Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdy


2016-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda giň möçberli bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.


Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudak edaralaryna we häkimliklerine 2016-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde hem-de welaýatlaryň çäklerinde 3 milliondan gowrak saýaly, pürli we miweli bag nahallaryny, şeýle hem üzüm oturtmak tabşyryldy.


Şu ýylyň 3-nji oktýabrynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ählihalk ýowaryna geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň tokaý zolaklaryny giňeltmek işlerine örän çynlakaý we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belläp,  saýaly we miweli baglaryň her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerini seçip almagyň möhümdigine ünsi çekdi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bag ekmek möwsüminde oturdyljak bag nahallaryna degişli ideg işleri ýola goýulmalydyr.


Şunuň bilen baglylykda, täze seýilgäh we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäre türkmen topragynyň ähli künjekleriniň görküni artdyrar. Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklary ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şerti, milletimiziň abadançylygynyň we sagdynlygynyň kepili bolup durýar.


Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler durmuşyň ähli ulgamlaryny öz isine alýar. Döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginlerde dowam edýär. Şunda, ylmyň we innowasiýanyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Şanly wakalara baý bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň köp öwüşginliligini we gözelligini saklamaga,   baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga gönükdirilen taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär.


Garagum çölüniň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi we Köpetdagyň eteklerini, Hazaryň kenarlaryny gurşap alan giň möçberli bag ekmek çäresi munuň aýdyň subutnamasydyr. Energetika ulgamynda ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen baglanyşykly geljegi uly taslamalar türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň sazlaşykly ösdürilmegini we daşky gurşawa zyýany bolmadyk usullar arkaly adamyň bähbidine gönükdirilýändigini alamatlandyrýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna laýyklykda, bag ekmek maksatnamasy netijesinde her ýylda Türkmenistanda millionlarça bag nahallary oturdylýar. Ýurdumyz saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň we Watanymyzyň ösüşiniň, durkunyň täzelenýändiginiň nyşany bolan tokaý zolaklaryna  öwrülýär. Ýaş nesilleriň terbiýelenmeginde zähmetiň möhüm ornunyň bardygyny bellemeli. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak ýaly jemgyýetçilik taýdan bähbitli ýörelge ýurdumyzyň gülläp ösýän künjege öwrülmegini, ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün edýär we adam ömrüniň uzalmagyny şertlendirýär.


Paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň,  hem-de welaýatlaryň we etraplaryň çäkleriniň birnäçe ýylyň dowamynda tanalmaz derejede özgerendigini, tebigy taýdan gözelleşendigini bellemeli. Şeýle hem ýurdumyzyň demirgazygyndan günortasyna, günbataryndan gündogaryna geçýän ulag we demir ýollarynyň ýakalarynda gök zolaklar kemala gelýär. Aşgabadyň töweregindäki dag eteklerinde ekilen millionlarça düýp bag nahallary pugta kök urup, ýene birnäçe ýyldan ýakymly howa ýagdaýyny döredýän  tokaý zolaklaryny emele getirer.


Ir bilen ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar paýtagtymyzyň günorta künjegine ýygnandylar. Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň edara  binalarynyň we kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň ýakynynda köpçülikleýin bag nahallary oturdyldy. Bu gözel künjekde tokaý zolaklary kemala geldi. Ýakyn ýyllarda bu ýerler ynsan saglygy üçin tenakar howaly künjege öwrüler. Şu gün bu ýerde tutuş ýurdumyz boýunça her ýylda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirilýär.


Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabadyň bu künjeginde 700 gektar meýdany bolan täze seýilgäh döredilýär we şäher ilaty hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin aňrybaş dynç alyş mümkinçilikleri döredilýär. Täze seýilgähiň şäheriň ekologiýa derejesine oňyn täsir etjekdigi gürrüňsiz hakykatdyr. Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň, dürli gülleriň birnäçe görnüşleri ekildi.


Hormatly Prezidentimiziň ulagy ählihalk ýowarynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.  Olaryň hemmesi ýurdumyzda parz hasaplanylýan köpçülikleýin bag ekmek çäresine işjeň gatnaşýarlar.


Bu ýerde asylly çäre mynasybetli özboluşly toýda  dürli sazlar ýaňlandy. Bu waka mynasybetli taýýarlanan tagamlar bag ekmek çäresine özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.


Milli Liderimiz ilkinji bag nahalyny oturdyp, köpçülikleýin çärä badalga berdi. Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerdiler. Her ýylda geçirilýän bu şanly waka daşary ýurtlularyň işjeň gatnaşýandygyny bellemeli, çünki ertirki gün baradaky alada ähli adamlar üçin umumy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan geljekki nesilleriň durmuşy şu günlere bagly. Bu barada çärä gatnaşan BMG-niň agentlikleriniň wekilleri tekrarladylar.  


