Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi


2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Şu gün geçirilen Ýaşulularyň maslahaty möhüm, taryhy waka-milli hukuk ulgamynyň daýanjy, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezliginiň kepili bolup çykyş edýän, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunly çykmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine beslendi.


Ýaşulularyň maslahaty-türkmen  jemgyýetiniň gurluşynyň esasy mekdepleriniň biri bolup, onuň däpleri gözbaşlaryny uzakda galan asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen halky aksakal ýaşulularyna aýratyn hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesine daýanyp geldi. Häzirki taryhy döwürde bu hakyky demokratik däp ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeläp, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň öz belent gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýaşulular maslahatynyň her bir mejlisi  umumymilli gerimli foruma öwrülip, onda açyk ara alyp maslahatlaşmak görnüşinde möhüm meselelere garalýar  hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň abadan we bagtly ýaşamagy üçin ileri tutulýan ähmiýeti bolan anyk çözgütler kabul edilýär.


Irden Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.


Ruhyýet köşgüniň ajaýyp zalynda aýratyn dabaralylyk, ählumumy birleşme we ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar, bu ýere Türkmenistanyň ähli sebitlerinden wekiller ýygnandylar.


Bu ýere ýygnananlar oňyn özgertmeler we reformalar syýasatynyň awtory--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Şol özgertmeler uzakmöhletleýin geljegi, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy nazara almak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir hem-de dünýä giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýynyň artmagyny şertlendirdi.


Döwlet Baştutanymyz zalyň sahnasyna çykýar hem-de türkmen jemgyýetinde onuň gadymdan gözbaş alýan demokratik däplerini, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýan maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary bilen mähirli salamlaşýar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, her bir tutumly işiň başy başlananda, toý-baýramlar geçirilende parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşmak agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir diýip belledi. Biz şu gün hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine we asylly däplerine eýerip, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri we öňde duran belent wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna ýygnandyk diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ýaşlar bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri hem-de biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.  Halkyň hormatlaýan ýaşululary we kümüş saçly enelerimiz maslahatyň hormatly gatnaşyjylary bolup durýar.


Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Ýaşulular maslahatyny açyk diýip yglan edýär. 


Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, ony umumymilli maslahata gatnaşyjylar agzybirlikde alyp göterýärler.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň prezidiumyna saýlanan agzalaryny öz orunlaryna geçmäge çagyrýar.


Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçmezden öň, ilki bilen bu ýere yygnananlary mümkinçilikden peýdalanyp, Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş arzuw etdi. Gurban baýramynda beren sadakalaryňyz, eden doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň eýýäm gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçiliginiň bolandygyny belledi


hem-de gün tertibine hödürlenen meseleler we resminamalar boýunça teklipleriň ýa-da bellikleriň barlygy ýa-da ýoklugy bilen gyzyklandy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň biragyzdan goldamagy we makullamagy bilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan etdi.


Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip,  Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şanly wakanyň - Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň öňýanynda ajaýyp Ruhyýet köşgünde geçirilýän şu forumyň ähmiýetini belledi.


Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly,  «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion kanunda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna - türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.


Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy waka hem-de dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we  şoňa görä-de, çärýek asyr mundan ozal - 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamanyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp boljakdygyny belledi.


Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün, her bir aý we her bir ýyl özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi.


“Biz eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk eýýamynyň taryhyna buýsanmaga doly haklydyrys!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we 


Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişleriň bolup geçendigini kanagatlanma bilen belledi. Düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Döwlet Garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.


Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi we hereket edýär. Şu ýyllarda döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş edaralary döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


Biziň Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlamagy Sowet Soýuzynyň dargan hem-de uruşdan soňky halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymlaşan döwrüne gabat geldi diýip, milli Liderimiz aýtdy we şol döwürde  döwletimiziň resmi hukuk ýagdaýy we daşary syýasatymyzyň baş ugry hökmünde bitaraplyk ýoluny saýlap almak barada ykbal kesgitleýji çözgüdiň kabul edilendigini belledi.


