Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy


2016-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň energiýa üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdi.


Mälim bolşy ýaly, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, Aşgabady toplumlaýyn ösdürmek meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Şunda innowasion tehnologiýalaryň hem-de ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy türkmen paýtagtyny, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy ugurlar bolup durýar. Bu ýerde şäherleriň we obalaryň kadaly durmuşyny üpjün edýän döwrebap inžener-tehniki düzümiň döredilmegi möhüm şert hökmünde çykyş edýär.


Irden döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady, şol ýerde onuň täze dolandyryş – işewürlik hem-de medeni merkezi okgunly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde şäheriň şu bölegini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de güýjenmesi 220/110/35/10 kW bolan “Dagly” transformator bekedinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu beket Köpetdag etrabynda guruldy hem-de paýtagtymyzyň bitewi energiýa üpjünçilik ulgamynyň iň möhüm desgalarynyň biri bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde elektrik energiýasy pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berip, 2013-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli maksatnamany tassyklady. Onuň her tapgyrlarynyň biri täze desgalaryň – elektrik beketleriniň, elektrik geçirijiler ulgamlarynyň, döwrebap transformator podstansiýalarynyň toplumlarynyň, paýlaýjy ulgamlaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Iň täze inženerçilik çözgütleri hem-de işläp taýýarlamalary häzirki wagtda hem-de geljekde bu ulgamyň her bir böleginiň takyk we bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge ýardam etmelidir. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň eksport kuwwatyny nazara almak bilen, täze energiýa ulgamlarynda ilkibaşdan örän uly ätiýçlyk kuwwatlyklary göz öňünde tutulýar.


Energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistan iň baý döwletleriň biri bolup durýar, elektrik energiýasynyň öndürilişi bolsa, däp bolşy ýaly, dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly we ýokary  depginler bilen ösýär hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.


Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen gazturbina elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda geçen ýyl Ahal welaýatynda ulanmaga berlen, kuwwaty 504,4 MWt bolan elektrik bekedi bar. Ol paýtagtymyzyň töwereginde döredilýän täze energetika halkasynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýar. Şol halka bolsa paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de degişli ulgamy doly täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn taslama girýär. Mundan başga-da, ady agzalan konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ak bugdaý etrabynda ýerleşen “Ahal” elektrik stansiýasynda umumy kuwwaty 393,9 Mwt bolan täze energobloklaryň 5-si işe girizildi. Şeýlelikde, onuň kuwwaty 254,2 MWt-dan 648,1 MWt-a çenli ýokarlandy.


Mary DES-niň çäginde kuwwaty 1574 megawata barabar bolan ilkinji utgaşdyrylan buggaz  elektrik bekedini gurmak boýunça badalga alan taslama hem ykdysadyýetimiziň bu strategiki ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmäge, ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Ýokarda agzalan pudaklaýyn maksatnamany durmuşa geçirmekde ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir.


Täze “Dagly” transformator podstansiýasynyň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow, energetika ministri D.Rejebow, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýew, Içeri işler ministri I.Mulikow we Baş prokuror A.Hallyýew garşyladylar.


Ir säher bilen, günüň şöhlesi ak mermerli jaýlaryň üstüne düşende bu ýerden günsaýyn gözelleşýän Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýar.


Türkmen paýtagty özüniň diňe ak mermerli binalary bilen däl-de, eýsem, günsaýyn giňelýän gök zolaklary, ýollaryň ugrunda, ýaşaýyş jaýlarynyň we edara binalarynyň töwereginde timarlanan aýmançalary bilen gözüňi dokundyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça işleri dowam etmek barada Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygyna görkezme berdi.


Daşky gurşawa aýawly garamak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak we umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek  Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ählisi adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz bu ulgamda oňyn halkara başlangyçlarynyň birnäçesi bilen çykyş etdi. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bilelelişiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy. 


Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy, hususan-da, onuň günorta bölegini abadanlaşdyrmak, Aşgabat şäherini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek meselelerine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk teklipleri işläp taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan transformator bekedine tarap ugramak bilen, bu ýerde çekilen sil suwuny sowujy akabany synlady. Desga paýtagtymyzy mümkin bolan güýçli çagba gelende dagdan inýän suw akymyndan goraýar. Milli Liderimiz bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.


Podstansiýanyň çäginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça taslamalar, şeýle hem elektrik bekediniň  ýerleşiş hem-de elektrik geçiriji ulgamyň çyzgylary görkezildi. Ýerine ýetirilen işler barada milli Liderimize wise-premýer Ş.Durdylyýew hem-de energetika ministri D.Rejebow hasabat berdiler.


Hasabat berlişi ýaly, energiýa üpjünçiliginiň kemala gelýän bir bitewi ulgamy bir aýratyn şäheriň, şeýle hem tutuş ýurduň çäklerinde bökdençsiz, ygtybarly hem-de ýokary hilli energiýa üpjünçiliginiň kepili hökmünde çykyş edýär. Munuň özi şeýle hem elektrik energiýasy geçirilende we sarp edijilere ýetirilende, ýitgileriň azaldylmagyna mümkinçilik berer, diýmek, energiýa ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmaga ýardam eder.


Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp we taslamalar bilen tanşyp,  degişli tabşyryklary berdi, hususan-da, wise-premýere hem-de energetika ministrine desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hilli gurulmagyna berk gözegçiligi üpjün etmek Aşgabat şäheriniň häkimine täze energo desgalarynyň töwereginde gök zolaklary  döretmek, içeri işler ministrine olaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, Baş prokurora bolsa işiň barşyna gözegçiligi üpjün etmek barada tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem bu ýerdäki ýolbaşçylara elektroenergetika pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz täze beket toplumyny gözden geçirmegini  dowam edip, bu energetika desgasynyň tehniki häsiýetnamalary hem-de enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy, onuň gurluşygy iki tapgyrda amala aşyryldy.