Bu çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň  Türkmenistandaky Hemişelik wekili Jasinta Barrins hem bar. Milli Liderimiz onuň bilen bilelikde bag nahalyny oturdyp, Türkmenistanyň  BMG-niň düzümleri bilen köp ugurlar, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda, okgunly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde,  ekologiýa hem-de beýleki meselelerde hyzmtadaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.


Hanym Jasinta Barrins türkmen Lideriniň öňe süren halkara ähmiýetli asylly başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly we borjuna ygrarly Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanýandygyny nygtady. Munuň  diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä möçberli gatnaşyklarda möhümdigini  belläp hanym Jasinta Barrins bu işleriň yzygiderli ösdürilmeginiň halkara derejesinde örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.  


Bag ekmek çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany Şahin Nilofer bilen nobatdaky bag nahalyny oturtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň  halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, bu ugurdaky  hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


Hanym Şahin Nilofer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çagalaryň sazlaşykly ösüşi,  sagdynlygy we hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli bolmagy ugrunda döwlet derejesinde uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, munuň  ýurduň geljekki ösüşiniň möhüm şertidigini nygtady. Şeýle hem ol  ýurdumyzda çagalaryň döwrebap derejede bilim-terbiýe almagy, döwrebap dynç almagy,  dynç alyş zolaklarynda, Gökderede we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň wagtlarynyň peýdaly hem-de şadyýan geçmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň ýaly bag ekmek çärelereniň yzygiderli geçirilmegi parasatly ýörelge hem-de çagalarda tebigata aýawly garamak duýgularyny terbiýelemegiň netijeli serişdesidir diýip, Şahin Nilofer belledi.


Soňra hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretarynyň wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy  boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň baştutany Petko Draganow bilen nobatdaky bag nahalyny oturdy.


Milli Liderimiz we BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bag ekmegiň barşynda sebit we ählumumy derejede abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.


BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýolbaşçysy Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, giň möçberli işleriň adamlaryň durmuş derejesini ýokarlanmagyna gönükdirýändigini belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallygyny belýan etdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly myhmanlara ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli çäreleriň ählisine işjeň gatnaşýandyklary, Türkmenistanda öz wekilçilik edýän döwletleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine, sebit we halkara derejeli ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşýan uly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz şu günki bak ekmek boýunça ýowar ýaly iri möçberli çärelere gatnaşmak bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde olaryň hem paýynyň bardygyny belläp, şepýle sogap işleriň bilelikde, agzybirlikde berjaý edilýändigini, munuň bolsa özara düşünişmäge ýardam berýän asylly ýörelgedigini nygtady. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýakyn geljekde bu töwerekleriň bagy-bossanlyga bürenjekdigini, şu künjekde halkara ölçeglerine kybap gelýän ähli  zerur  şertler döredilen golf meýdançasynyň guruljakdygyny belledi hem-de onuň wagtyňy peýdaly we gyzykly geçirmek üçin amatly mümkinçilikleri üpjün etjekdigini aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy  mynasybetli guralýan medeni- köpçülikleýin çärelere hem-de dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.


Ýurdumyzda işlpeýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary netijeli iş alyp barmakda döredilýän oňyn şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletiň  we jemgyýetiň durmuşynda möhüm ähmiýetli  köpçülikleýin çärelere gatnaşmagyň özleri üçin hormatdygyny nygtadylar.   


Bellenilişi ýaly, şu gezekki köpçülikleýin çäre milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden öňe süren ekologiýa başlangyçlarynyň ählihalk tarapyndan goldanylýandygyny alamatlandyrýar, muňa ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan işleriň tebigy serişdeleri goramagyň hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine alnyp barylýan umumy tagallalara uly goşandy hökmünde garamak bolar.


Häzirki döwürde Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine mynasyp goşant goşýandygyny tutuş dünýä ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň aýawly peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny, Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramak ýaly we başga-da birnäçe ugurlar bilen baglanyşyklydyr.


Tebigaty goramak ulgamynda öňde durýan wezipeleriň toplumlaýyn  çözgüdine degişli kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda Tokaý kodeksi, Ösümlik we haýwanat dünýäsi hakynda, Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda Kanunlar we beýleki kanunçylyk namalary bar.


Ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine kabul edilen we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň uzakmöhletleýin Milli tokaý maksatnamasyna aýratyn orun degişlidir. Bu resminama okgunly ösýän senagat düzüminiň, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň, sazlaşykly ösýän şäherleriň we täze döwrebap obalaryň  çäklerinde giň möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegini nazarlaýar. Ägirt uly maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň tutuş ilaty çekilýär, Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürýän giň möçberli bag ekmek çäreleri işjeň alnyp barylýar. Şunda, suw tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn ämiýet berilýär.


