Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


2016-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen täze ýaşaýyş toplumynyň açylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi.


Täze jaýlaryň açylyş dabarasy Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we G.Ezizow köçeleriniň aralygynda boldy.  Bu ýerde iki hatarda ak mermerli belent jaýlaryň - 12 gatly 44 we 66 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si peýda boldy. Olar birinji gatlarynda senagat we azyk harytlary dükanlary bolan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlardyr, şeýle hem bu ýerde täze jaýlaryň ýaşaýjylary üçin 160 orunlyk çagalar bagy guruldy.


Ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi hem-de onuň ýaşaýjylarynyň sanynyň artmagy göz öňünde tutulyp, işlenip taýýarlanylan durmuş ähmiýetli bu taslamanyň tanyşdyryş dabarasy iki ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny 2014-nji ýylyň iýul aýynda geçirildi. Şonda döwlet Baştutanymyz täze gurluşyk taslamalarynyň çyzgylary bilen tanşyp, binagärlik pikirlerini amala aşyrmak hem-de adamlar üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça gymmatly görkezmelerini bermek bilen, paýtagtymyzyň ähli gurulýan täze desgalarynda ýokary hilli, häzirki zaman, iň ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we gözellik nukdaýnazaryndan ýokary talaplara laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny belledi.


Milli Liderimiz öňdebaryjy gazanylanlaryň, innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Muňa häzir Türkmenistanyň ähli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan senagat, durmuş-medeni, ulag-aragatnaşyk we beýleki ähmiýetli desgalar, şäherleriň we obalaryň häzirkizaman düzümleriniň kemala getirilmegi ajaýyp subutnamadyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy iň ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. Diňe düýnüň özünde paýtagtymyzyň Täze zaman täze ýaşaýyş toplumynda oňaýly kottejleriň ýene-de 443-si gurlup ulanmaga berildi, bu gün bolsa şäheriň beýleki böleginde üç, dört we bäş otaglary bolan öýleriň 1320-sini özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky ugry açyldy.


Dabara mynasybetli şu gün ir bilen bu ýere hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de hatarynda daşary ýurtly işewürler bolan köpsanly myhmanlar ýygnandylar.


Hemmeler bu ýere gelen milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar, milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Çagalar döwlet Baştutanymyzy goşgy setirlerini aýdyp garşylaýarlar. Döredijilik toparlary, estrada artistleri baýramçylyk aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirýärler.


Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda milli Liderimiz ýaş türkmenistanlylar bilen bilelikde toý bagyny kesýär hem-de paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji tapgyrynyň desgalar toplumyny, şeýle hem töweregindäki ýerler abadanlaşdyrylan, döwrebaplaşdyrylan köçäni açýar. Şol pursat çişirilen köpsanly şarlar asmana uçurylýar.


Döwlet Baştutanymyz bina edilen desgalary gözden geçirip başlaýar. Ähli ýerde milli Liderimizi köpsanly aşgabatlylar şatlykly garşylaýarlar. Her binanyň ýanynda artistler, halk döredijilik toparlary çykyş edýärler. Aýdymlar we goşgular ýaňlanýar, türkmen halk däp-dessurlary beýan edilýän sahnalar görkezilýär. Dabaranyň myhmanlaryna däp boýunça duz-çörek hem-de bejeriji otlardan taýýarlanan çaý hödürlenýär. Bu ýerde öz gerekli serişdeleri bilen ýerleşen ýaş suratkeşler öz surat eserlerinde baýramçylygyň ýatdan çykmajak şu pursatlaryny şekillendirýärler.


Ýurdumyzyň käbir ministrlikleri we pudak edaralary täze gurluşyklaryň on üçüsiniň buýrujylary bolup çykyş etdiler. Jaýlaryň ýene-de 10-sy şäheri gurmagyň 14-nji tapgyrynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun berilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça we olaryň öz serişdeleriniň hasabyna guruldy. Desgalaryň ählisi diýen ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge barha işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň güýçleri bilen amala aşyryldy. Gurluşyga daşary ýurt kompaniýalarynyň hem biri gatnaşdy. Binalaryň taslamalary hem-de olaryň bezeg gurluşy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde işlenip taýýarlandy.