Türkmen bitaraplygy halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý hökmünde, ählumumy ösüşiň gurluşyny üýtgetmegiň has amatly ýoluny dünýä bileleşigine teklip etdi. Bu bolsa, hyzmatdaşlyk etmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.


1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan goldady we kabul etdi.


Bu Rezolýusiýada Milletler bileleşigi «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar» diýlip bellenilýär.


Biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan oňyn syýasatyny dünýä bileleşigi hemmetaraplaýyn makullaýar we goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy we  Bitarap Türkmenistanyň birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise - başlyklygyna saýlanmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.


Milli Liderimiz Türkmenistanyň indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, munuň özüniň berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda aýratyn ähmiýetli wakadygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, biziň ýurdumyzyň soňky ýyllarda bu iri halkara Guramasynyň abraýly düzümlerine we ykdysady edaralaryna köp gezek saýlanandygyny belledi.


Geçen ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäniň 47 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz resminamanyň esasy düzgünleri barada durup geçip, Rezolýusiýada biziň Garaşsyz döwletimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň  goldanylýandygyny hem-de türkmen Bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady taýdan sebit we dünýä ösüşine oňyn täsir edýändigini nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge we ygtybarly ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlaryna ýene-de bir gezek goldaw bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Rezolýusiýada çylşyrymly we adatdan daşary hadysalar hem-de tebigy heläkçilikler zerarly kyn ýagdaýda galan ýurtlara  we halklara ynsanperwer kömegini bermekde Türkmenistanyň oňyn ornunyň ykrar edilýändigini nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmeginiň ähmiýetini belläp, munuň Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygynyň täze aýdyň subutnamasy bolandygyny, alyp barýan oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasy ugrunyň netijelidigini görkezendigini aýtdy. Ol bu syýasatyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Milletler bileleşiginiň üýtgewsiz goldaýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi. Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş –çärýek asyrlap Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny anyk häsiýetlendirip gelýän esasy düşünjelerdir diýip, milli Liderimiz nygtady.


Bitarap Watanymyz halkara derejesinde ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Merkezi Aziýa sebitinde hakyky parahatçylygy dörediji döwlete öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly ýagdaýdyr. Garaşsyzlyk ýyllary şol döwrüň çylşyrymly we aýgytly pursatynda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmen döwletiniň  häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýändigini belläp,  Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň Ýer ýüzüniň döwletleri we halklary bilen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda asyrlaryň dowamynda emele gelen milli däplerimize doly laýyk gelýändigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda  Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylan beýik işler barada birnäçe mysallary getirdi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu maglumatlara görä, bitirilen işleriň gerimine mynasyp baha berip bolar. Geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 544-si guruldy hem-de işe girizildi. Umumy meýdany 35 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň umumy ýaşaýyş meýdany bilen üpjünçiligi 23,2 inedördül metre ýetýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyldaky görkezijiden iki esse ýokarydyr.


Ýurdumyzyň senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi we geçen döwürde senagat önümleriniň möçberi ýedi esseden hem köp artandygyny aýtdy. Geçirilen düýpli ykdysady özgertmeler netijesinde, ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklar emele geldi. Bu pudaklarda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda düýpli gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmegiň ýola goýlandygyny üstünlikleriň hatarynda görkezdi. 


Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleriniň hem yzygiderli artýandygy bellenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýylda 3,5 million tonnadan hem gowrak sement öndürilýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4 esse köpdür.


Çärýek asyryň dowamynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 55,7 göterim, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi 23 esse, mineral dökünleriň öndürilişi hem 2,8 esse artdy.


