Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi 


2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, oktýabr aýynyň başynda wekiliýetiň “Altyn asyr” Türkmen kölüne amala aşyran sapary hem-de 4-5-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Hukuk döwletiniň berkarar bolmagy: milli tejribe we dünýä ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň netijeleri barada habar berdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça milli parlamentiň deputatlaryndan, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň wekillerinden hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden, şeýle hem  ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ÝHHG-niň, UNDAF-nyň, UNISEF-niň wekillerinden ybarat wekiliýet «Altyn asyr» Türkmen kölüne iş saparyny amala aşyrdy. Ak ýaýla diýen ýerde geçirilen çäre Garagum çölüniň jümmüşinde gurulýan täsin suw desgasynyň taslamasyny amala aşyrmakda gazanylan üstünliklere bagyşlandy. Bu çäräniň esasy maksatlarynyň biri ekologiýa meselelerini hem-de suw serişdeleri babatda ählumumy wezipeleri çözmekde ägirt uly ähmiýeti bolan gidrotehniki desgany döretmekde ýurdumyzyň tejribesini dünýä ýaýmak boldy. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, suwy rejeli peýdalanmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny, ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak bilen berk baglydygyny belledi. Şu babatda ýurdumyz  ekologiýanyň esasy meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edip, onda işjeň orny eýeleýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň deňi-taýy bolmadyk taslamasy Türkmenistan üçin, tutuş Merkezi Aziýa üçin uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz belledi.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynda başlyklyk edýändigini belledi. Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumy, hususan-da, Daşoguz welaýatynda ýerine ýetirilýär. Bu ýerde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ýerleri bagy-bossanlyga büremek we suwarmak, olaryň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňýanynda rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanan halkara wekilçilikli maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini, ähli syýasy, ykdysady, durmuş-medeni serişdeleriň, döwletliligiň guramaçylyk we hukuk esaslary bilelikde bir maksada-türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, ony halkara kadalaryna we ýörelgelerine


laýyk getirmek, demokratiýany berkitmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek bilen bagly işleriň zerurdygyna ünsi çekdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow daşary syýasat edarasy tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berip, şu hepde Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.


Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti 4-5-nji oktýabrda Belgiýanyň paýtagtynda geçirilen Owganystanyň ösmegi bilen bagly meselelere bagyşlanylan “Abadançylygyň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berip, dostlukly Owganystan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga Türkmenistanyň uly üns berýändigi nygtaldy.


Işine BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, daşary ýurtlaryň 76-synyň ýokary derejeli wekiliýetleri hem-de halkara we sebit guramalarynyň 26-synyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşan maslahatyň gün tertibine Owganystanda parahatçylygy gazanmak hem-de howpsuzlygy üpjün etmek maksatlarynda umumy tagallalary birleşdirmäge, onuň ykdysady we durmuş düzümlerini dikeltmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.


Türkmen tarapy maslahatda çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlaryny ýene-de beýan edip, ýurdumyzyň Owganystan boýunça parahatçylykly gepleşikleri guramak üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar Owganystan üçin hem-de onuň gatnaşmagynda iri möçberli ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şu babatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, wekiliýetleriň baştutanlary we beýleki çykyş edenler TOPH gaz geçirijisine, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluna, türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana hem-de Pakistana iberlişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna, awtomobil ýolunyň hem-de bu ugurda optika-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna degişli taslamalaryň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu taslamalaryň ählisiniň diňe bir Owganystanyň dikeldilmegine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna däl-de, eýsem, Aziýa sebitinde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleriniň çözülmegine-de ýardam berjekdigi nygtaldy.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan  tarapyndan goňşy döwlete berilýän goldawyň möhüm ugurlarynyň biriniň ynsanperwer häsiýetli kömek, ykdysadyýetiň dürli pudaklary we durmuş ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistan owgan halkyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek berer. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýörite meýilnama tassyklanyldy, onda Owganystanda yzygiderli esasda durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.


Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda TOPH gaz geçirijisiniň, sebitde demir ýollaryň hem-de elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygynyň goldanylýandygy bellenilýär, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny (RECCA VII) geçirmäge taýýardygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk beýan edilýär.


Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistan  bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça habar berdi. 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň baş edarasy ýerleşýän Brýussele bolan ilkinji sapary bu netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi. 2008-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda “Ýewropa öýi” açyldy, soňra bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň bölümi işe başlady.


Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny kabul etdi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde her ýyl duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 4-nji oktýabrda Brýusselde geçirilen şeýle duşuşyga gatnaşandygy habar berildi. Onuň gün tertibine şu Strategiýanyň durmuşa geçirilişine, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilişine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.


Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigi bellenildi hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, energetika, ulag, ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegi we suw serişdelerinden peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda ysnyşykly özara hereket etmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem howpsuzlyk boýunça halkara maslahatynda 2011-nji ýylda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny we hereketleriň degişli meýilnamasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň wajyp ähmiýeti bellenildi. Şolarda BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna uly goşant goşýandygyny nygtady. Bu döredijilikli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyz doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginde anyk goldaw berip, onuň durnukly ösmegine hem-de sebitdäki oňyn goşulyşmak işlerine ýardam bermäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar.


Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň çekilmegi hem-de goňşy ýurda iberilýän türkmen elektroenergiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler bar. Türkmenistan owgan halky bilen onuň parahat we abadan durmuş gurmagynda raýdaş bolmak bilen, oňa yzygiderli ynsanperwer kömegini berýär, şeýle hem saglygy goraýyş we bilim  ulgamlarynda anyk goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň aýdyň mysallarynyň biri şu ýylyň tomsunda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde türkmen tarapyndan gurluşygy amala aşyrylan täze çaga dogrulýan öýüniň açylmagydyr.  


Türkmenistanyň owgan meselesiniň diňe parahatçylykly ýollar-gepleşikler  we syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edip, bu ugurdaky halkara tagallalaryna mundan beýläk-de   işjeň gatnaşmaga, Owganystan bilen däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigini nygtap, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda tabşyryklary berdi.       


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk meselesine geçip, ÝB bilen gatnaşyklaryň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn görnüşde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen, şol netijeli hyzmatdaşlygy has-da  çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özara bähbitli hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we aragatnaşyk, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalar hem-de medeni-ynsanperwer ulgam ýaly geljegi uly ugurlarda işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary umumylaşdyryp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Ýewropa Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de uzakmöhletleýinlik ýörelgesinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli anyk görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny, olaryň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we guramalarynyň sanawyny, şeýle hem garamagyndaky bölümleriň işgär sanynyň Düzgünnamalaryny we işgärleriniň wezipe borçlaryny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada habar aýdyldy. Bu resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklipleriň esasynda işlenip taýýarlanyldy.  


Milli Liderimiziň degişli tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşygyň esasynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelindäki Kararyna laýyklykda taýýarlanylan 2016-2017-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurt raýatlaryny kabul etmek hakynda Buýrugyň taslamasy barada hasabat berildi.


Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň 30 raýatyny tölegsiz esasda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna, şol okuwlary geçen okuw ýylynda tamamlan owgan ýaşlarynyň 26-syny bolsa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesine, hususan-da, Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen oba hojalyk institutyna, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna kabul etmek teklip edilýär.  


Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamany oňlap we oňa gol çekip, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýyny hem-de olaryň işlerini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmegi yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durup geçip, bu möhüm ulgamda giň netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hünär bilimini almaklary hem-de daşary döwletleriň raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin hemme şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.


Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň belent ynsanperwer maksatlara yzygiderli ygrarly bolan goňşy ýurda  ynsanperwer ýüklerini yzygiderli ugradýandygyny, ýeňillikli nyrhlar boýunça elektroenergiýany iberýändigini hem-de olaryň iberlişiniň möçberlerini artdyrýandygyny, Owganystanyň çäklerinde durmuş ähmiýetli desgalary gurup, iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, dostlukly Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde goldaw berýändigini belledi. Şu babatda TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy aýratyn ähmiýete eýe bolup, olar hem ykdysady taýdan ösmäge täze itergi bermäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bütin sebit möçberinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.  


Mundan başga-da, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň dikeldilmegi üçin zerur dürli hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga kömek edýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere owgan talyplarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okamagy bilen baglylykda birnäçe görkezmeleri berdi. 


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa 27-nji sentýabrdan 1-nji oktýabra çenli aralykda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen Medeniýet günleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.


