Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi


2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, degişli Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini hem-de bu maksatlar üçin köp mukdarda serişdeleriň gönükdirilýändigini belledi. Türkmenistanda köpsanly döwrebap sport mekdepleri we desgalary gurulýar. Şol desgalaryň biri hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigidir. Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň we yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara hem-de altyn medallara mynasyp bolýarlar.


Hormatly Prezidentimiz sport dünýäsinde uly waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galandygyny, bu oýunlara taýýarlyk görmek bilen bagly edilmeli işleriň bolsa entek köpdügini aýdyp, maslahata gatnaşyjylara söz berdi hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Aziada-2017-ni wagyz etmek we beýan etmek meselesine aýratyn üns berdi.


Maslahatda ilki bilen V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy D.Gulgeldiýew 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hem-de oýunlary mahabatlandyrmak babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi. 


Hasabatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Wanuatu Respublikasynyň Port-Wila şäherinde gulluk iş saparynda bolundy. Şonda türkmen wekiliýeti oýunlary tanyşdyrmak çäresi bilen çykyş etdi.


Aziada-2017-ni guramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Duşuşyklaryň çäklerinde türkmen wekiliýeti tarapyndan oýunlary mahabatlandyrmak we dünýä ýaýmak maksady bilen, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň resmi saýtynda Aziýada-2017-niň oýunlary bilen bagly maglumatlary, wideorolikleri ýerleşdirmegiň teklip edilendigi we bu teklibiň kabul edilendigi habar berildi.


Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen “Sport Accord” halkara guramasynyň konwensiýasynyň we Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmak hem-de onuň çäklerinde Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gulluk iş saparynda boldular. Saparyň barşynda UEFA-nyň baş edarasynda onuň baş kätibi bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň baş edarasynda atly sportuň konkur görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meselelerine garaldy.


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä belli sport teleýaýlymlarynda wagyz etmek, Bütindünýä Olimpiýa hereketiniň žurnallarynyň her günki sanlaryna goşmak, dünýä belli sport žurnalistlerini wagyz işlerini gazet-žurnallarda çap etmegi üçin işe çekmek, Okeaniýa döwletlerinde ýörite mahabat işlerini geçirmek, sportuň täze goşulan görnüşleri boýuça okuw meýilnamalaryny hem-de ýörite çäreleri geçirmek, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň gatnaşmagy üçin ýörite höweslendirmeler bilen bagly çäreler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda halkara metbugat neşirleriniň sahypalarynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Aziada-2017-ä bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.


Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy  T.Kömekow öz hasabatynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly  baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Saglyk ýolunda Gyrgyz Respublikasynyň Çolponata şäherinde geçirilen çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda ynamly ýeňiş gazanan ussat türgenlerimize hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşurmagynyň sport ulgamynyň işgärlerinde, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň wekillerinde, tälimçilerde we türgenlerde, tutuş halkymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa belent buýsanç duýgulary döredendigi hem-de ýaşlarymyzy üstünliklere ruhlandyrandygy barada aýdyldy. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrdy.


Hasabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak babatda işleriň habar beriş serişdeleri arkaly ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy bellenildi. Şu ugurda Aziada - 2017-ni halkara giňişliginde maglumat taýdan goldamak boýunça degişli çäreler görülýär, şol sanda Daşary işler ministrligi bilen özara gatnaşykda netijeli işler alnyp barylýar.


Şu maksatlar bilen, daşary ýurtlara gönükdirilen türkmen, rus we iňlis dillerinde ýörite neşirleri çap etmek hem-de onuň ilkinji synag nusgalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň saýtyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.


Mundan başga-da, işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin halkara tejribesini öwrenip, Aziada-2017-niň başlanmagynyň öňünden, oýun döwründe we halkara sport ýaryşyndan soňra mahabat hem-de wagyz işleriniň anyk meýilnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýändigi habar berildi.    


Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa söz berdi. Wise-premýer foto we wideo ýazgyny döretmek hem-de Aziada-2017-ni göni ýaýlymda ýokary derejede görkezmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin kompaniýany seçip almak boýunça halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi hem-de bu ugurda türkmen hünärmenlerini taýýarlamak we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde oýunlary mahabatlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat  berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşikde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynda göz öňünde tutulan ugurlar boýunça dessin meýilnamalaşdyrmak işlerini amala aşyrýan Beýik Britaniýanyň “Trivandi - Çanzo Limited” kompaniýasynyň teklipleriniň hem göz öňünde tutulandygy bellenildi.


Häzirki wagtda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň teklipleri pudagara topar tarapyndan öwrenilýär. Halkara bäsleşiginiň netijelerine Aziada – 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň  oktýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek mejlisinde garamak göz öňünde tutulýar.


Şeýle hem oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde olary mahabatlandyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleriň görülýändigi, daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda mediaforumlaryň yzygiderli geçirilýändigi habar berildi. Şeýle forumlaryň biri türkmen paýtagtynda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin dünýäniň 45 ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragynyň ýurdumyza gelmäge isleg bildirýändigi bellenildi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew geçirilen işler we döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, V Aziýa oyunlaryny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz hem-de mahabat etmek üçin alnyp barylýan işler barada habar berdi.


Ýurdumyzyň ähli sport edaralarynda we guramalarynda, sport mekdeplerinde bu oýunlara bagyşlanan ýaryşlaryň, bäsleşikleriň hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň, duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilýändigi barada bellenip geçildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmak hem-de mahabat etmek maksady bilen, 2013-2016-njy ýyllarda dürli çäreler, şol sanda halkara sport media forumlary, "Aşgabat - Aziada-2017-niň paýtagty" atly halkara sport sergisi, "Aziada-2017-niň tagamlary" atly ýörite sergi, "Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny" atly halkara maslahaty geçirildi. Mundan başga-da, V Aziýa oýunlarynyň resmi web-saýty döredildi.


Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji maýynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli Gadymy Nusaý galasynyň ýadygärlikleriniň ýanynda milli Liderimiziň ak pata bermeginde badalga berlen atly ýörişe dünýäniň dürli ýurtlaryndan habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. 2016-njy ýylyň 17-nji sentyabrynda "Aşgabat" köpugurly stadionynda V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna bir ýyl galmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi we oňa hem daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri  gatnaşdylar.


Geçen aýda Olimpiýa şäherjiginiň "Sport" myhmanhanasynda Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanan hem-de 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak mynasybetli sport mediaforumynyň mejlisi üstünlikli geçirildi. Bu çäre dünýä metbugat giňişliginde Aziada-2017-ä uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan hasabatlary diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň habar beriş we beýleki mowzuklaýyn maglumatlaryň, hususan-da, milli telewideniýede ýaýlyma çykýan gepleşikleriň taýýarlanylyşyna, görnüşine we mazmunyna örän jogapkärli çemeleşmekleriniň zerurdygyny nygtady. Şunda ahlak, gözellik we terbiýeçilik taraplary aýratyn nazara alynmalydyr. Häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleri jemgyýetçilik aňyna, sazlaşykly durmuş-medeni ýagdaýynyň kemala gelmegine, mynasyp oňyn göreldeler arkaly ýaş nesilleri terbiýelemäge düýpli täsir edýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleriniň döwrüň talaplaryna hemişe laýyk gelmeýändigini nygtap, bu babatda degişli ýolbaşçylara nägilelik bildirdi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Buýruklara gol çekip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän okuwlaryň hiline gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe duýduryş, garamagyndaky teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadyp, berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa käýinç, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewe   käýinç yglan etdi,  ýaýlymda berilýän telewizion gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy Ş.Işangulyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi duýdurdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemlemek bilen, halkara sport hereketini has-da ösdürmäge ähmiýetli goşant goşjak, dünýä giňişliginde milli sportuň abraýyny artdyrmakda möhüm orun eýelejek Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny göz öňünde tutup, bu oýunlary wideo hem-de foto ýazgylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeler arkaly mahabatlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmelidigini aýdyp,  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine degişli görkezmeleri bermek bilen, bu ugurda türkmen hünärmenlerini taýýarlamak boýunça yglan edilen halkara bäsleşigini geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitete V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe bu oýunlara gatnaşyjylara we myhmanlara ýokary hilli hem-de kämil aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak, Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde Ýerine ýetiriji komitetiň guramaçylaryny muzdsuz ýokary hilli, häzirki zaman Internet hyzmatlary bilen üpjün etmek barada görkezme berdi.


Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Internet ulgamynda işlemäge ýörite taýýarlanylan hünärmenleriň toparyna Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda Internet tehnologiýa ulgamy boýunça işe başlamagy tabşyryp, olaryň öňünde “Bütindünýä torunda” oýunlar hakynda galp maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýol bermezligi hem-de gije-gündiziň dowamynda degişli Internet-saýtyň işini talabalaýyk guramak barada görkezme berdi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Internet ulgamynda işlejek hünärmenleri degişli halkara okuw merkezlerinde taýýarlamagyň gerekdigini we bu işlere häzirden girişmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda V Aziýa  oýunlaryna ähli gatnaşyjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, tehniki işgärleri we türgenleri akkreditasiýa kartlary bilen üpjün etmegi ýokary derejede guramagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny we binalaryny, türkmen türgenleriniň taýýarlygyny synagdan geçirmek maksady bilen, agyr atletika, kikboksing, suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmegi, bu ýaryşlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegi barada tabşyryk berdi.


Milli Liderimiz sözüni jemläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa  oýunlaryna taýýarlyk görmek, olary dünýä ýaýmak hem-de dünýäniň media giňişliginde mynasyp beýan etmek bilen bagly wezipeleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa  oýunlarynyň başlanmagyna çenli galan döwürde bu ugurda zerur işleri geçirmegiň gerekdigini aýdyp, maslahaty tamamlady we oňa gatnaşanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.