Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady


2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hillden ynanç hatyny kabul etdi.


Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi.


Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 25 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýetirdi.  Ilçi dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam edýän ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.


Duşuşygyň barşynda myhmana Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen milli we halkara taslamalaryň we maksatnamalaryň wezipeleri barada gürrüň berildi. Diplomat şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýan parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak barada teklip aýdyldy.


Diplomat Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, öz ýurdunyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmenistan we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de köpsanly oňyn başlangyçlaryň awtory hökmünde meşhurdyr.


Duşuşygyň ahyrynda jenap Ian Hill öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki dostlukly halkyň hem-de döwletleriň   bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň ýardam etjekdigine ynandyrdy.


Şu gün Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hill Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi.