Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi


2016-njy ýylyň 26-njy sentýabr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy,  ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň ilkinji nobatdaky meseleleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp täze desgalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk meseleleri girizildi.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açmak bilen wideoşekilli aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim milli Liderimiziň welaýatyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga tabşyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowyň ýurdumyzyň  ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy baradaky hasabatyny diňledi. 


Döwlet Baştutanymyz welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilýän işlere ünsi çekip, alnyp barylýan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.


Milli Liderimiz güýzlük bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirmegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, Tejen, Sarahs, Kaka, Ak bugdaý etraplarynda işleriň gowşak depginde alnyp barylýandygy sebäpli güýzlük bugdaý ekişiniň bellenilen möhletden yza galýandygyna ünsi çekdi.  Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýat häkimine ýüzlenip, ondan güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça zerur guramaçylyk çäreleri görmegi talap etdi.


Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda pagta hasylyny ýygnamak boýunça bellenilen meýilnamalaryň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bidirdi. Döwlet Baştutanymyz welaýat häkiminden jogapkärli oba hojalyk möwsümini öz wagtynda we oňat netijeler bilen tamamlamak üçin bar bolan ähli tehniki serişdelerden doly güýjünde peýdalanmagy talap etdi.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk  işleriniň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň depginini ýokarlandyrmak, senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, welaýatda gurulýan täze desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar sebitinde galla ekişini geçirmek meselesine ünsi çekip, Serdar, Bereket etraplarynda we tutuş welaýatda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini aýtdy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýolbaşçysyna bu jogapkärli oba hojalyk çäresini talabyna laýyklyk geçirmek barada görkezme berip, güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini düýpli ýokarlandyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.


Soňra döwlet  Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan, sebitleriň durmuş we ykdysady düzümlerini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň barşyna ünsi çekip, häkime bu işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de baýramçylyga gabatlanan desgalary  öz wagtynda ulanmaga bermek babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra wideoşekilli aragatnaşyga şol bir wagtda Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow çagyryldy. Häkim ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz welaýatda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini, hususan-da, Gurbansoltan eje adyndaky, Görogly etraplarynda bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini aýtdy we demirgazyk sebitiň ýolbaşçysyna şu etraplarda agrotehniki kadalary berk ýerine ýetirmek bilen bugdaý ekişiniň depgininiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň möhletiniň berk berjaý edilmeginiň wajypdygy barada aýdyp, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm işiň depgininiň Ruhubelent, Köneürgenç etraplarynda pesdigini aýdyp, pagta hasylyny ýygnap almak üçin degişli çäreleri görmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini  has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada durup geçip, baýramçylyga gabatlanyp ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de gurluşyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew, öz nobatynda, sebitde oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilişi hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň geçirilişi barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň depginini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiz Sakar, Saýat, Birata etraplarynda ekişiň depgininiň örän pesdigini aýdyp, sebitde dörän ýagdaýy düzetmek üçin zerur bolan guramaçylyk çärelerini kabul etmäge degişli anyk görkezmeleri berdi.


Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Birata we Döwletli etraplarynda pagta ýygymynyň pesdigine ünsi çekip, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak, munuň üçin pagta ýygýan kombaýnlardan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz pagtanyň milli baýlygymyz bolup durýandygyny belläp, welaýatyň ýolbaşçysyna ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almagy hem-de ony aýawly saklamagy üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra  milli Liderimiz Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depgini hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz häzirki wagtda pagta ýygmak boýunça jogapkärli döwrüň gelip ýetendigini belläp, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Baýramaly, Wekilbazar, Murgap, Oguzhan etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigine ünsi çekip, işleri guramak babatda kemçilikleri seljerip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi we welaýat häkimine oba hojalyk tehnikalarynyň işledilişine we saklanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu sebitde hem bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini, hususan-da, Murgap, Wekilbazar, Mary, etraplarynda işleriň talabalaýyk guralmandygyny aýtdy we bu jogapkärli işiň depginini ýokarlandyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýat häkimine oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak we olary gurat saklamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, taýýarlyk işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy babatda anyk görkezmeleri berdi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, wise-premýer R.Bazarowa oba hojalyk işleriniň depginlerini haýalladýan ýagdaýlary seljermek we aradan aýyrmak, pudaga degişli düzümleriň  welaýatlaryň hojalyklary bilen utgaşykly işlemegini hem-de bar bolan tehnikalary netijeli ulanmak we ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, bu ýerde gurulýan  desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabatda  abadanlaşdyryş we arassaçylygy üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň barşy, seýilgäh zolaklaryny dörwebaplaşdyrmak baradaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hem-de paýtagtymyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde amal aşyrylýan özgertmeleriň hem-de durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň aşgabatlylaryň abadançylygyna we ýaşaýyş durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilmelidigini belläp, häkimden bu ugurda geçirilýän işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.  Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabadyň baýramçylyk desgalaryndaky işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň ähli babatda tutuş ýurdumyz üçin görelde bolmalydygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine öňlerinde durýan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna we döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny garşylamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.