Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy


2016-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz şäheriň zeýkeş-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň barşyna baha berip, bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak meseleleri Türkmenistanyň Baştutanynyň hemişe üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda iri möçberli şäher gurluşyk maksatnamasy amala aşyrylýar. Bu maksatnama şäher düzümlerini kemala getirmäge innowasion çemeleşmä hem-de bu ulgamda öňdebaryjy dünýä gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň esasy maksady Aşgabady diňe bir iň owadan şäherleriň birine däl, eýsem-de, sebitiň we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, durmuşyň, adamlaryň zähmet çekmeginiň we dynç almagynyň ýokary, täze ölçeglerini üpjün etmekden ybaratdyr.  


Bu toplumlaýyn meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyzyň keşbi okgunly özgerýär. Aşgabadyň keşbinde binagärligiň we inženerçilik-tehniki pikirleriň häzirki zaman usullary hem-de milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýar. Şunda şeýle özgertmeleriň häzirki wagtda ýurdumyzyň hemme şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlanandygyny bellemek gerek. Şol ýerlerde köp sanly durmuş-medeni, ykdysady we beýleki ähmiýetli desgalar bina edilýär.


Ir bilen döwlet Baştutanymyz  Gurbanguly Berdimuhamedow ýerasty suwlary arassalaýjy bekede (KOS-300 meýdançasy) geldi. Bu Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan ýerasty inženerçilik-aragatnaşyk nagym geçirijisiniň esasy bölekleriniň biridir.


Bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy, oba we suw hojalygy,  jemagat hojalygy  ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, “Aşgabatagyzsuw” önümçilik birleşiginiň başlygy gaşylady.


Döwlet Baştutanymyz 75 gektar meýdany tutýan desganyň çäklerini gözden geçirip başlady. Milli Liderimiz bu ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekip, ýetişdirilýän otlaryň goralmagyna we bezelmegine uly alada bilen çemeleşmelidigini  tabşyrdy. Olar bu ýerde täze suwuň döreýändigini alamatlandyrmalydyr, şeýle hem goralýan desga hökmünde toplumyň tutuş çäkleriniň degişli germewler bilen gurşalmagyny göz öňünde tutmalydyr.


Hormatly Prezidentimiz suw sorujy baş bekede tarap ugrady hem-de onuň ýerasty bölegine düşüp, ol ýerde gurnalan enjamlar we abzallaryň işleýşi bilen tanyşdy. Olar gaýtadan işlemek üçin ýerasty suwlaryny awtomatik usulda kabul edýär we iberýär. Milli Liderimiz Ş. Durdylyýewe şor suwlary hem bu ýere ýygnamak baradaky meseläni oýlanyşmagy tabşyrdy. Şol suwlar soňra arassalanyp, oba hojalyk maksatlary üçin gaýtadan peýdalanylmalydyr. 


Milli Liderimiz KOS-300 toplumynyň çäklerini gözden geçirmegini dowam etdi. Ol inženerçilik-aragatnaşyk nagym ulgamynda önümçilik tapgyrynyň tamamlaýjy bölegi bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite bölüme baryp, desganyň bu ýerde görkezilen kartalary bilen tanyşdy. Çylşyrymly tehnologik işiň ähli tapgyrlary inženerçilik ulgamlarynyň çyzgylarynda görkezildi. Olaryň hereket edişi barada wise-premýer  jikme-jik habar berdi.


Bir gije-gündizde göwrümi 300 müň kub metr bolan arassalaýjy desga (KOS-300) ýerasty zeýkeş -aragatnaşyk nagymyna ýygnaýan hem-de daşyna çykarýan desga arkaly özakymlaýyn baş sorujy bekede gelip gowuşýan, soňra bolsa ýokary basyşly turba geçirijiler boýunça arassalaýjy desga iberilýän ýerasty lagym suwlaryny arassalamak üçin niýetlenendir.


Ýerasty suwlary arassalamagyň bu ýerde ulanylýan tehnologiýasy öňdebaryjy, döwrebap galyndysyz önümçilikdir, çünki arassalanan hem-de zyýansyzlandyrylan suw ekin üçin peýdalanylyp bilner, galyndylar bolsa toprak-ösüntgi gatlagy ýa-da dökün hökmünde ýaramly bolup biler.