Şunuň bilen birlikde, desgalaryň ýanaşykly ýerleri abadanlaşdyryldy. Şol ýerlerde çagalaryň oýun meýdançasy, sport bilen meşgullanmak, medeni- köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar hem-de awtoulag duralgasy peýda boldy. Gül toplumlary, gök otlar ekildi, oturgyçlar, köçeleri ýagtylandyrýan yşyklandyryjylar oturdyldy. Binalaryň aýratynlygyna, dynç almak, gezelenç etmek we sport bilen meşgullanmak, ýaşaýyş toplumlary hem-de durmuş düzümleri üçin zolaklaryň sazlaşykly ýerleşdirilmegine örän uly üns berildi.


Mysal üçin, belent gatly  jaýlaryň birinji gatynda ýerleşen dükanlarda bu ýerden uzakda bolmadyk ýerdäki iri supermarkediň ýerleşendigini nazarda tutup, biri-biriniň üstüni ýetirýän we her bir öý, her bir maşgala üçin gündelik sarp edilýän harytlaryň ählisi bar.


Paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy köçeleriň sanlaşdyrylmagyndan başga-da, her bir jaýyň iň ýokarsynda öz adynyň ýazylmagy bolup durýar. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan “Gül - Bal” diýen şahyrana atly binanyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ulgamyň edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri, aýdymçylar we tansçylar garşylaýarlar.


Bu jaýda 66 öý bar. Olar otaglarynyň sany boýunça, ýagny üç otaglydan bäş otagla çenli tapawutlanyp, her görnüşinden 22-si bardyr. Mysal üçin, üç otagly öýüň 179 inedördül metr meýdany bar, dört otagly öý 216 inedördül metr meýdanly, bäş otagly öý bolsa 244 inedördül metre golaý meýdanlydyr. Bu desganyň taslamasyny düzmek we gurluşyk işlerini “Aktab” hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.


Birinji gatda dükanlaryň altysy, şol sanda dokma önümleriniň, çagalaryň we ulularyň egin-eşikleriniň, aýakgaplarynyň, mebel we haly önümleriniň, hojalyk we elektronika, azyk harytlarynyň dükanlary ýerleşýär.


Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşýan çagalar bilen bilelikde ak mermerli binalary bolan köçäniň ugry boýunça ýoluny dowam etdi. Her bir binanyň ýanynda köp adamly dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Jaýlaryň ýanynda täze jaý almak bagty miýesser eden maşgalalar köpsanly myhmanlara toý pişmelerini, dürli süýji nygmatlary, almadyr armytlary, tagamly üzümleri, datly gawunlary, erikleri we beýleki ir-iýmişleri hödür etdiler. Bularyň hemmesi daýhanlaryň asylly zähmetinden kemal tapan türkmen topragynyň nygmatlarydyr.


Ähli halklarda gadymy döwürlerden bäri täze jaýa girmek pursaty adam durmuşynyň möhüm wakasy hasaplanypdyr. Myhmanlar öý eýeleriniň hödür-kereminden dadyp, gapylaryny giňden açan öýlere girip gördüler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk boýunça öýleriň birine baryp gördi we täze jaý toýuny tutýanlaryň şatlygyny paýlaşdy. Daşary işler ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan bu jaýa daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem girip, özleriniň türkmen kärdeşleriniň ýaşaýyş derejesi bilen tanyşdylar.


190,98 inedördül metr meýdany bolan bu her biri 4 otagly 44 öýli ýaşaýyş jaýyny “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasy bina edipdir. Ol “Çaga” diýlip atlandyrylypdyr. Şunuň bilen baglylykda bu ýerde guralan baýramçylyk maksatnamasyna esasan ýetginjekler gatnaşdylar. Olar üstünde kompýuter goýlan mekdep partalarynyň ýanynda joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.


Döwlet Baştutanymyzyň olara goşulmagy çagalaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Olaryň “Arkadaga şöhrat!” diýen sesleri belent owazly sazlardan hem üstün çykdy.


Döwrebap ýaşaýyş  jaýyna göçüp gelmek bagty miýesser eden Muhammet Berdiýew ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýaş işgäri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen şertler, jaýyň bahasy we onuň beýleki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz dabara gatnaşýan myhmanlary nazara alyp, bu jogaplary iňlis diline terjime etmegi tabşyrdy.


