Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy


2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.


Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky oňyn döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şol gatnaşyklar bolsa özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hem-de türkmen we tatar halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklar, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi hem-da taraplaryň bar bolan baý kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşmagy muňa ýardam edýär.


Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar gatnaşyklary meselelerine hemişe üns berýändigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Türkmenistan Tatarystany özüniň gadyrdan dosty hem-de geljegi uly hyzmatdaşy hasaplaýar.


Prezident Rustam Minnihanow Tatarystan Respublikasynda ýurdumyzyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanýan uly üstünliklerini ruhubelentlik bilen kabul edýändiklerini aýtdy. Tatarystanyň ýolbaşçysy şu saparyň şöhratly baýramçylygyň-Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly  baýramynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýandygyny belläp, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


Özara ynanyşmak hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de soňky ýyllarda täze kuwwatly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meselesi hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn ykdysady özgertmeler bilen baglylykda bu gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler döreýär. Şol özgertmeler bolsa milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşini çykarmaga niýetlenen ýokary tehnologiýaly täze önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.


Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy hyzmatdaşlygyň hem-de möhüm bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň baý tejribesini topladylar. Bu babatda ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň esasy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň – “KamAZ” awtomobilgurluşyk zawodynyň, “Tatneft” paýdarlar jemgyýetiniň, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” paýdarlar jemgyýetiniň we beýleki kärhanalaryň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda “KamAZ” söwda we okuw-hyzmatlar merkezi hereket edýär. Bütin dünýäde meşhur bolan şu kysymly awtoulag tehnikalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda üstünlikli işledilýär. Bu tehnikalar ýurdumyzda özlerini iň gowy tarapdan görkezdi.


Ýangyç-energetika ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Özara gatnaşyklar üçin bu ulgamda, hususan-da, nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda hem-de nebitgazhimiýa senagatynda uly mümkinçilikler bar.


Birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler açylýar. Şol ugurlaryň hatarynda senagat toplumy, oba hojalygy, ylym bilen baglanyşykly ýokary tehnologiýalar ulgamlary bar. Şeýle hem ulag ulgamynda tagallalary netijeli birleşdirmegiň, utgaşdyrylan ulag-üstaşyr we logistika düzümini döretmegiň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary döretmegiň wajypdygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyk halkara başlangyçlary bilen çykyş etdi.  Häzirki wagtda Türkmenistan iri taslamalary, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen birlikde, Aşgabadyň we Kazanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.


Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza şu saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen Türkmen-tatar işewürler maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Bu maslahat işewür we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge ukyplydyr. Oňa gatnaşmak üçin Tatarystanyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Munuň özi tatarystanly hyzmatdaşlarymyzyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.


Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgamda hem, şol sanda bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly tejribesi bar. Mälim bolşy ýaly, indi ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz ýaşlaryny Tatarystana okuwa iberýär. Häzirki wagtda şol ýerde esasy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň köpsanlysy bilim alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň bilim we ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow däp bolan gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de medeniýet we sungat ugry boýunça bilelikdäki çäreleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny aýtdylar. Munuň özi iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmegiň, olaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Tatarystanyň sungat ussatlarynyň 10-njy oktýabrda Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserti we bu ýerde guralan tatar halk çeperçilik senetleriniň sergisi hem şu maksatlara hyzmat etmelidir. Şu döredijilik çäresi bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky günleri açyldy. Munuň türkmen-tatar dostlugynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüljekdigi hem-de netijeli türkmen – russiýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygy şübhesizdir.


Gepleşikleriň barşynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesi barada hem durlup geçildi. Türkmenistanda hem, Tatarystanda hem bu ulgamy ösdürmäge ägirt uly üns berilýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny nazara almak bilen, bu mesele aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle giň möçberli sport ýaryşlary ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär, şoňa görä-de, Türkmenistan bu ugurda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, tatarystan tarapynyň bu iri halkara çäresine taýýarlyk görmekde türkmen hyzmatdaşlaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda sport ulgamynda, hususan-da, sportuň hokkeý we awtosport ýaly meşhur görnüşinde eýýäm netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellärliklidir. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamy gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly hasaplanylýar.


Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, söwda – ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça  bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň eýeleýän uly ornuny bellediler. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny anyklaşdyrmaga hem-de häzirki ýagdaý bilen baglylykda degişli meseleleriň ählisi boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.


Şeýle ysnyşykly özara gatnaşyklar taraplaryň uzakmöhletli bähbitlerine we umuman, türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna laýyk gelýär.


Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar hem-de bu netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.


Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.


Şu gün Türkmenistana saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezine bardy we şol ýerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi bilen tanyşdy.


Günüň ikinji ýarymynda myhman paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-tatar işewürler maslahatyna gatnaşdy.


Şol gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.