Ýerasty suwlaryny arassalamak üçin biologik, köp kameraly anaerob we aerob usullar ulanyldy. Gözenekler we çäge tutujy binada ýerasty suwlar ilki eremeýän garyndylardan, mineral we organiki gelip çykmasy bolan hapalardan, ownuk böleklerden arassalanylýar, şondan soň aerotenlerdäki ýörite döredilen ýerlere, ýagny anaerob, anoksi we aerob zolaklara baryp, şol ýerlerde suwlar ýygnanýar.


Belli bir wagtdan soň, tutuş agram aerotendäki iň uly bölüme düşýär. Şonda howa üfleýji beketden sagatda 14 müň kub metr möçberdäki uly basyş bilen howa berilýär. Howa aeroteniň düýbünde oturdylan aeratorlar arkaly ownuk köpürjikler görnüşinde berilýär. Bu bolsa organiki galyndylaryň bakteriýalar bilen gutarnykly gaýtadan işlenmegini üpjün edýär.


Kem-kemden bu ähli agram saklanylýan ikinji ýere iberilýär, durlanýar hem-de zyýansyzlandyrylmaga akdyrylýar. Ikinji durlanýan ýeriň aşaky bölegi aerotenke anaerob zolagyna iberilýär. Arassalamagyň ähli ulgamynyň yzyna gaýdýan gatnaşygy bolan ýeterlik derejede çylşyrymly tehnologik iş bolup durýandygyny hem-de döwrebap gözegçilik ediji we hasaplaýjy abzallarda gurlan tehnologik gözegçilik ulgamy bilen dolandyrylýandygyny bellemek gerek. Onuň çykýan ýerine arassalanan hem-de zyýansyzlandyrylan suw we guradylan  galyndy alynýar.


Milli Liderimiz arassalaýjy bekedi dogry ulanmak üçin, onuň işine gözegçiligi amala aşyrmak örän wajypdyr diýip belledi. Munuň üçin bu ýerde desga gelip gowuşýan ýerasty suwlaryň çykdajylary yzygiderli kesgitlemek, her bir gurluşykdan soň hem-de beketden çykanynda bekede gelen wagtynda alynýan ýerasty suwlaryň barlag görnüşleriniň  bakteorologiki seljermelerini geçirmek zerurdyr.


Döwlet Baştutanymyz häzirki günde ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurluşygynyň ýagdaýyny görkezýän meýilnama bilen tanyşdy.


2015-nji ýylyň noýabr aýynda ýerasty suwlaryny arassalamak boýunça inženerçilik-aragatnaşyk ulgamynyň we toplumynyň ikinji nobatdakysynyň ulanmaga tabşyrylandygyny ýatlamak gerek. Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerine ýetirilen işleriň barşynda diametri 6 metr bolan kollektor-zeýkeş nagymyň  3,8 kilometre golaýy guruldy, ýerasty suwlaryny arassalaýjy desga, kiçi elektrik bekedi, uzynlygy 2,1 kilometrden gowrak bolan ýagyş suwlaryny ýygnaýjy ulgam we beýleki desgalar bina edildi.


Arassalanan ýerasty suwlaryň kömegi bilen täze ýerleriň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Oba we suw hojalyk ministriniň hasabat berşi ýaly,  KOS-300 enjamynyň doly kuwwatlylygy sekuntda 3,5 kub metr arassalanan suwa barabardyr. Häzirki wagtda olar sekuntda 1 kub metr suw çykarýar. Bu suw zeýkeşleriň üsti bilen  “Altyn asyr” Türkmen kölüne akdyrylýar. Türkmen kölüniň taslamasynyň çäklerinde gurulýan GK-1 zeýkeşiniň umumy uzynlygy 4,8 kilometre barabardyr. Häzirki güne çenli şonuň 3,3 kilometri gazyldy. Onuň ugrunda gaz geçirijileriniň 4-sini gurmak göz öňünde tutuldy, olaryň ikisi eýýäm guruldy, ýene-de ikisi bolsa tamamlaýjy tapgyrda.


Taslamanyň birinji tapgyrynyň çäklerinde täze ýerleriň 3600 gektaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Munuň üçin 7,3 kilometr betonlanan ene ýap, 165 kilometr betonlanan suwaryş ýaplary, 72 kilometr açyk zeýkeş, 54 kilometr ýapyk zeýkeş, 7,3 kilometr çagyl ýol, 1410 sany dürli desgalar (214 sany suw paýlaýjy, 799 sany suw goýberiji, 135 sany paýaw desgasy, 40 sany turba geçiriji, 222 sany gözegçilik guýulary), şeýle hem 1 suw göteriji beket,  6,5 kilometr turba geçirijileri gurmaly. 3226 gektar ýerde düýpli tekizleýiş geçirmeli. Suw göteriji beket suwuň öz akymyna çykyp bilmeýän 1080 gektar ýerini suwarmak üçin göz öňünde tutuldy. Eýýäm uzynlygy 15,2 kilometr zeýkeş gazyldy, käbir aýry-aýry desgalar guruldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen kölüni döretmek taslamasyna möhüm orun berlip, maksada gönükdirilen durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň netijesinde onuň töwereklerinde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýy örän gowulandy, höwürtgeleýän we göçüp-gonýan guşlaryň sany, olaryň düzüm görnüşleri artdy, şeýle hem kölüň özünde balyklaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär.


Häzir Türkmen kölüniň gurluşygynyň ikinji nobatdakysy durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz alymlaryň, ekologlaryň ilkinji derejeli wezipesiniň bu ýerdäki daşky gurşawa oňyn täsir edýän ýagdaýlary barlamakdan hem-de bu ugurdaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipleri işläp taýýarlamakdan ybaratdygyny nygtady. 


Milli Liderimiz ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň  gurulmagy şäher düzümini ösdürmek, daşky gurşawy bölünip çykmalardan hem-de arassanmadyk lagym suwlarynyň ýerasty suwlaryna aralaşmagyndan goramak, şäherde ekologiýa we sanitar-epidemiologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça möhüm çärelerdir diýip belledi. Umuman bu desgalaryň toplumyna diametri 6 metr we uzynlygy 17500 metr bolan ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk nagymy; diametri 3,5 metr we uzynlygy 13820 metr bolan iki sany taşlaýjy nagym; açyk usul bilen gurulýan 6 bölýän 3 metrlik ahyrky nagym, “toprakdaky diwar” diýen usul bilen gurluşygy amala aşyrylýan 17 sany tehnologik kameralar, 72 sany şahta guýulary girýär. Taslama şeýle hem ýagyş suwlaryny kabul edýän nagymy özünde jemleýär. Ol şäheri Köpetdagyň eteklerinden gelýän sil suwlarynyň esasy akymyndan gorar. Şeýle hem taslamada paýlaýjy transformator kiçi bekedi göz öňünde tutulandyr.


Ýerüsti we ýerasty desgalaryň ulgamy görnüşindäki zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň desgalary  Aşgabatda durmuş üpjünçiliginiň birnäçe meselelerini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Hususan-da, ol şäheriň suwuň has köp ýygnalýan böleginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmäge, şäheriň lagym, suw üpjünçilik, elektro  üpjünçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň ulanylyşynyň şertlerini gowulandyrmaga, suwarmak üçin ýaramly suwuň möçberini köpeltmek arkaly ýerüsti we ýerasty suwlarynyň peýdalanylyşynyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.


Häzirki wagtda ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk nagymynyň gurluşygy şäheriň günbatar böleginde dowam edýär. Bu ýerde diametri 6 metr ötük geçirijiniň 5 kilometre golaýy çekiler, lagym suwlaryny kabul etmek üçin guýularyň 4-si, şöhleli suw haýatlarynyň 8-si, ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk ulgamyny dolandyryş nokady we binasy gurlar.