Muhammediň maşgalasy dört adamdan ybaratdyr. Ol türkmen ilinde uly bolmadyk maşgala hasaplanýar. Maşgalabaşy 2011-nji ýylda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyny tamamlap, şol döwürden bäri Daşary işler ministrliginde işleýär. Onuň gelni “Türkmentelekom” edarasynda işleýär. Ogly 3-nji synpda okaýar, gyzy bolsa 2 ýaşynda.


Muhammediň göçüp gelen 4 otagly ýaşaýyş jaýynyň meýdanynyň 216 inedördül metrdigini bilip, dabara gatnaşyjylar onuň maşgala agzalarynyň sanyny köpeltmek üçin oňyn mümkinçiliginiň bardygyny nygtadylar.


Döwrebap ýaşaýyş jaýyny edinmek üçin Muhammet bankdan 30 ýyllyk möhlet bilen bir göterimi bolan ipoteka karzyny alýar. Şeýle hem oňa ýaşaýyş jaýynyň buýrujysy bolup durýan edaranyň işgäri hökmünde jaýyň umumy töleginiň 50 göterim möçberi aýrylýar.


Muhammet özüniň hasaplamalaryna görä, 30 ýyllyk alan karz serişdesini 22 ýylyň dowamynda doly üzüp biljekdigini aýdýar. Milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýyn döwlet syýasaty netijesinde aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň her ýylda 10 göterim ýokarlanýandygyny nazara alanyňda bu möhletiň has-da gysgalmagy mümkindir.


Daşary ýurtly diplomatlar özleriniň ýaş türkmen kärdeşiniň ýaşaýyş jaýlaryny synlap, onuň ýatylýan, çagalar otaglaryny, zalyny,  aşhanasyny görüp, bu öýüň ýokary hile eýedigini we onda döredilen şertleriň aňrybaş derejelere laýyk gelýändigini aýtdylar.


Öý eýeleri halkymyzyň ýaşaýyş –durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edilýän alada, aňrybaş amatly şertlerde täze jaýy edinmäge döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň we aňrybaş şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Öýüň körpeleri mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän goşgulary okap, hormatly Prezidentimiziň sowgatlaryna mynasyp boldular.


Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi döredilýän şertlere haýran galýandygyny belläp, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň adyndan şunuň ýaly dabaralara we şanly wakalara gatnaşmak ugrunda döredilýän mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.


Şeýle hem diplomat şeýle şertlerde türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ägirt uly belentliklere göteriljekdigini, adamlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlanyp, olaryň mähriban Watan üçin peýda getirjekdiklerine ynam bildirdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzyň öz watandaşlary hakynda yzygiderli alada edýändigini, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda amatly şertleriň döredilýändigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz ýaş öý eýeleri bilen hoşlaşyp, olara maşgala abadançylygyny arzuw etdi we ýaşlara özleriniň netijeli zähmetleri, ýaş nesilleri terbiýelemekde gazanýan üstünlikleri bilen  ene-atalaryny begendirmeklerini arzuw etdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän çaga oýnawaçlary dükanyna geldi. Şeýle hem bu ýerde gül, azyk harytlary dükanlary we gözellik salony hereket edýär.


Dükanda bar bolan harytlar, bu ýerde işgärler we alyjylar, şol sanda körpeler üçin döredilen şertler bilen tanşyp, milli Liderimiz çagalar oýnawaçlarynyň ähli görkezijiler babatda ekologiýa kadalaryna we arassaçylyk ülňülerine laýyk gelmelidigini, olaryň çagalaryň saglygy üçin howpsuz bolmalydygyny aýratyn belledi.


Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz çagalar üçin niýetlenen önümlerde Aziada 2017-niň esasy nyşanlarynyň öz beýanyny tapmagy babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent başly ýaşaýyş jaýlarynyň peýda bolan köçesi bilen ýoluny dowam etdi. Ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlarda halkymyzyň milli däpleri we toý dessurlary, jaý toýunyň hem-de maşgala ojagynyň dürli adatlary görkezildi.


Döredijilik toparlary we sungat ussatlary halk döredijilik äheňlerini, milli sungatyň öwüşginlerini we döwrüň ajaýyp keşbini özünde jemleýän şowhunly aýdym-sazly we tansly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.


“Sagdyn Bagtly” atly 66 öýli nobatdaky ýaşaýyş jaýy Merkezi banka degişlidir. “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti bu taslamanyň potratçysy bolup durýar. Binanyň birinji gatynda ýöriteleşdirilen dükanlaryň ençemesi – azyk harytlary, egin-eşik, penjire tutulary, mebel dükanlary we gözellik salony işleýär.