Wise-premýer Er-Riýad we Jidda şäherlerinde iki dostlukly ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge, türkmen medeniýetini we sungatyny wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini habar berdi.


Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 27-nji sentýabrda Er-Riýad şäheriniň Patyşa Fahd adyndaky Medeniýet merkezinde geçirildi. Bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň hem-de häzirki zaman neşirýat önümleriniň eserleriniň sergisi guraldy. Dabaranyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň Aziada-2017-ni geçirmäge taýýarlyk görşi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi,  türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu ýerde türkmen kinofilmleriniň hem görkezilişi boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde halkara döredijilik çäreleriniň örän wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygy bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi halklaryny taryhy taýdan kemala gelen medeni-ruhy aragatnaşyklar birleşdirýän iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetli ugur bolup durýar.   


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Wise-premýer häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan desgalarda  gurluşyk işleriniň barşyna, binalaryň durkuny täzelemek işine, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmaga gözegçiligi güýçlendirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň görülýändigini habar berdi.


Döwlet  Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň we ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän baýramyň uly ähmiýete eýedigini belläp, şanly senäniň öňüsyrasynda ulanmaga beriljek desgalara aýratyn üns bermegi talap etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow  ýurdumyzdaky howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberini artdyrmak maksady bilen, halkara uçar gatnawlarynyň ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi bilen halkara ýolagçy gatnawlarynyň çägini has-da giňeltmäge hem-de hereket edýän ugurda gatnawlaryň ýygylygyny artdyrmaga mümkinçilik döredi. Munuň özi Türkmenistanyň  “açyk gapylar” syýasatyny hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmagy bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bu ugurda ýurdumyzda anyk we yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny aýdyp, wise-premýere  bu meseläni döwrüň talabyna laýyk oýlanyşykly çözmek barada görkezme berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň Düzgünnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak  boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Çig maly çykarmak ulgamynda iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de innowasion işläp taýýarlamalary ulanmaga aýratyn üns berilýär.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini giňeltmegiň esasynda nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny amala aşyrmaga, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça wezipeleri işjeňleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şol sanda himiýa pudagynyň senagat kuwwatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümleri çykarmaga niýetlenen kärhanalary döretmek babatda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerli çig maldan daşary ýurtlardan getirilýän dürli harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilmegini artdyrmagyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň, isleg bildirilýän harytlar bilen içerki bazary doldurmak wezipelerini  çözmegiň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Şu maksatlar bilen döwlet iri pudaklaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly maýa goýumlary gönükdirýär.


Döwlet Baştutanymyz himiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselesine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berildi, ol  gözegçilik edýän düzümleriniň döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň 1-nji maýyndaky karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça geçirýän işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda ýokarda agzalan resminama hem-de BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna laýyklykda, 2017–2020-nji ýyllarda maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylýandygyny aýtdy. Türkmenistan BMG-niň bu konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşuldy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak meselelerine aýratyn üns berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şahsyýeti we tutuş jemgyýeti ösdürmek üçin mynasyp şertleri döretmegiň wajypdygyny aýdyp, maýyplaryň zähmet bilen meşgullanmagy baradaky meseläniň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn resminama taýýarlanylanda, maýyplaryň ýaşaýyş-durmuşy barada alada etmegiň, döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyndan ugur alynmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 2017-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň sanawynyň taslamasy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer 11-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmen-tatar işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksadynda halkara derejeli çäreleri-sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere  işiň bu ugruna döwrebap çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda çalt depginler bilen ösýändigini, ýurdumyzda iri bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmen-tatar işewürler maslahatynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigini belläp, wise-premýere çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň üpjün edilmegini tabşyrdy.


Soňra  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça 595 müň 845 gektar meýdanda ekiş geçirildi. Şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda, ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda pagta ýygymynyň depgini barha güýçlenýär. Şu güne çenli 755 müň 281 tonna pagta hasyly ýygnaldy.


Şeýle hem wise-premýer 8-nji oktýabrda geçiriljek bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini we güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegini talap edip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Aşgabadyň töwereginde hem-de welaýatlaryň ilatly ýerlerinde ýaşyl zolaklaryň döredilmeginiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.