Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi


2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdy. Iş maslahatynyň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi.


Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýada alnyp barylýan işler, obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bina edilýän dürli ähmiýetli desgalardaky, ilkinji nobatda, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyryljak täze desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy, beýik baýramçylygymyza taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.


Milli Liderimiz sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, bu möhüm oba hojalyk möwsümleriniň depginlerini artdyrmagy welaýat häkiminden talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkime ýerlerde bugdaý ekişiniň örän haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.


Türkmenistanyň Prezidenti welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, bu ýerde bina edilýän desgalaryň ählisiniň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 25 ýyllyk baýramyna mynasyp taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de degişli meseleleriň ählisini düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, güýzlük bugdaý ekişiniň häzirki görkezijileri barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ilkinji nobatda, ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýän täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmelidigine welaýatyň häkiminiň ünsüni çekip, obasenagat toplumynda bar bolan maddy-enjamlaýyn serişdelerini has netijeli peýdalanmak maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz sebitiň durmuş-ykdysady düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesine ünsi jemläp, häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara, şol sanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görlüşiniň meselelerini çözmäge hem-de baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.


Wideoşekilli iş maslahat Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Hususan-da, güzlük bugdaý ekişiniň hem-de alnyp barylýan pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berildi. Häkim şeýle hem welaýatda Milli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hem-de bina edilýän dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljekki hasylyň bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine gönüden-göni baglydygyny belledi, ekiş möwsüminiň depginlerini güýçlendirmäge hem-de pagta ýygymy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we oba hojalyk öndürijileriniň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin bar bolan güýçleri gönükdirmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny nygtap, ýerlerde ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramçylygyna hem-de oňa bagyşlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, häkime bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew, öz nobatynda,  sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda ykdysady we durmuş düzümlerini ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalara taýýarlyk görlüşi hem-de olar mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hem aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki wagtda ýaýbaňlanan esasy oba hojalyk işleri bolan  güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini artdyrmagy we ähli düzümleriň üznüksiz işlemeginiň üpjün edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygym möwsüminiň depginleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, welaýatda alnyp barylýan täze desgalardaky gurluşyklaryň barşy, şol sanda Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesi mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.


Milli Liderimiz sebitiň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny işjeň peýdalanmak maksady bilen, hemme degişli düzümleriň utgaşykly işlemegini gazanmagyň wajypdygy barada aýdyp, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýer eýeleriniň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin gerekli şertleri döretmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan möhüm desgalarldaky gurluşyk işleriniň depginleriniň peselmegine ýol berilmeli däldigini aýtdy hem-de beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 25 ýyllyk şanly baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak üçin zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmegi barada häkime anyk görkezmeleri berdi.


Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň hasabaty diňlenildi.  Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, Aşgabady abadanlaşdyrmak hem-de paýtagtymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aşgabat şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň binagärlik bezegleriniň taslamalary hödürlenildi.


Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, olara käbir belliklerini  aýtdy hem-de düzedişlerini girizdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, meýilleşdirilen bu işler paýtagtymyzyň gözellik sazlaşygy bilen utgaşyp, Aşgabadyň owadanlygyny has-da artdyrmalydyr. Şunda olarda milli öwüşgin aýdyň ýüze çykmalydyr. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 


Şeýle hem milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň öz belent derejesine laýyk gelmelidigini nygtap, ony mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny, paýtagtymyzda degişli gulluklaryň ählisiniň sazlaşykly hem-de takyk işlemegini talap edýän nusgalyk arassalygy we düzgün-tertibi üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.


Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň  ýaşaýyş-durmuşy şertlerini gowulandyrmak baradaky alada esasy üns berilýän meseledir. Olaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak we abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir. Şu maksatlar bilen paýtagtymyzda şaýollary gurmak we olaryň durkuny täzelemek, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edip, köprüleri gurmak babatda depginli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem dowam edýär. Olarda oňaýly ýaşamak üçin hemme amatly şertler döredilýär. Şanly senelere gabatlap, desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy hem asylly däbe öwrüldi.


Milli Liderimiz şu babatda alnyp barylýan ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde tamamlanmalydygyna ünsi çekip, häkime degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň ýetip gelýän şu günlerinde aýratyn möhüm häsiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygy barada aýdyp, şanly dabaralaryň maksatnamasynyň düýpli oýlanyşylmalydygyny belledi. Şunda Aşgabadyň gözelligini artdyrmaga hem-de baýramçylyk bezelişine aýratyn üns berilmelidir. Paýtagtymyz şöhratly senäni özüniň tutuş gözelliginde garşylamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň netijelerini jemläp, onda garalan meseleleriň hem-de öňde goýlan  ilkinji derejeli wezipeleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi.


Iş maslahatyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.