Öýleriň sanyna baglylykda meýdany boýunça dürli bolan 66 öýli şunuň ýaly jaý “Türkmennebitgazgurluşyk”  döwlet konserni üçin guruldy. Binanyň “Nebit Gaz”  diýen ady hem onuň pudak edarasyna degişlidigini habar berýär. Bu ýerde hem dükanlaryň 6-sy, şol sanda azyk dükanlarynyň 2-si açyldy. Şeýle hem hojalyk harytlar, mata, egin-eşik, durmuş elektronikasy satylýan dükanlar bar.


“Söwda”  atly 44 öýli ýaşaýyş jaýy Söwda-senagat edarasynyň buýurmasy boýunça “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Onda üç otagly öýleriň 22-si we  dört otagly öýleriň 22-si bar. Belent gatly her bir jaýda azyk harytlar dükanynyň ýerleşmeginden başga-da bu ýerde birinji gatda egin-eşikler we elektronika dükanlary işleýär, tikinçilik atelýesi enjamlaşdyryldy. 


Şunuň ýaly 44 öýli ýaşaýyş jaýy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin guruldy. Şu tapgyrdaky işlere gatnaşan ýeke-täk daşary ýurt  kompaniýasy-“Total inşaat”  türk kompaniýasy desganyň gurluşygyny alyp bardy. Jaýyň “Saglyk”  diýen adyna laýyklykda bu ýerde dermanhanalaryň ikisi, lukmançylyk enjamlary dükany hem-de dermanlyk ösümlikler dükany ýerleşdirildi.


Ýeri gelende aýtsak, şu günki täze binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda jikme-jik beýan edilýän türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan ýakymly çaýlar hödür edildi. 


Döwlet neşirýat gullugynyň buýurmasy boýunça “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan 66 öýli ýaşaýyş jaýy guruldy. Onuň “Medeniýet Sungat” diýen ýazgysy binany bezedi. Ýurdumyzda çykarylýan täze kitaplary satyn alyp boljak kitap dükany ýerli ýaşaýjylary özüne çeker. Mundan başga-da, binadan  çykman, onuň ýaşaýjylary birinji gatda azyk harytlaryny satyn alyp biler, mata saýlap biler hem-de egin-eşik tikmegi buýrup biler ýa-da taýýar görnüşini satyn alyp biler, şeýle hem haly satylýan dükan bar.


Bu binanyň ýanynda “Dürli ýaz”  hususy kärhanasy tarapyndan Senagat ministrligi üçin gurlan 66 öýli ýaşaýyş jaýy ýerleşýär. Onuň ýokarsyndaky “Dokma Senagat” diýen ýazgy ýurdumyzyň dokma we haly kärhanalarynyň ýokary hilli önümlerini satyn almak isleýänler üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde ýöriteleşdirilen balyk dükany, hojalyk we azyk harytlary dükanlary, şeýle hem gözellik salony bar.


Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça 44 öýli jaýlaryň bäşisi we 66 öýli jaýlaryň bäşisi guruldy. Bularda “Ojar Aziýa”, “Nusaý ýollary”, “Ajaýyp bina”, “Ýüpek ýol”, “Beýik bina”, “Altyn nesil”, “Ussat inžener”, “Berk ýol”, “Dürli ýaz” we “Aga gurluşyk”  hususy kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri potratçylar bolup çykyş etdiler.


Jemi ýaşaýyş jaýlaryň onusynyň birinji gatlarynda mümkin bolan dükanlaryň 50-si, şol sanda hoşboý ysly önümler, sport harytlar, saz gurallar, gap-gaçlar, awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, mebel, surat, moda egin-eşikleri, haly önümler, gurluşyk serişdeler, durmuş tehnikalary we beýleki dükanlar ýerleşdirildi. Fotostudiýa we dellekhana hem bar. Haýsy zadyň haýsy ýerde ýerleşýändigini ýaşaýyş jaýlarynyň atlaryndan ýatda saklamak bolar. Olar “Maliýe”, “Aşyk Mekan”, “Älem”, “Jahan”, “Ak Bugdaý”, “Arzuwly Halka”, “Melhem”, “Asuda Asman”, “Saýrak Bilbil”, “Ylham” diýen atlardyr. 