Şu günki ählihalk ýowaryna degişli derejede taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ekiljek bag nahallarynyň zerur möçberi taýýparlanyldy hem-de ylmy esasda işlenilip taýýarlanylan agrotehniki talaplar we görkezijiler göz öňünde tutuldy. Bag ekiljek meýdanlar arassalanyldy, tekizlenildi, dürli görnüşli bag nahallarynyň ugurlary kesgitlenildi we olaryň sany nazara alyndy. Şeýle hem bu künjekde suwaryş we topragy gurplandyrmak üçin  zerur serişdeler, iň esasy bolsa bag nahallary taýýarlanyldy.


Alymlaryň we hünärmenleriň teklipleri esasynda pürli agaç nahallary ulag ýollarynyň ýakalaryna we şäher eteklerine ekildi. Olar   daşky gurşawy tozandan hem-de zyýanly gazlardan 6-7 esse köp we çalt arassalaýar. Adamlaryň saglygy üçin amatly gurşawy döredilýär. Çöl şertlerinde şeýle agaç nahallary ilatly ýerleri epgekden goraýar we amatly howa ýagdaýyny döredýär hem-de tebigy aýratynlyklaryň emele gelmegini şertlendirýär.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, olara degişli ideg etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine aýratyn ünsi çekýär. Diýarymyzyň ähli künjekleriniň, şäherleriniň we paýtagtymyzyň möhüm bölegine öwrülýän  iri tokaý zolaklary sahawatly türkmen topragynyň gözelligini artdyrýandygy üçin hem ähmiýetlidir.


Mähriban topraga bolan perzentlik söýginiň baýramçylygyna öwrülen bu giň möçberli çäre tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Ählihalk ýowarynyň barşynda ozal ekilen bag nahallaryna ideg etmek işleri hem alnyp baryldy. Munuň özi 1 million 156 müň bag nahallaryna barabardyr.


Ählihalk Tutuş ýurdumyz boýunça   340 müň  adam gatnaşdy. Onuň barşynda 355 müň  düýp agaç nahallary oturdyldy. Aşgabat şäheri boýunça ýowara gatnaşanlaryň sany 34 müň adama barabar boldy. Şunda 110 müň düýpden  gowrak  bag nahallary oturdyldy. Welaýatlarda geçirilen ählihalk ýowaryna 306 müň  adam çykdy. Olaryň güýji bilen 245 müň  düýp bag nahallary oturdyldy. Şeýle hem ozal bar bolan baglara ideg işleri alnyp baryldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowar tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylaryň ählisini sahawatly saçak başyna çagyrdy. Milli Liderimiz daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, olara milli aşhananyň tagamlaryndan dadyp görmegi teklip etdi.


Daşary ýurtlaryň ilçileri hödür-kerem hem-de ajaýyp baýramçylyk üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän myhmansöýerlik däpleriniň  we toý desterhanynyň sahawatynyň özboluşlydygyny  aýtdylar. Diplomatlaryň pikirine görä, soňky ýyllarda türkmen topragy tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ählihalk goldawyna mynasyp bolýan oňyn syýasatynyň ajaýyp  miwesidir. Şu gün ýowara gatnaşanlaryň hemmesi türkmen halkynyň agzybirlikde, zähmet ruhy göterilişinde baýramçylyga öwrülen asylly  ýörelgäni gurandygynyň şaýady boldular.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ýaşyl ýaýlalaryň, ajaýyp seýilgähleriň hem-de  ösüşi we täzelenişi alamatlandyrýan giň möçberli tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär.


Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin bag ekmek çäresi tamamlanandan soň, asylly ýörelgä bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýurdumyzyň sungat ussatlary belent ruha beslenen çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan beýik işleri, Watanymyzyň ýeten derejesini we zähmet üstünliklerini wasp etdiler.


Yhlasly zähmetiň we ruhubelentligiň özboluşly baýramçylygyna öwrülen bu çäre türkmen halkynyň asylly ýörelgelere, bag ekmek ýaly netijeli çärelere işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary bolsa agzybirlikli  zähmetiň özboluşly barymçylygyn öwrüldi.  Munuň özi ýurdumyzda asylly işleriň belent dabaralar, ählihalk işjeňligi bilen  utgaşýandygyny has aýdyňlygy bilen görkezdi.  


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli bag ekmek çäresine gatnaşanlaryň hemmesine abadançylyk arzuw edip, bu ýerden ugrady.