Birinji  tapgyryň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda guruljak binalar we desgalar üçin inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny çekmegiň çäklerinde elektrik energiýa üpjünçilik enjamlaryny getirmek we gurnamak hakynda” kararyna laýyklykda “Dagly-110 kB” podstansiýasy guruldy, onuň tok paýlaýjy enjamynyň kömegi bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen iri desgalar toplumynyň energiýa üpjünçiligi amala aşyrylýar. “Dagly-110 kB” podstansiýasy döwrüň ýokary tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.


Ikinji tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda “Dagly-220 kB” podstansiýasy guruldy. Onuň işe girizilmegi şäheriň bu böleginiň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasyna artýan islegleri nazara almak bilen onuň berilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde Aşgabat-siti diýlip atlandyrylýan şäher okgunly kemala gelýär.


“Dagly” transformator podstansiýasynda “Siemens” belli  nemes kompaniýasynyň, şeýle hem bu  ugurda ýöriteleşen beýleki daşary ýurt önüm öndürijileriň öndüren döwrebap enjamlary oturdyldy. Ol iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen şeýle bäş desgalarynyň biridir. Olaryň hatarynda “Gurtly”, “Abadan”, “Olimp” we “Aşgabat” beketleri bar.  


Soňra podstansiýany gözden geçirmegiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çäklerini okgunly giňeldýän ýurdumyzyň baş şäheriniň elektrik energiýasyna artýan hajatlaryny nazara almak bilen döredilýän Aşgabadyň bir bitewi  energiýa üpjünçilik ulgamynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda, şeýle hem Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bina edilýän elektroenergetika desgalarynyň gurulmagy, üpjün edilmegi hem-de ulanmaga berilmegi bilen bagly meseleleri çözmäge jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz podstansiýany gözden geçirmegi dowam edip,  Dessin dolandyryş bölümine bardy, tehnikanyň dürli görnüşlerini, şol sanda   energetika enjamlaryny öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy “General Electric”  kompaniýasynyň Türkmenistana getiren enjamlary bilen tanyşdy.


Eziz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde elektroenergetika ägirt uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz  Aşgabat şäherini, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Bu wezipäniň çözülmegi häzirki wagtda ähli welaýatlarda döwrebap senagat merkezleriniň döredilmegini, täze obalaryň we şäherçeleriň gurulmagyny nazara alanyňda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu pudagyň ägirt uly kuwwatynyň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.


Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň energiýa üpjünçiliginiň bir bitewi ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde Aşgabadyň energiýa ulgamyny düýpli täzelemegiň taslamasyny amala aşyrmak, düzüm desgalarynyň gurluşygynyň ýokary hili bolmagy hem-de olary täze enjamlar bilen üpjün etmek we desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek bilen bagly görkezmeleri berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, şeýle hem Aziada-2017 ýaly möhüm wakalara taýýarlyk görmek bilen baglylykda degişli ugurda geçirilýän işleriň ähmiýetini belledi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  täze desgada işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagyny tamamlap, bu ýere ýygnanan ýolbaşçylaryň ünsüni taslamalar amala aşyrylanda daşky gurşawa aýawly garamagyň möhümdigine çekdi. Ýurdumyzda bar bolan we bina edilýän energetika desgalarynyň ýokary ekologik talaplaryna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan  hem-de daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak maksadynda olaryň ýerleşdiriljek ýerleri saýlanyp alynýar.


Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda täze serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa hem-de ýokary netijeli öňdebaryjy enjamlaryň  degişli ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyny ýurdumyzyň energetikleriniň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi.  Şeýlelikde, milli energiýa ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy gurallarynyň biri hökmünde kesgitlän “ýaşyl ösüşiň” strategiýasy bilen gös-göni baglydyr.


Milli Liderimiz sözüni dowam edip, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek meseleleri barada durup geçdi hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýewe degişli ugurda amala aşyrylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde baglara ideg etmek barada aýdyp, şunda ylmy çemeleşmäniň hem-de damjalaýyn suwarmak ýaly netijeli tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi. Bu usul suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna hem ýardam edýär.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek maksady bilen güýz paslynda bag nahallaryny ekmek meselesi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň ekiljek meýdanlaryny, nahallaryň görnüşlerini kesgitlemek boýunça amala aşyrylýan işler bilen gyzyklandy.


Milli Liderimiz olaryň hatarynda arizona serwisiniň geljeginiň uludygyny aýtdy. Ýylyň dowamynda ýaşyl öwüsýän  bu agaç tozany we sesi saklaýar, köp suw talap etmeýär, dürli toprakda ösmäge ukyplydyr. Döwlet Baştutanymyz arizona serwisiniň şu häsiýetlerini nazara almak bilen, ony ýollaryň ugrunda hem-de şäheriň daşyndaky ýollaryň gyrasynda oturtmagy maslahat berdi.


Ýaşyl zolaklary döretmekde ýerli ösümlikleriň arasynda türkmen arçasy özüni iň gowy tarapdan görkezdi. Arçanyň ýakymly ysy bardyr. Ol ozon gatlagyny goramakda has netijelidir, ýeliň güýjüni peseldýär, gün radiasiýasynyň topraga aralaşmagynyň öňüni alýar. Arça daglaryň yzgaryny saklaýar. Ol daglarda düşýän ygaly özünde jemleýär hem-de suwy örän tygşytly harçlaýar.


Milli Liderimiz bu işleri ylmy esasda çemeleşmegiň möhümdigini belledi.  Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ady agzalan döwlet komitetiniň başlygyna güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi.


Iş saparynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady we ýygnananlara işde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.