Işleriň ähmiýeti boýunça aýdanyňda, aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça bu inženerçilik taslamasynyň çäklerinde uly şäheriň ýerasty “gaty” gurulýar. Şol ýerde elektrik, telefon, suw geçiriji we beýleki ulgamlaryň hem-de zeýkeşleriň ýüzlerçe kilometri çekilýär. Şunda iň innowasion hem-de ýokary tehnologik çözgütler, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ulanylýar. 


Bu çylşyrymly inžener-tehniki lagym we suw arassalaýyş toplumy suwuň emeli ýagdaýda gaýtadan akmagyna mümkinçilik berer, ol Aşgabadyň çalt depginler bilen barha giňeýän seýilgäh-ýaşyl zolaklaryny we abadanlaşdyrylan çäklerini suwarmak üçin peýdalanylar. Bu bolsa öz nobatynda, şäher gurşawynyň ekologiýa abadançylygyny saklamaga, suwdan rejeli peýdalanmak wezipelerini çözmäge ýardam berer.


Bu inžener-tehniki desgada şäheriň ähli ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik düzümleriniň  jemlenmegi onuň aýratynlygy bolup durýar. Bu ýerasty lagym desgasynyň esasy wezipesi peýdalanylan suwlary toplamak, lagym suwlaryny şäheriň çäklerinde suw arassalaýjy desgalara ýetirmek bolup durýar. Taslama laýyklykda, desganyň ýokarky böleginde inženerçilik ulgamlary-elektrik, suw geçiriji we telekommunikasiýa düzümleri ýerleşdiriler. Şeýlelikde, işler doly tamamlanandan hem-de ähli ulgamlar bir bitewi ugra jemlenenden soň, şäher üçin suw, elektrik energiýasy we beýlekiler ýokary derejede üpjün ediler. Häzirki wagtda eýýäm ýerasty suwuň, hususan-da, Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günorta böleginde olaryň derejesini 2 metre çenli peseltmek maksady bilen zerur işler geçirilýär.


Döwlet Baştutanymyz türkmen hünärmenleriniň ýerasty kommunikasiýalary çekmek boýunça täze tehnologiýalary öwrenmeginiň hem-de bu ulgamda işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.


Milli Liderimiz desga bilen tanyşlygyny dowam edip, toplumyň arassalaýjy desgalarynyň käbirine, şol sanda suwuň biologiýa taýdan arassalaýyş usuly ýerine ýetirilýän aerotenk bölümine baryp gördi. Onda bir öýjükli we köp öýjükli mikroorganizmler bardyr, olar adam üçin zyýanly organiki maddalar  bilen iýmitlenýärler. Olaryň ýaşamagy üçin zerur şertler döredilýär. Mysal üçin, her biriniň kuwwaty 1 müň kilowata deň bolan howa çişiriji enjamlar oturdylýar, olar suwy şol mikroorganizmleriň ýaşamagy üçin zerur bolan kislorod bilen baýlaşdyrýar.


Mikroorganizmler bir topara ýygnanýarlar, olar “işjeň gyrmança” diýlip atlandyrylýar. Galyndy suwlary arassalamak üçin bu toplumda, işiň möçberine baglylykda 20-24 sagat sarp edilýär.


Suw mehaniki we biologiki taýdan arassalanyş tapgyrlaryny geçenden soň, ikinji gaba akdyrylýar, ol ýerde arassa suw galyndylardan saplanylýar, gyrmançalar  soňra sorujy turba geçirijiler arkaly aerotenke gaýtadan akdyrylýar we şol ýerde galýar. Arassa suw bolsa  lagym akabasy boýunça akdyrylýar, öz durmuşa durumlylygyny sarp eden gyrmançalar bolsa degişli taýýarlanylandan hem-de guradylandan soňra dykyzlandyrylyp, gaty bölekler görnüşine getirilýär, olar ekologiýa taýdan arassa dökünler bolup, öz düzüminde biogen maddalaryň (azodyň, fosforyň, kaliniň, mikroelementleriň we organiki maddalaryň) ep-esli bölegini özünde jemleýärler.


Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara içerki bazar üçin, şeýle hem eksport üçin şunuň ýaly dökünleriň önümçiliginiň ýola goýulmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.   


