Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi


2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzyň maliýe-bank edaralaryny has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. Kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň çäklerinde degişli Kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Dürli maksatly täze desgalary gurmak hem-de bar bolan binalaryň we desgalaryň durkuny täzelemek üçin gönükdirilýän maýa goýumlaryny netijeli peýdalanmak onuň esasy maksady bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi. Umuman hödürlenen teklibi makullamak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýangyç-energetika toplumyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän işleriň netijeleri, milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň kärhanalarynyň we edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylýan işler barada  hasabat berdi.


Nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyp, oňa laýyklykda nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek  göz öňünde tutulýar.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, taýýar önümleri daşary ýurtlara ibermegiň, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň esasynda çig maly gaýtadan işlemegiň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze önümçilikleri  gurmak boýunça işleriň depginini artdyrmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişiniň gowşamaýan depginde alnyp barylýandygy bellenildi. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 440 müň 96 gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirildi. Ekinlere ideg etmek boýunça hem degişli agrotehniki çäreler amala aşyrylýar.


Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymynyň depgini hem barha güýçlenýär. Ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 451 müň 37 tonna pagta hasyly ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Şeýle hem bu möwsümi guramaçylykly geçirmegiň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalaryny  işjeň ulanmagyň hasabyna görülýän çäreler barada habar berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna degişli oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz geljekki bol hasylyň girewi bolan ähli agrotehniki gözegçiligiň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, sebitlerde alnyp barylýan meýdan işlerine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.


Hormatly Prezidentimiz wise-premýere pagta ýygymy möwsümini we bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak babatda hem birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga, şol sanda öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagy ösdürmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şol sanda dokma senagatynyň önümçilik galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler barada  hasabat berdi.


Wise-premýeriň habar berşi ýaly, milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan degişli ugurda toplumlaýyn çäreler görülýär.   


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly maýa goýumlary gönükdirip, ýurdumyzyň dokma senagatyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemme şertleri döredýändigini belledi. Diňe bir senagat kuwwatlyklaryny artdyrman, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryp hem-de önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirip, isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmek hem zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


Pudakda maýa goýumlary özleşdirmek, kärhanalaryň bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem-de täze döwrebap kärhanalary gurmak, önümçilik düzümlerini ösdürmek toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu ähli uly möçberli işleriň ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwatyny has doly amala aşyrmaga, şol sanda dokma senagatynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.    


Mejlise çagyrylan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M. Aýdogdyýew himiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça konserniň garamagyndaky düzümlerde durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.


Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleri bilen baglylykda  dökünleriň dürli görnüşleriniň öümçiligini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa pudagyny ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Paýtagtymyzy ösdürmek babatda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek hem-de ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.


Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, şäher düzümini dolandyrmagyň we ony kämilleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreler kesgitlenildi. Paýtagtymyzda ýol-ulag hereketini kadalaşdyrmaga ýardam etjek awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygyna, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Şäheriň köçelerini hem-de Aşgabadyň ähli etraplarynyň seýilgählerini abadanlaşdyrmak boýunça işler berk gözegçilikde amala aşyrylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan mundan beýläk hem paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň şäherleriniň we şäherçeleriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmäk üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigini nygtady.    


Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynyň özüniň belent derejesine laýyklykda, ähli babatda nusga bolmalydygyny, eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi bermelidigini nygtap, ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalaryň ählisiniň gurluşygyny ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmek babatda görkezme berdi.


Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň bökdençsiz we sazlaşykly hereket etmeginiň, ony abadanlaşdyrmagyň, jemagat hojalygy edaralarynyň we beýleki degişli gulluklaryň takyk we sazlaşykly işlemegini üpjün etmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 26–27-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek 12-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny has-da giňeltmäge, ulag-üstaşyr ulgamyndaky özara gatnaşyklaryna, oba we suw hojalygy, maşyngurluşyk ulgamlarynda, himiýa senagatynda hem-de  sport we syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.


Şunuň  bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna türkmen wekiliýetiniň ady agzalan toparyň mejlisine gatnaşmagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň baý tejribesiniň bardygyny hem-de milli ykdysadyýetleriň serişdelerini we üstünliklerini nazara almak bilen, onuň  söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisiniň köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hem-de beýleki milli we halkara ähmiýetli şanly seneleriň , olara gabatlanyp geçiriljek  durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermegiň hormatyna oktýabr aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasy barada  hasabat berdi.


Şanly sene mynasybetli ylmy maslahatlary, konsertleri, sergileri, spektakllary we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. 


Geljek aýyň başynda  ýol hereketiniň howpsuzlygy biraýlygynyň jemleri jemlener. 6-njy oktýabrda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini Ýatlama güni mynasybetli çäreler geçiriler. Möhüm wakalaryň hatarynda 4-5-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilmegi meýilleşdirilen “Hukuk döwletiniň mizemezligi: milli tejribe we dünýä ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahat, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi, “Ýaňlan, Diýarym!” tele bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty, täze gurlan binalaryň açylyş dabaralary we beýleki çäreler bar. 