Ýurdumyzda häzirki zaman dokma senagaty düýbünden täzeden döredildi. Dokma pudagynyň kärhanalarynda 2015-nji ýylda 120 müň tonna nah ýüplük, 209 million inedördül metr nah mata öndürildi. Olaryň möçberi 1991-nji ýyldaka garanyňda degişlilikde 24,4 we 7 esse köpeldi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


Hormatly Prezidentimiz  senagat pudagynyň önümçilik kuwwatynyň  hem artýandygyny gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezdi. Bu bolsa, innowasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyna, senagat düzümlerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýar. Şeýlelikde, oba hojalyk pudagy agdyklyk edýän ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi.


Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan «açyk gapylar» syýasaty daşary söwda gatnaşyklarynda hem oňyn ösüşi gazanmaga mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1995-nji ýyl bilen deňeşdireniňde häzir 8 esseden gowrak ösendigini belledi. Biziň döwletimiz dünýäniň 100-den hem köp ýurdy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.


Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda hem uly üstünlikler gazanylandygyny aýdyp, şu ýyl ýygnalan ak bugdaýyň möçberiniň 1 million 600 müň tonnadan geçendigini nygtady. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8 essä golaý köpdür. Häzirki döwürde Türkmenistan bugdaýy we uny daşary ýurtlara ýerleýän ýurda öwrüldi. Pagtanyň her ýylda öndürilýän möçberi hem 1 million 100 müň tonnadan geçdi. Ekerançylygyň azyk we çig mal pudaklary-da durnukly ösýär.


Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýan biziň ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


Milli Liderimiz häzirki döwürde türkmen tebigy gazynyň  «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» transmilli gazgeçirijisi boýunça iberilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasyna gazgeçirijiniň ikinji şahasynyň gurluşygynyň - amala aşyrylan beýleki bir taslama bolup durýandygyny aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir iri energetika taslamasy bolan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gazgeçirijisiniň gurluşygyna hem girişilendigini belledi. Ýurdumyzda her bir jaýy, her bir öýi elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen mugt üpjün etmek, ilata edilýän jemagat we beýleki hyzmatlaryň bahalarynyň ujypsyz bolmagy, indi biziň üçin adaty ýagdaýa öwrülip galdy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we döwletimiziň ýaşaýyş jaýyny gurmak, şol sanda ipoteka boýunça ýaşaýyş jaýlaryny almak üçin uly möçberlerde ýeňillikli karzlary berýändigini nygtady.


Çykyşynyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  2007-nji ýylyň ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin möhüm sepgit bolandygyny belledi. Şol ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, maliýe we pul-karz hem-de durmuş ulgamynda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyrmagyň zerurdygy yglan edildi,  bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzüldi.


Durmuş taýdan ösüşe gönükdirilen bu nusga döwletiň netijeli düzgünleşdirmegine esaslandy  we bu ugurda bellenilen döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we  ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny, durmuş taýdan goraglylygynyň güýçlenýändigini kanagatlanma bilen belledi.  Ýurdumyzyň çäkleriniň aglaba böleginiň ekologiýa ýagdaýy gowulanýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,  bölek haryt dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigi, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleriniň köpelýändigi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we satyn alyş ukybynyň ýokarlanýandygyny, şeýlelikde, olaryň islegleriniň has artýandygyny görkezýär.


Döwlet Baştutanymyz  döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalaryň  yzygiderli ornaşdyrýandygyny, ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň dowam etdirilýändigini aýdyp,  Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dabaraly açylmagynyň ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň täze ýokary okuw mekdepleriniň hasabyna giňelýändigine hem-de dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.


Ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda hem ýokary ösüş depginleriniň  gazanylandygy bellenildi. 


Biziň güneşli ülkämiziň ähli künjeklerinde köpsanly häzirki zaman desgalary we binalary giň gerim bilen gurulýar we ulanylmaga berilýär.


Häzirki döwürde «Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan» halkara demir ýolunyň, Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň, howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň deňiz portunyň gurluşyklary ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Iri köprüler, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, myhmanhana toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar baglarydyr orta mekdepler, medeniýet öýleri, senagat kärhanalary we köp sanly beýleki desgalar bina edilýär.