Milli Liderimiz mundan başga-da hiç hili zyýany bolmadyk bu dökünleriň esasynda düzümi baýlaşdyrylan suwy taýýarlap, oba hojalyk ekinleri we bag-seýilgäh zolaklaryny  suwarmagyň mümkin boljakdygyny aýdyp, bu suwlaryň çägeli topragyň hilini gowulandyrmak üçin hem, mallar we guşlar üçin belok – witaminli iýmleri taýýarlamak üçin hem peýdalanyp boljakdygyny belledi.


Arassa suw bolsa lagym akabasy arkaly akdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ähli garyndylardan saplanylan arassa suwuň durulygyna baha berdi. Milli Liderimize suwuň düzümi barada hasabat berildi. Geçirilen seljermeleriň netijeleri onda azotammonilli duzlaryň ýeterlikdigini görkezdi, olar suwuň düzüminiň 1 litriniň 13,44 milli gramyna deňdir, bu görkeziji soňra 0,08-e deň boldy, bu bolsa taslamada göz öňünde tutulan derejeden (2,0) hem pesdir. Bu bolsa ony ekerançylykda suwarmak üçin peýdalanmaga ýaramly edýär.


Döwlet Baştutanymyz suwuň sarp ediliş möçberiniň hem-de ýer ýüzünde suw ýetmezçiliginiň artmagyny hasaba almak bilen, suwy arassalamak, süýjetmek boýunça täzeçil usullary işläp düzmek we ylmy barlaglary geçirmek üçin hünärmenleri hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça tabşyryk berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ozal hem oba hojalyk dolanyşygyna goşmaça meýdanlaryň girizilmeginiň zerurdygy barada aýdandygyny belledi we suwlaryň gaýtadan ulanylmagynyň muňa mümkinçilik berýändigini nygtady. Diňe täze ýerleri özleşdirmegiň taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde üç ýarym müň gektardan gowrak meýdan özleşdiriler, suw arassalaýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bolsa biziň çöllük şertlerimizde hem obasenagat toplumynyň peýdalylyk derejesini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.


Döwlet Baştutanymyz suwuň lagym ulgam akabasy  boýunça “Altyn asyr” kölüne çenli akdyrylmagynyň netijesinde Garagum çölüniň çägeliklerinde goşmaça arassalaýyş geçjekdigini aýtdy. Şonuň netijesinde hem suw akabalarynyň ugrundaky ýerler özgerýär, bagçylyk we ekerançylyk zolaklary döredilýär, çöllük ýerlerde gök zolaklar peýda bolýar. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, bu örän iri inžener-tehniki desganyň aýratyn möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we nou-haularyň, ylmy we tehniki pikiriň gazananlaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Galyndy suwlary arassalamak üçin hödürlenilýän tehnologiýa öňdebaryjy häzirki zaman galyndysyz önümçilik bolup, arassalanan hem zyýansyzlandyrylan suwy ekinleri suwarmak üçin, suwdan aýrylan gyrmançalary bolsa toprak gatlagy ýa-da dökün hökmünde peýdalanmaga şert döredýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy baş şäherimizi goşmaça suw möçberleri bilen üpjün etmäge, abadan ekologiýa ýagdaýyny saklamaga mümkinçilik berer.


Bu ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk desgasyna paýtagtymyzyň häzirki zaman ekologiýa düzümini kemala getirmek babatynda hem-de okgunly depginlerde ösýän şäherleşmek nukdaýnazaryndan uzakmöhletleýin şähergurluşyk maksatnamasynda möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


Ýurdumyzda alnyp barylýan şähergurluşyk işiniň esasy maksady adamyň ýaşaýan künjeginiň abadançylygyna, onuň saglygynyň gorap saklanmagyna, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu maksatlar üçin şäher hojalygynyň ähli ugurlarynda täze strategiki çemeleşmeleri, serişde tygşytlaýjy, howpsuz hem-de galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz ekologiýa düzümini döretmegiň esasy maksady serişdeleri rejeli we netijeli peýdalanmak bolup durýar diýip, sözüni dowam etdi. Şunda galyndy suwlary ikinji gezek peýdalanmak üçin häzirki zaman işläp taýýarlamalaryny peýdalanmak aýratyn möhümdir, munuň özi şäher gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almaga hem-de goşmaça peýda gazanmaga mümkinçilik berer.