“Oba Hojalyk”  diýen ýazgy dessine Oba we suw hojalyk ministrligine degişli jaýy görkezer.  “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan 66 öýi bolan binada  dürli azyk we miwe içgileri bolan dükanlaryň altysy bolup, kiçi marketi emele getirýär. Bu ýerde täze çörek hem, gündelik peýdalanmaga we toý üçin zerur önümleri hem, ýurdumyzyň oba hojalyk öndürijileriniň miwe, gök  we beýleki önümlerini hem satyn almak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna laýyklykda häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän köp sanly azyk harytlary daşary ýurtlaryňky bilen mynasyp bäsdeşlik edýär we köp halatlarda hili hem-de bahasy boýunça olardan belentde durýar.


Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça 44 öýli belent gatly ýaşaýyş jaýyny “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy bina etdi. Bina degişlilikde “Şäher” diýen at berildi. Bu ýerde birinji gatda azyk we hojalyk dükanlary, onuň ýanynda egin-eşik we iş-okuw dolanyşygy üçin harytlar dükanlary ýerleşýär. 


Özüne çekiji ýazgylaryň biri “Gurluşyk - Binagär”  diýlip berlen atdyr. 66 öýli bu ýaşaýyş jaýy Binagärlik we gurluşyk ministrliginiň garamagyna degişlidir. “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň buýurmasyny “Ajaýyp gurluşyk”  hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.


Onuň birinji gatyndaky söwda bölümlerinde azyk, hojalyk harytlarynyň, egin-eşikleriň we beýlekileriň  giň görnüşi  hödürlenilýär. Toý lybaslary satylýan dükanda ajaýyp egin-eşikleriň nusgalary goýlupdyr.


“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň buýurmasy boýunça 66 öýi bolan ýaşaýyş jaýyny “Ösüş gurluşyk”  hususy kärhanasy gurdy. Jaýa “Ulag Menzil” diýen at berildi. Bu ýerde hem azyk, egin-eşikler, çagalar üçin harytlar, durmuş tehnikasyna degişli harytlar dükanlary ýaşaýjylaryň hyzmatynda.


“Gara Altyn”  diýen atly 66 öýi bolan ýaşaýyş jaýyny “Rysgally zähmet”  hususy kärhanasy Döwlet haryt-çig mal biržasy üçin bina etdi. Azyk önümler, egin-eşikler, dürli elektronika harytlary bolan dükanlardan başga-da, bu ýerde fotostudiýa we gözellik salony bar. Gül dükanyndan bolsa baýramçylyk çemenlerini we otag üçin ösümlikleri satyn almak mümkin. 


Täze binalar bilen tanyşlygy tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaý toýlaryny tutýanlary ýene bir ýola gutlady we mukaddes garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy garşylaýan Watanymyzyň paýtagtynyň taryhynda şanly sahypa bolan dabara geçirilýän pursatlarda olara uly üstünlikler arzuw etdi. 


Bu künjekde baýramçylyk ýörişi dowam etdi. Täze ýaşaýyş toplumynyň binagärlik -bezeg düzümi köçäniň ugrunda uzalyp gidýän bagy-bossanlygy döretmäge bölünip berlen zolaklar bilen bu ýerdäki giňişlikde sazlaşykly utgaşýar. Çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurnalypdyr, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin hem aýratyn ýerler göz öňünde tutulypdyr.


Paýtagtymyzyň beýleki ýaşaýyş toplumlary ýaly, bu toplum hem durmuş ulgamynyň desgalaryny özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda iň döwrebap, multimediýa enjamlary hem-de çagalara bilim, terbiýe bermek we olaryň sazlaşykly ösmegi, terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertlere we mümkinçiliklere eýe bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar bagy bar.


Şeýle hem toplumyň ýanynda iki mekdep we iki çagalar bagy, saglyk öýi, “Owadan” hyzmat ediş öýi bar. Olar şäheri gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň tapgyrynda açylyp, häzirki toplumyň golaýynda ýerleşýär. Bir ýyl mundan ozal ulanmaga berlen şol toplum özünde 30-dan gowrak, şol sanda dolandyryş binalaryň 12-sini we 638 öýi bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini özünde jemleýär. 13-nji we 14-nji tapgyrlar bilelikde 2 müňe golaý öýleri bolan belent gatly ak mermerli ýaşaýyş jaýlarynyň täze künjegini emele getirýär.