Garaşsyzlyk ýyllarynda içerki bazarlarymyzy ýurdumyzda öndürilen önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça hem köp işler bitirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy we şol döwürde  ýurdumyzda täze önümçilik mümkinçilikleriniň döredilendigini belledi. Öz milli senagat pudagymyz kemala geldi we ösüş ýoluna gadam basdy.


Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba ýerlerinde kärende gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy, daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde, bazarlarymyz azyk önümleri bilen bolelin üpjün edildi.


Ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we  2015-nji ýylyň öz emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylan ýyly hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly taryhyna hemişelik girjekdigini nygtady.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar- Günbatar» ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň parahatçylygy üpjün etmekde, ýagny diňe sebit däl-de, eýsem dünýä derejesinde hem özara düşünişmegi we dostlugy berkitmekde hem, ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary netijeli bolmagyny gazanmakda hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda şu ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň bu meselelerde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.


Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan yzygiderli işleriň netijesinde, ýurdumyzda durmuş üpjünçiligine gönükdirilen bazar ykdysadyýeti emele geldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Milli Liderimiz orta we kiçi telekeçiligiň, şol sanda hususy telekeçiligiň  yzygiderli ösýändigi barada aýdyp, häzirki wagtda, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, umumy içerki önümçiligiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýynyň 68 göterime barabardygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli kärhanalaryň umumy sany 25 müňe ýetdi.


Önümçilige ylmyň we tehnikanyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän täze kärhanalar döredilýär.


Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň berkemegi hem ykdysadyýetimiziň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we dürli ugurlarda özara peýdaly dostlukly gatnaşyklary saklamagyň biziň ýurdumyzyň milli, sebit we dünýä ösüşiniň bähbitlerine alyp barýan daşary syýasatynyň, hususan-da, halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady.


Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk giň gerim bilen ösdürilýär.


Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýändigini  hem-de goldaw tapýandygyny kanagatlanma bilen belledi.  Berkarar Watanymyzyň – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki barha artýan täsiri hem-de mynasyp orny  şunuň bilen kesgitlenýär.


Şeýlelikde, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegiň aýdyň ýoluna düşmek bilen, biz şu belent maksadymyza tarap yzygiderli barýarys. Bu bolsa, durnukly ykdysady ösüş üçin hökmany esas bolup durýar. Döwletimiziň bu möhüm ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirýän uly möçberdäki maýa goýumlary biziň geljegimiz üçin goýulýan maýa goýumlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Döwlet Baştutanymyz içeri we daşary syýasatda gazanan üstünliklerimize, milli ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ýokary depginler bilen öňe barýandygyna baha berip, biz hemmetaraplaýyn ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döredendigimizi uly buýsanç bilen aýdyp bileris diýip belledi. Berkarar döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandy we gazanmagyny dowam edýär.


Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, türkmen döwletini gurmaga işjeň gatnaşýandyklary üçin, mähriban halkymyza, aýratyn-da hormatly ýaşulularymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip,  ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri amala aşyrýandygyny aýtdy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň täze ösüş döwründe hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň özeni bolup durýar.


Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça uzak möhletlere gönükdirilen iri milli maksatnamalar kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we biziň ykdysadyýetimiziň öndüriji güýçleri ep-esli artandygyny, demokratik kadalaryň  durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanýandygyny, onuň aň-düşünjesiniň, bilim derejesiniň we syýasy işjeňliginiň artýandygyny belläp, ýurdumyzyň mundan beýläk hem öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň we şol özgertmeleri milli kanunçylygymyzda berkitmegiň wajypdygyny aýtdy.