Türkmenistanda ýurdumyzyň ajaýyp tebigy gözelligini hem-de tebigatynyň köpdürlüligini gorap saklamaga, onuň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge ýardam berýän uly ähmiýetli taslamalar maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bular ýurdumyzyň demirgazygyndaky Garaşor çökgünliginde ägirt uly Türkmen kölüniň döredilmegi, Köpetdagyň eteklerinden başlap, Hazaryň kenarlaryna çenli tutuş ýurdumyzy gurşap alan  iri möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy we beýlekilerdir. Ylmyň gazananlaryny gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamyna ornaşdyrmagyň aýratyn uly geljegi bardyr, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bolsa tutuş dünýä iň häzirki zaman hem-de daşky gurşawy üçin howpsuz tehnologiýalary peýdalanmak arkaly türkmen tebigatynyň täsin künjegini adamyň abadan durmuşy üçin özgertmegiň mysalyny äşgär etdi.


Ýurdumyz şeýle hem öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryna ygrarly bolup galýar.  Türkmenistanda daşky gurşawa  düşýän parnik gazlarynyň hasaby ýöredilýär, howanyň üýtgemegi bellige alynýar, beýleki barlaglar geçirilýär. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, şol sanda ýangyç-energetika toplumlarynyň kärhanalarynyň, awtomobil ulaglary we gurluşyk senagatynyň, himiýa pudagynyň, jemagat hojalygynyň giňden döwrebaplaşdyrylmagy tehnogen häsiýetli oňaýsyz ýagdaýyň daşky gurşawa täsirini azaltmaga mümkinçilik berýär.


Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ekologiýa nukdaýnazaryndan häzirki zaman, has kämil tehnologiýalar tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar, şeýle hem howanyň arassalygyna we tutuş daşky gurşawyň ýagdaýyna netijeli gözegçiligi ýokarlandyrmak, bina edilýän zawodlara, fabriklere, kärhanalara, ýaşaýyş-raýat gurluşygy desgalaryna bildirilýän ekologiýa ülňüleriniň we talaplarynyň ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen degişli çäreler geçirilýär.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň baş maksady önümçilik ulgamynyň tebigatyň bitewüligine zyýan ýetirmän, onuň daýanjy bolmagyny üpjün edýän netijeli ykdysady ulgamy döretmekden ybaratdyr.


Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn ekologiýa ugurly çäreler milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň täze möhüm şerti, tutuş halk hojalygy möçberinde tebigaty peýdalanmagyň düýpgöter täze nusgasyna ýetmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.


Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty diňe bir tehniki çemeleşmeler bilen çäklenmeýär, ol jemgyýetiň ruhy-ahlak taýdan sazlaşygyny, raýat jemgyýetini tebiýelemegi we kemala getirmegi, ýokary medeni derejäni gazanmagy hem-de tebigata paýhasly jogapkärli çemeleşmegi öz içine alýar.


Ekologiýa meseleleriniň çözgüdini gözlemek dünýä siwilizasiýasynyň jebisleşmegini döredýän ýagdaý boldy. Şunda durmuş gymmatlyklaryna gaýtadan seretmek, ählumumy, hemmetaraplaýyn aň-düşünjäni kemala getirmek wezipesi öňe sürülýär, şu ýagdaýda şahsyýet özüni bütin dünýä jemgyýetçiliginiň mynasyp agzasy hökmünde duýýar. Milli Liderimiz ekologiýa diplomatiýasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwerleşdirmeginiň hem-de ekologiýa ugurlylygynyň möhümdigine, olaryň ahlak ýörelgeleri esasynda ösdürilmegine ünsi çekmek bilen ynsan durmuşynyň gymmatlygyny ilkinji derejeli wezipe hökmünde öňe sürýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky ösüş meseleleri boýunça Sammitde çykyş etmek bilen, daşky gurşaw barada alada etmezden, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşini gazanmak mümkin däldir diýip aýtdy. Biziň ýurdumyz eýýäm birnäçe ekologiýa  başlangyçlary bilen çykyş etdi. Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek şol başlangyçlarynyň biridir.