Şunuň bilen baglylykda, bu künjegiň golaýynda Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iri ýaşaýyş jaý toplumy emele geler. Ol ähli ölçegler babatda iň häzirkizaman ülňülerine laýyk geler.


Taslama laýyklykda esasan 72 we 48 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlary dürli pudak edaralarynyň buýurmalary esasynda bina ediler. Olaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni, Demir ýol ulaglary we Bilim ministrlikleri, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Oba we suw hojalyk ministrlikleri bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iri buýrujylaryň birine öwrüler. Birleşme öz güýji bilen we öz serişdeleriniň hasabyna belent ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da 3 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-syny, iki gatly kottej jaýlaryň 208-sini we 11 dükany gurup, ulanmaga berer.


Pes gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin paýtagtymyzyň günorta künjegindäki baýyrlyk ýerler bölünip berildi. Ol esasan köpugurly “Aşgabat” stadionynyň ýanynda bolar. Şeýle hem bu ýerde seýilgäh zolagyny we tennis kortlary gurmak meýilleşdirilýär.


Munda başga-da, paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde durmuş ulgamyna degişli beýleki binalar, şol sanda 160 orunlyk çagalar bagy, 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän orta mekdep gurlar. Şeýle hem bu ýerdäki seýilgäh zolaklarynyň durky täzelener. Bu künjekde ulag ýollarynyň 13,6 kilometrden gowragy çekiler.


Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň giň gerime eýe bolmagy netijesinde Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgala ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýärler.


Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bar bolan ýaşaýyş jaý toplumyny   döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda ýokary amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da kottej görnüşli jaýlar gurulýar. Bu bolsa adamlaryň diňe bir häzirkizaman talaplaryna däl, eýsem ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine görä laýyk gelýän oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny seçip almaga bolan mümkinçiligini artdyrýar.


Iri ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant goşýarlar. Şunlukda ýurdumyzyň gurluşyk pudagy işewürçilik babatda iň okgunly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi.


Ozalky ýyllarda Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna esasan daşary ýurtlaryň kompaniýalary gatnaşýan bolsa, soňky ýyllarda milli Liderimiziň üns, aladasy netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri özleriniň hünär derejelerini has-da ýokarlandyrdylar. Häzirki döwürde olar köp ugurlar babatda özleriniň daşary ýurtly kärdeşlerinden yza galmaýarlar, köplenç bolsa öňe geçýärler.


Paýtagtymyzyň we gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherleriniň baş bezegine öwrülen giň möçberli binagärlik toplumlary, döwrebap zawodlar we fabrikler, lukmançylyk, medeni we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriň, orta mekdepleriň täze binalary soňky ýyllarda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny äşgär edýär.


Mundan başga-da, Köşüde ýaşaýyş jaý toplumyny ösdürmek, Çoganlyda kottej jaýlaryny gurmak boýunça ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Aşgabadyň ýol-ulag düzümi, köp zolakly köprüleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Aşgabatda awtoulaglaryň yzygiderli ösmegi bilen, ulag duralgalarynyň sany artdyrylýar. Açyk we köp derejeli awtomobil duralgalary guruldy.


Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly taslama ýerine ýetirildi. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda energetika desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu iri taslamanyň çäklerinde elektrik geçirijileriň howa ulgamyny kabel ulgama çalşyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Munuň özi şäheriň howa elektrik geçirijilerini aýryp, ýokary geçirijilik ukyby bolan ýerasty kabelleriň ulanylmagyna mümkinçilik berýär.


Şeýle meseleleriň ähli ugurlary boýunça milli Liderimiz paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşi boýunça giň möçberli wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin bar bolan serişdeleriň ulanylmalydygyny, şäher düzüminiň dolandyryş guralynyň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini, jemagat hyzmatlary ulgamynyň ösdürilmelidigini, amatly we oňaýly şäher gurşawy döredilende ähli ugurlaryň nazara alynmalydygyny möhüm talap hökmünde öňe sürýär.


Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde gurluşygyň sazlaşykly ösýändigini, täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň döreýändigini bellemeli. Munuň özi Türkmenistanyň döredijilikli, öňdengörüjilikli we her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadanlygyny, bagtyýarlygyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň anyk netijeleridir.


“Gurmak we döretmek!” Bu sözler mähriban halkyny we ýurduny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň belentliklerine tarap öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň baş şygaryna öwrüldi.