Bularyň ählisi  Konstitusiýanyň aýry-aýry düzgünleriniň ýeterlik derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär. Döwlet ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrüň talaplaryna hemmetaraplaýyn laýyk gelýän täze konstitusion ýörelgeleri we kadalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň häzirki tapgyry ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlaryny kesgitlemelidir. Şol ugurlar häzirki döwürde dünýä tejribesinde emele gelen ýagdaýlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we  Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar tarapyndan Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça uly işleriň geçirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere biziň jemgyýetimiziň uly gyzyklanma bildirendigini aýdyp, taslama çap edilenden soň gelip gowşan teklipleri öwrenmegiň, düýpli seljermegiň we umumylaşdyrmagyň netijesinde, Esasy Kanunyň gutarnykly görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanandygyny nygtady. Bu taslama bütin halkymyz tarapyndan taýýarlandy diýsek, dogry bolar diýip pikir edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylaryň  garamagyna hödürlenýän Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň esasy düzgünleri barada durup geçip, onuň  täze maddalaryň 28-sini üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýandygyny belledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  Döwletimiziň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýeti baradaky we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy beýleki düzgünleri üýtgewsiz galýar.


Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Biz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini Esasy Kanunymyzda berkitmegi maksat edindik. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky gaýtadan kabul edilen taryhy Rezolýusiýa aýratyn möhüm ähmiýet bermek isledik diýip, milli Liderimiz aýtdy. 


Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alnyp,  Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde bitaraplyk hukuk ýagdaynyň täze, aýratyn maddada beýan edilmegi baradaky netijä gelnendigini belläp, bu teklibiň  bütin halkymyz tarapyndan Esasy Kanunymyzyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, doly makullanandygyny nygtady.


Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüji başlangyçlary we alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty giňden goldanylýar. Biz beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýaly daşary syýasatymyzyň möhüm ýörelgelerini Konstitusiýamyzda beýan etdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy baradaky düzgünleriň beýan edilendigine aýratyn üns bermek bilen,


Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilen işlerde ýokary işjeňlik görkezendigi, şeýle hem Esasy Kanunymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk getirmäge uly goşant goşandygy üçin, bütin halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


Mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Mejlisiň maslahatynyň geçirilmeginiň  we onda Esasy Kanunymyzyň Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar tarapdan makullanan maddalaryna seredilmeginiň  maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmeginiň Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň taryhynda şanly senä öwrüljekdigini aýtdy.


Ýurdumyzyň durmuşynda 2017-nji ýyl uly taryhy wakalaryň döwrüne öwrüler. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Elbetde, Prezident saýlawlary raýatlarymyzyň durmuş-syýasy işjeňligini we kämilligini, döwlet Baştutanyny saýlamagyň ýurduň geljekki ykbalyny kesgitlemekde ornunyň örän uludygyna düşünýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


Geljek ýylda Prezident saýlawlary ähli türkmenistanlylaryň ýokary raýatlyk işjeňligi ýagdaýynda geçer. Bu saýlawlara ilkinji gezek üç partiýa, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy gatnaşar.


Bu partiýalaryň bäsleşigi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze, möhüm ähmiýetli öwüşgin berer. Saýlawlaryň ýokary bäsleşik derejesini üpjün eder. Bu bolsa, bütin jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, halk bilen häkimiýetiň bitewüligini pugtalandyrmaga, jemgyýetimizi demokratik başlangyçlar esasynda jebisleşdirmäge ýardam berer diýip, milli Liderimiz nygtady.


Jemgyýet we döwlet işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmak hukugyny raýatlara bermek örän möhüm konstitusion ýörelgeleriň biri bolup durýar. Gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw esasynda döwlet edaralaryna erkin saýlamak we saýlanmak hukugy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2013-nji ýylyň maýynda kabul edilen Saýlaw kodeksinde anyk kesgitlendi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 


Şu Kodekse laýyklykda dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenýär. Aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçilikler döredilýär. “Men döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň has köp bolmagyny isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz baý durmuş tejribesi bolan ýaşulularymyza, maslahata gatnaşýan ähli adamlara ýüzlenýärin,  ylymly-bilimli we tejribeli, halkymyza wepaly bolup, jany-teni bilen gulluk etmek isleýän her bir raýatymyza, syýasy partiýalardan ýa-da raýatlar toparlaryndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmäge mümkinçiligiň  döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.


Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň  ählisiniň ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşaýan dürli ýaşly we hünärli adamlaryň doly hukukly wekilleridigini bellemek bilen, olaryň türkmen döwletiniň Baştutanynyň geljekki saýlawlarynyň ähmiýetiniň örän uludygy barada ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde  ygtybarly kömekçiler bolmalydygyny nugtady.


“Diňe ähli raýatlaryň, ilatymyzyň ähli gatlaklarynyň we toparlarynyň wekilleriniň örän yhlasly, tutanýerli we işjeň gatnaşmagy netijesinde biz şu jogapkärli wezipä döwlet aladalaryny öz üstüne alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürip, dogry ýol bilen öňe alyp gitjek mynasyp adamy teklip edip we saýlap bileris. Goý, hemmeler bu hakykaty ýatda saklasyn” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýygnananlaryň ünsüni 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryna çekdi.


Türkmenistanyň Baştutany pudaklary ýokary depginler bilen ösdürmegiň we tutuş ykdysadyýetimiziň netijeli bolmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamaga örän uly üns bermegiň wajypdygyny belläp,  geçirilýän özgertmeleri dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Bu özgertmeler bolsa, halkara we sebit ähmiýetli, iri hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny göz öňünde tutýar.


Ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem, alyp barýan durmuş syýasatymyz halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Sebäbi, biz saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmatlar ulgamynyň beýleki görnüşleriniň netijeliligini artdyrmak esasynda adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Döwlet Baştutanymyz iň ýokary dünýä talaplaryna laýyklykda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmegiň wajypdygyny aýdyp, daşary ýurt dillerinde okatmagyň, täze okuw jaýlaryny açmagyň hem bu işlere ýardam berjekdigini belledi.


Milli Liderimiz ylmy ösdürmek,  akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ylmy barlaghanalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, munuň  ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.


Kadaly iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sport bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan milli saglygy goraýyş ulgamyny kemala getirmek dowam etdiriler. Saglygy goraýyş ulgamynda zerur özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, keselleriň öňüni almakda, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen ylmy taýdan hyzmatdaşlyk etmek boýunça giň gerimli çäreler geçiriler diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem medeniýet baradaky döwlet syýasatynyň medeniýetiň gazananlarynyň jemgyýetiň ähli agzalary üçin mümkin boldugyça elýeterli bolmagyny maksat edinýändigini belledi.


Milli Liderimiz ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek meseleleri barada durup geçip,  milli sport ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin  iň täze we kämil usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny peýdalanmagyň, tälimçileriň we türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin milli hünärmenleri daşary ýurtlaryň ýokary sport merkezlerine ýörite okuwlara ibermegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet haklaryny, pensiýalary we talyp haklaryny ýokarlandyrmak boýunça (10 göterimden az bolmadyk möçberde) çäreleri geçirmegiň, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň  öňde duran möhüm wezipeleriň biridigini belläp,  bu işleriň makroykdysady taýdan durnukly ösüşi gazanmagyň we adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly binýadyny döretmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz  ýaşaýyş–durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberiniň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75-80 göteriminden az bolmaly däldigini belledi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň girdejileriniň  yzygiderli artmalydygyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has gowulanmalydygyny nygtady. Bu ýagdaý bolsa, diňe ykdysadyýetiň ygtybarly ösüşine esaslanyp biler. Jemgyýetde maliýe we durmuş taýdan durnukly ösüşi hem üpjün etmeli. Şeýle hem, döwlet enäni we çagany goramak boýunça yzygiderli çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek, raýatlaryň işlemäge bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelere hem Döwlet býujetinde uly orun berilmelidir.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmelidir. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga, kämil enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalary döretmäge, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilmelidir.