Türkmenistan dünýä derejesinde ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly binýady döredýär, gymmatly tejribe toplaýar, bu bolsa ählumumy meseleleriň çözgüdini tapmaga uly goşant bolar.


Häzirki ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny ekologiýa deňagramlylygyny saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmak biziň umumy wezipämiz diýip, milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Bu babatda Türkmenistan hemişe beýleki döwletler we halkara düzümleri bilen, şol sanda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda ekologiýa töwekgelçiligini peseltmek maksady bilen, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny işjeň gözleýändigini görkezýär.


Ösüşiň ekologiýa konsepsiýasy ahyrky netijede ilatyň türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary bilen sazlaşykda durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, daşky gurşawyň abadançylygyna hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda biziň ýurdumyzyň tejribesi beýleki ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, senagat taýdan ösen ýurtlar üçin peýdaly bolup bilerdi.


Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, paýtagtymyzyň şäher düzümini ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de bellenilen möhletlerde alnyp barylmalydygyny nygtady.


Soňra milli Liderimiz saparyny dowam edip, paýtagtymyza demirgazyk tarapdan golaýlaşýan Garagum çölüniň künjekleriniň birinde durup geçdi. Türkmen ösümlik dünýäsine örän belet döwlet Baştutanymyz töwerege göz aýlap, öz ýanyndaky ýolbaşçylaryň ünsüni bu ýerde ösýän ösümliklere çekdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik dünýäsine köp görnüşleri bejerijilik häsiýetine eýedir. Olar gadym döwürden bäri halk lukmançylygynda ulanylypdyr, häzirki wagtda bolsa fitoterapiýada peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly binýatlaýyn ensiklopediýa eseri hem bu tebigy melhemlere bagyşlanandyr.


Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, çölüň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi, howa şertleri düýpli we çuňňur öwrenilmelidir. Tebigata we onuň ekoulgamlaryna aýawly çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz ony goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine ylmy çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi.


Türkmenistanyň Prezidenti sazak, gandym, çerkez, sözen, çeti, siňren, çomuç ýaly  Garagum çölüne mahsus ösümlikler hakynda gürrüň berdi. Türkmenistanda müňýyllyklaryň dowamynda emele gelip, ýerli şertlere oňat uýgunlaşan ösümlikleriň köp görnüşleri bolan ajaýyp tebigatly ýerler saklanyp galypdyr. Bu ýerler, şol sanda çöllükler ýer togalagynyň ösümlik örtügini emele getirýän biologiýa hadysalaryny öwrenmek, tebigatyň dürli syrlaryna göz ýetirmek üçin uly gymmatlyga eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.


Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dermanlyk ösümlikleri hökmünde hem, ot-iýmlik ösümlikleriň  täze tohumlaryny ýüze çykarmak üçin serişde hökmünde hem we beýlekiler üçin hem peýdaly bolan ösümlik dünýäsini goramak örän wajyp iş bolup hemişe alada etmegi talap edýär. Tebigatda bar bolan ösümlik görnüşleriniň ähli peýdaly häsiýetleri heniz bize mälim däl. Häzir peýdalanylmaýan ösümlikleriň hem soňra örän gymmatly bolmagy ähtimaldyr. Ine, şu sebäpli hem ösümlik dünýäsiniň umumy gaznasyndan bolmanda, bir görnüşiň ýitirilmegine hem ýol berilmeli däldir.


Biziň ýurdumyzda seýrek duş gelýän we ýitip barýan ösümlikleri goramak we sanyny dikeltmek boýunça döwlet çäreleriniň giden bir ulgamy hereket edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hususan-da, bu babatda goraghanalaryň  işi aýratyn netijelidir. Mundan birnäçe ýyl ozal Ahal welaýatynyň demirgazygynda “Bereketli Garagum”  atly täze, dokuzynjy goraghana döredildi. Garagum çöllügini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem işler alnyp barylýar.


Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda biologiki köpdürlüligi saklamak, dünýäniň tebigy landşaftyny emele getirýän aýrylmaz bölegi bolan täsin, asyrlaryň dowamynda emele gelen ekoulgamyň - Garagumuň baýlyklaryny ekologiýa taýdan howpsuz özleşdirmek üçin ähli tagallalar edilýär. Türkmen çöllükleriniň esasy baýlyklarynyň biri hem nebit bilen gaz bolup durýar. Olaryň ýataklaryny senagat taýdan işlemek ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen ýerine ýetirilýär.


Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň ulag düzümi ösdürilýär, ýurdumyz giň ýaýrawly awtomobil we demir ýollary ulgamy bolan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, Garagum çölüniň çäklerinden geçýän ýol ulgamy bolan iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Häzirki wagtda uzynlygy 564 kilometre deň bolan Aşgabat-Türkmenbaşy häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurulýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, bu ýoluň ugry boýunça kempingleri  gurmak barada görkezme berdi.


Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara syýahatçylygy işjeň ösdürilýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtamak bilen, daşary ýurt jahankeşdelerini ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklarynyň has özüne çekýändigini, türkmen tebigatynyň täsinlikleriniň, şol sanda çölleriň olarda uly gyzyklanma döredýändigini belläp, kempinglerde syýahatçylaryň dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döretmegi, olara göni otda taýýarlanylan milli tagamlary, dermanlyk ösümliklerden demlenen çaýy hödürlemek, çöller dünýäsine aralaşmak, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin şertleriň döredilmelidigini aýtdy. Bularyň ählisi biziň ildeşlerimize hem wagtyny arassa howada göwnejaý hem peýdaly geçirmekleri, dogduk ülkäni öwrenmekleri üçin mümkinçilik döreder diýip, milli Liderimiz belledi. 


Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde Çoganly ýaşaýyş toplumynda saklandy, bu ýerde iri kottej toplumy bina edilýär.


Gurluşyk üçin meýdany 70 gektar ýer bölünip berlen meýdanda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan işler alnyp barylýar. Iki gatly kottejler toplumyna 315 inedördül metr meýdany bolan öýleriň 240-sy, meýdany  295 inedördül metr bolan öýleriň 60-sy we  meýdany 285 inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 32-si girýär.


Paýtagtymyzyň çäkleriniň iki esse diýen ýaly giňeldilmegi bilen baglylykda, şäheri 2015-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň täze konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň 14-nji nobatdakysy dowam edýär we 15-nji nobatdakysynyň gurluşygyna girişildi. Mundan başga-da, Parahat-7, Köşi ýaşaýyş toplumlarynda gurluşyk işleri doly güýjünde alnyp barylýar, Abadan we Ruhabat etraplary abadanlaşdyrylýar.


Şu işleriň netijesinde bu gün Aşgabat täze taryhyň, nurana geljegimiziň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmegiň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.


Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalary, ylmy - tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we şu ugur boýunça dünýäde toplanan iň oňat tejribäni işjeňlik bilen ornaşdyrmak esasy ugur bolup durýar. Bularyň ählisi adamlaryň  durmuşynyň ýokary ölçeglere laýyk gelmegini, halkymyzyň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.


Döwlet Baştutanymyz hususy kompaniýalaryň alyp barýan gurluşyk işleriniň barşy we hili bilen tanşyp, türkmen işewürliginiň barha kuwwatlanýan mümkinçiliklerini belledi, döwletimiz onuň ösdürilmegi üçin ähli zerur çäreleri görýär. Şunuň ýaly ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi bolsa biziň raýatlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz jaýlara göçüp gelýän maşgalalar üçin kottejlerde iň gowy şertleriň döredilmegi babatynda görkezme berdi.


Döwlet Baştutanymyz bu ýerde durmuş düzümleriniň kadaly işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu işleriň ählisiniň halkyň abadan we eşretli ýaşaýşyna gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine gurluşyk desgalarynyň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemlerini jemläp, bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.