Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de asudalygyň bähbidine şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriniň jemlerine garaldy.


Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, olaryň ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.


Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşe geçirmek babatda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.


Harby edaranyň ýolbaşçysy harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de hünärli serkerdeleriň gulluk şertlerini gowulandyrmak we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Golaýlaşyp gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe we beýleki dabaraly çärelere, şol sanda täze desgalary ulanmaga bermäge  taýýarlyk görlüşi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak hakyndaky Permanynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny  nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň döwlet ösüşiniň esasy ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini aýratyn belledi. Adam hakdaky alada bolsa şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň mundan beýläk hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem gaýduwsyz Watan goragçylary üçin ähli oňaýly  gulluk we durmuş şertlerini döretmäge uly üns berjekdigi bellenildi. Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişiň degişli derejede geçirilmelidigini tabşyrdy. 


Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew  şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli  hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaý barada hasabat berdi. Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarlylygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde işgärleri taýýarlamaga, hünär bilimlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetlerimizi ygtybarly goramagyň jogapkärli wezipe hem-de howpsuzlygyň we asudalygyň kepili, türkmenistanlylaryň bagtyýarlygyny şertlendirýändigini belläp, serhetçileriň  asylly hem-de jogapkärli gullugy alyp barýandyklaryna ünsi çekdi. Serhetçilerimiziň gullugy eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň gözüň göreji ýaly goralmagyny üpjün etmelidir. Garamagyndaky desgalarda, şol sanda serhet galalarynda gurulýan binalarda we ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň hem-de şahsy düzümiň we harby gullukçylaryň arasynda watançylyk terbiýesini güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.


Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. IIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek hem-de düzgün bozmalaryň, hususan-da, ýurdumyzyň ýollarynda düzgüniň bozulmagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şu babatda  awtoulag ýollarynda tertip-düzgüni üpjün etmek hem-de ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yglan edilen  “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.


Şeýle hem ministr häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýandygyny belläp, ýakynda bikanun neşe söwdasyna  baş goşanlaryň ele salnandygy barada habar berdi.


Döwlet Baştutanymyz tertip-düzgüni üpjün etmäge jogap berýän içeri işler edaralarynyň täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmekde wajyp orny eýeleýändigini belläp, garamagyndaky düzümleriň ählisiniň, hususan-da, ýangyn howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga jogap berýän edaralaryň işine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygynyň içeri işler ministriniň ünsüni çekdi. Ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglarynyň sanynyň artandygyny nazara almak bilen döwrebap awtoulag duralgalarynyň gurulmagynyň hem-de  ýola hereketiniň howpsuzlygynyň esalaryny düşündirmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy  belledi.


Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly neşe söwdasy ýaly ýaramaz endigiň öňüni almak baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzda neşekeşlige asla orun bolmaly däldigini, geljek nesillerimize aralaşmaz ýaly onuň köki-damary bilen ýok edilmelidigini, bu babatda tutuş il bolup, jemgyýetçilik guramalary, saglygy goraýyş edaralary we hormatly ýaşulular bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny aýratyn tabşyrdy.


Munuň özi nesillerimiziň sagdyn ösmeginde, jemgyýetimiziň  sazlaşykly hereketinde, ýaşlaryň döwrebap derejeli terbiýesinde has-da möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we neşekeşligiň soňuna çykylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy.   


Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de prokuratura edaralarynda düzgün-nyzamy berkitmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Prokuratura işgärleriniň üstüne örän wajyp hem-de jogapkärli wezipe-ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek wezipesi ýüklenendir.


Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň öňde goýlan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, kanunlaryň döwlet we hususy düzümler tarapyndan olaryň  berjaý edilmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalary görmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň, olaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyk derejesiniň üpjün edilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.


Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz kazylaryň çykarylýan çözgütleriň ählisi üçin jogap berýändigine hem-de jenaýat işleriniň her birine garamaga içgin çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.


Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň ýurdumyzda durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen, 2016-njy ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berip, mukaddes Garaşsyzlygyň sütünlerini berkitmekde hem-de ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda  ministrligiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň uly ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ösüşiniň ähli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm şert bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa tabşyrdy.


Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleri  hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu gullugyň işini guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat  berdi. Soňky döwürde Türkmenistanyň  sebitde möhüm  ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýandygyny belläp, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bu ugurda degişli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.


Milli Liderimiz ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň işi we durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek meselelerine mundan beýläk hem aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda ýurdumyza getirilýän önümleriň  hil babatda bellenen standartlara laýyk gelýändigini içgin barlamak boýunça görkezmeleri berdi. Şunda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň barlag-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin degişli usulyýet we amaly sapaklary yzygiderli geçirmegiň hasabyna iş usullaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy belledi.


Ýurdumyzyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigini, şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara giňişliginiň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesiniň pugtalanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işleriniň döwrüň talabyna we ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.


Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar-sentýabr ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şol işler bolsa özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etmelidir.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen oňyn  gatnaşyklaryň gülläp ösen döwründe - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň esasy wezipesiniň özygtyýarly döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekden hem-de eziz Watanymyzyň abraýyny barha artdyrmakdan ybaratdygyny belläp, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de hereket edýän halkara standartlaryna laýyklykda, daşary ýurtly raýatlaryň geçmeginiň migrasiýa çäreleri babatda ähli zerur şertleri döretmek meselelerine üns bermegi talap etdi.     


Adalat ministri B.Muhammedow halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk getirilýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hakyky demokratik-hukuk döwletiniň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini belläp, kanunçykaryjylyk babatda dünýäniň iň gowy tejribesini içgin öwrenmegiň hem-de täze kanunlary işläp taýýarlamakda we hereket edýän kanunçylyk namalaryna goşmaçalary hem-de üýtgetmeleri girizmekde ony işjeň ulanmagyň wajypdygyny belledi.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleleriň hem birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda duran parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrjakdygyny, Watan goragçylarynyň netijeli zähmet çekmegi hem-de mynasyp dynç almagy üçin ähli şertleri döredip, harby gullukçylar barada alada etjekdigini belledi. 


Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de jogapkärli wezipelerini ýerien ýetirmekde täze üstünlikler arzuw etdi.