünde arzuwdyr. Uzaklara ymtylan bedewler arzuwlaryň hasyl bolmasyna öwrüldi.


Ýurdumyzyň baş meýdançasynda iň oňat çagalar döredijilik toparlary, ýaş zehinler we kiçijik artistler şowhunly tansly çykyşy ýerine ýetirýärler, bagtyýar çagalyk we söýgüli Watanymyz, dostluk we arzuwlaryň hasyl bolmagy baradaky şatlykly aýdym ýaňlanýar.


Olara-ata-babalarymyzyň parasatly däplerini we öwüt-ündewlerini dowam etdiriji ýaşlara biz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň geljekki ykbalyny ynanýarys. Şoňa görä-de, döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň iň döwrebap, ýokary hilli bilimleri ele almaklary, üstünlikleri gazanmaklary, erkin we bagtyýar ýaşamaklary, döredijilikli we ylham bilen zähmet çekmekleri üçin hemme şertleri döredýär we döreder.


Gazallara häsiýetli bolan ýaňlanan küştdepdi mukamy ýörişe gatnaşyjylary – ululary hem, çagalary hem agzybirlikli tansa jemledi. Bu tans halk agzybirliginiň ruhuny iň oňat derejede beýan edýär. Onuň döredijilikli maksady, hemmelere täsir eden kuwwatly güýji şatlyk we ruhubelentlik paýlaýar.


Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky şanly dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Watanymyza we Garaşsyzlygymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazly, tansly çykyş bilen tamamlanýar.


Baýramçylyk dabaralary bolsa tutuş ýurdumyz boýunça, ähli şäherlerde we obalarda dowam etdi.


 Şu gün agşamara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdaçada Garaşsyzlyk güni mynasybetli konsert çykyşlary boldy. Bu ýere paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar.


Dabara aýdym-saz sahnasynyň ýyldyzlary, ussat we ýaş estrada ýerine ýetirijileri, şol sanda “Ýaňlan, Dyýarym!-2016” bäsleşiginiň ýeňijileri, “Aşgabat” orkestri, “Serpaý” we “Laçyn” folklor toparlary, “Meňli” we “Näzli” tans toparlary, “Läle” gyzlar topary hem-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory gatnaşdylar.


 Garaňky düşmegi bilen baýramçylyk salýutynyň gümmürdileri ýaňlandy we gijeki asmanda “Älem” merkeziniň syn ediş ägirt uly çarhynyň depesinde müň dürli reňkli öwüşginler peýda boldy. Garaşsyzlyk güni mynasybetli feýerwerkler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde hem gijeki asmany bezedi.


Hemme ýerlerde baýramçylyk gutlaglary we:


Mukaddes Garaşsyzlyga şöhrat!


Arkadaga şöhrat! Öňe!


Diňe öňe, jan Watanym-Türkmenistan! diýen şygarlar dabaraly ýaňlandy.