Şanly taryhy senä bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly  mesele barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetde belent ynsanperwer däp-dessurlary aýawly saklamakda onuň ähmiýetini belläp, wise-premýere şanly dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde  döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda geçirilýän hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan üçünji Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Ýola goýlan däbe görä, ol Türkmenistanyň döwlet medeni merkeziniň öňündäki meýdançada geçiriler. Onuň maksatnamasynda milli we dünýä sazlarynyň genji-hazynasyna giren eserler, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň, şeýle hem bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada gelen awstriýaly artistleriň ýerine ýetirmeginde saz eserleri ýaňlanar.


Döwlet Baştutanymyz türkmen-awstriýa medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen çäräniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ähli halkara çäreleriniň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna laýyklykda geçirilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz bu babatda başy başlanýan oňyn başlangyçlaryň we işleriň halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklarynyň köprülerini gurmaga, türkmenistanlylary dünýä medeniýeti bilen tanyşdyrmaga hem-de dünýä giňişliginde milletiň ruhy gymmatlyklaryny ýaýmaga hyzmat edýändigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere şol çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny 30-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Wise-premýer milli Liderimiziň ösüp gelýän nesil barada edýän atalyk aladasynyň netijesinde, ýurdumyzda çagalary sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini, döredijilik bäsleşikleriniň hem-de beýleki çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri!” bäsleşiginiň etrap, şäher, welaýat we paýtagt tapgyrlarynyň netijeleri boýunça bäsleşigiň döwlet derejesindäki tapgyryna gatnaşmak üçin aýdymçy çagalaryň,   çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň seçilip alnandygy aýdyldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýaş nesliň abadançylygynyň hem-de sazlaşykly ösüşiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmenistanlylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda eziz Watanymyza, türkmen halkynyň baý medeniýetine hem-de özboluşly däp-dessurlaryna söýgi duýgusyny kemala getirmekde geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ähmiýetini belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bular barada aýtmak bilen, her ýyl şanly senäniň – ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk hem ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň özleriniň döredijilik ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykaryp bilmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça maksada laýyk çäreleri görjekdigini nygtady. 


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow 28–30-njy sentýabrda «Türkmentel–2016» atly halkara sergisini hem-de «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


Wise-premýer öňümizdäki foruma dünýäniň 20 ýurdunyň wekilleriniň   gatnaşjakdygyny habar berdi. Sergide telekommunikasiýalar ulgamynda enjamlaryň, tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň ýokary ykdysady görkezijileri gazanmakda, durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistanda ösen tehnologiýalar ulgamynda hödürlenilýän dürli hyzmatlara islegleriň barha artýandygyny belledi. Döwletimiz ilatymyzyň häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli tagallalary edýär: telefon beketleriniň enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilýär, emeli hemra aragatnaşyk ulgamy hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňelýär, ýokary tizlikli internet ulgamyndan ulanyjylaryň sany günsaýyn artýar.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn  serginiň we maslahatyň geçirilmeginiň türkmen kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işjeň gatnaşyklary giňeltmekde hem-de halkara bazarynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirdi.   


Soňra Mejlise çagyrylan demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, häzirki döwürde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina böleginde gurluşyk işleriniň barşy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynda işleri döwrebaplaşdyrmak, demir ýollaryň durkuny täzelemek we demir ýol ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek barada beren tabşyrygynyň esasynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň we özgertmegiň 2017-2030-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň işlenip taýýarlanan taslamasy barada hasabat berdi.


Maksatnamada Aşgabat-Türkmenbaşy we Aşgabat-Farap aralygyny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenbaşy-Farap aralygyndaky hereket edýän esasy demir ýol ulgamyny düýpli abatlamak işlerini 2017-2022-nji ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn amala aşyrmak bellenilýär. Şeýle hem maksatnamada ýokary tizlikli demir ýoluny gurmak boýunça meýilleşdirilýän işler tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Şu maksat bilen, Aşgabat-Türkmenbaşy aralygynda ýokary tizlikli demir ýoluny gurmagyň taslamasy işläp taýýarlanar.  Şunuň bilen baglylykda,  lokomotiw parkynyň döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. 


Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmekde ulag ulgamynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Milli Liderimiz şundan ugur almak bilen, ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek, olary halkara ölçeglerine laýyk getirmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda, ady agzalan   maksatnamany kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk teklipleri aýdyp, degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Satlykowa we ministrligiň ýolbaşçysy B.Annameredowa Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, ony bellenilen möhletde tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.


Nygtalyşy ýaly, täze kanun taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan ilkinji nobatdaky wezipeleri göz öňünde tutulyp alnyp barylýar. Kabul edilýän kanunlary Türkmenistanyň täze rejelenen Konstitusiýasynyň düzgünlerine hem-de halkara kadalaryna we ölçeglerine laýyk getirmek ýaly wajyp ugurlara aýratyn üns berilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki tapgyrda ýurdumyzyň depginli ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Kabul edilýän ähli kanunlar döwlet ösüşiniň toplumlaýyn özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň berkarar bolmagyna, onuň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidir. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz deputatlaryň kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde iş alyp barmalydygyny, öz okruglarynyň durmuş-ykdysady meselelerini çözmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen işjeň özara hereket etmelidigini belledi. 


Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özlerine ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we geçirilýän işler, degişli maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek, ýurdumyzda kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, harby gullukçylaryň degişli derejede gulluk etmegi we ýaşamagy üçin şertleri döretmek, olaryň ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelenilmegini, nazaryýet hem-de söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň  esaslaryny berkitmekde, halkymyzyň bagtly hem-de abadan durmuşyny üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň mynasyp goşandyny belläp,  döwletimiziň parahatçylykly, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi.


Milli Liderimiz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guraljak dabaralara ünsi çekip, şöhratly senäni garşylamaga oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi, şanly senäniň hormatyna geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görmek hem-de baýramçylyk günleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde düzgün-tertibi berjaý etmek babatda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ahyryna çenli çäreleriň degişli meýilnamasyny düzmek hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezme berdi.


Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Soňra mejlise çagyrylan Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň prezidenti Mohammad Kasyma söz berildi.


Biziň ýurdumyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda diňe sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda däl-de, eýsem, durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny aýdyp, jenap Mohammad Kasym Aşgabatda bolmagynyň oňa türkmen Lideriniň köpugurly işleriniň hem-de geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň türkmenistanlylaryň abadançylygyna hem-de Türkmenistanyň rowaçlygyna gönükdirilendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berendigini belledi. Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň ata-babalarynyň müňýyllyklaryň içinden alyp gelen milli mirasyny aýawly saklamak we artdyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. “Siz milletiň ruhy baýlygyna aýawly garamagyň belent nusgasyny tutuş dünýä görkezdiňiz” diýip, jenap Mohammad Kasym döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýtdy.


Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hem-de bu ugurda watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlarymyza şahsy görelde görkezip, adam hakynda aladany, onuň saglygyny we abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Ýurtda döwrebap sport düzümini döretmäge gönükdirilýän ägirt uly serişdeler döwlet Baştutanynyň ýokary üstünlikler sportuny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek meselelerine örän uly üns berýändigine şaýatlyk edýär diýip, myhman munuň ýakyn geljekde öz miwelerini berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly serişdeleri  gönükdirmäge ukyplydyr.


Aziada-2017-ä taýýarlyk görlüşine ýokary baha bermek bilen, Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýolbaşçysy Aşgabatda Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmaga bagyşlanyp geçirilen Halkara sport media-forumyny guramakda ägirt uly goldawy we ýardam edendigi üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallygyny bildirdi.


Maslahatyň işlän günleri dünýäniň 29 döwletinden bolan esasy teleradioýaýlymlaryň, metbugat neşirleriniň, halkara we sebit assosiasiýalarynyň wekillerine Türkmenistanda sporty we köpçülikleýin- bedenterbiýe hereketini ösdürmek, yklym oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik döredildi diýip, myhman sözüni dowam etdi. Biz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap sport düzümini döretmäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga berýän ägirt uly ünsüniň türkmen türgenleriniň iri halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlarynyň girewi bolup hyzmat edýändigine nobatdaky gezek göz ýetirdik diýip, Mohammad Kasym belledi.


Dünýäniň sport giňişliginde bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek babatda Türkmenistanyň abraýyny artdyrmakda öňde boljak oýunlaryň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen, Aziýa sport metbugaty birleşiginiň baştutany öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň dünýä bileleşigini türkmen halkynyň gazananlary bilen tanyşdyrmagy öz borjy hasaplaýar diýip aýtdy. Şeýle hem myhman Aziada-2017-niň Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk   gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.


Türkmenistanda bolmak meniň üçin uly hormatdyr diýip, myhman  Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy milli sport hereketini ösdürmäge we sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin ýokary derejeli Altyn medal bilen sylaglamak hakynda karar kabul edendigini habar berdi. Türkmenistanyň Baştutany ilkinji bolup, bu ýokary sylaga mynasyp boldy diýip, jenap Mohammad Kasym belledi.


Myhman dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýokary sylagyny hem-de degişli diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, türkmen Liderine abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallygyny beýan etmek bilen, myhman biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


Milli Liderimiz hormatly sylag üçin Aziýa sport metbugaty birleşiginiň  ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, sport-parahatçylygyň ilçisi bolup, ol dürli ýurtlarda we yklymlarda ýaşaýan halklary birleşdirmäge ukyplydyr diýip belledi. Türkmenistanda her bir raýatyň bähbidine sporty ösdürmek üçin örän uly işler geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu işleriň häzir öz anyk netijelerini berýändigini belledi. Biziň watandaşlarymyz halkara ýaryşlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýärler, köp sanly medallara mynasyp bolýarlar.


Aziýa sport metbugaty birleşiginiň bu sylagy her bir türkmen türgeniniň, tälimçisiniň  we tutuş sportuň  üstünliklerini ykrar etmegiň nyşany bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň halkara sport hereketinde ykrar edilmegini aňladýan şeýle ýokary baha biz üçin uly buýsanç bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Mohammad Kasymyň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmakda öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.


Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.