Şunuň bilen baglylykda,  ýurdumyzyň maýa goýum ösüşi boýunça anyk maksatnamalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.


Milli Liderimiz sözüni dowam edip, 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda uglewodorod serişdelerini düýpli we köptaraplaýyn gaýtadan işlemek boýunça täze iri desgalary gurmagyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, çig maly gaýtadan işleýän we taýýar önümleri çykarýan senagat pudaklaryny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi.


Şeýle hem, Maksatnamada önümleri daşary ýurtlara ibermäge, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri  öndürmäge gönükdirilen bilelikdäki kärhanalary döretmek, ilatyň azyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek,


ilatyň ähli gatlaklary üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bellenilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça 2017-nji ýylda düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Olaryň ýarysyndan gowragy önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gönükdiriler. Serişdeleriň bir bölegi bolsa  önümçilik bilen bagly bolmadyk desgalary gurmaga gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz anyk maglumatlary getirdi.


Düýpli maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi uglewodorod çig malyndan polietilen, polipropilen, ýokary oktanly benzin ýaly önümleriň gymmat bahaly görnüşleriniň önümçiligini ösdürmäge gönükdiriler. Maýa goýumlarynyň köp bölegini “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin goýbermek göz öňünde tutulýar.


Geljek ýylda elektrik energetikasyny ösdürmäge, täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we işläp gelýän elektrik stansiýalarynyň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler. Bu bolsa, elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga we içerki sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa senagatyndaky gaýragoýulmasyz wezipeler barada durup geçip, Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynyň gurluşygy üçin düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberiniň goýberilmelidigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, himiýa senagatynda ýod we brom öndürýän birnäçe senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmaly.


Şeýle hem, 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda ulag toplumyny we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we  «Aşgabat-Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň  bu toplumyň örän möhüm gurluşyklarynyň biridigini belledi. Bu täze ýoluň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetine dünýäniň ykdysady ulgamyna has amatly goşulmaga we erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.


Geljek ýyl Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygyna hem düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberleri goýberiler. Bu maýa goýumlaryny özleşdirmek geljekde Halkara portuny Hazar deňzindäki iň iri logistika merkezleriň birine öwürmäge mümkinçilik berer.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-Türkmenbaşy», «Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Farap» we «Aşgabat- Garagum-Daşoguz» awtomobil ýollaryny abadanlaşdyrmaga we döwrebap ýagdaýa getirmäge hem köp möçberde maýa goýumlaryny goýbermek göz öňünde tutulýar diýip belledi we  geljek ýyl paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň üçünji nobatdakysynyň gurluşygynyň tamamlanjakdygyny aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýakyn geljekde ýurdumyzda täze  ýaşaýyş jaýlarynyň,  umumybilim berýän mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň,  hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň  ulanmaga beriljekdigini, inžener üpjünçilik ulgamlarynyň birnäçe desgalarynyň  işe giriziljekdigini aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.


Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat – ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesiniň  durýandygyny aýdyp, egsilmez döredijilik ruhy bilen galkynýan merdana halkymyzyň şu belent maksatdan ugur alyp, içeri we daşary syýasatda öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirjekdigine, yhlasly zähmeti bilen has ajaýyp we nurana mekana öwrüljek mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.


“Biziň ýürekden buýsanýan ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. Biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolan eziz Türkmenistanyň iň täze taryhyna hem ajaýyp we şan-şöhratly sahypalary ýazarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda amala aşyrylan işleriň hem-de gazanylan üstünlikleriň  geljekki nesilleriň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döretjekdigine ynam bildirdi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny şeýle sözler bilen tamamlady: “Goý, biziň Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty älem-jahana ýaň salsyn!


Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk hem gülläp össün!


Goý, Türkmen döwletiniň halkara abraýy Ýer ýüzüne dolsun!


Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan!


Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti!


Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!


Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!”


Hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn sözlän sözi uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.


Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmegi teklip edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.


Ilkinji bolup çykyş eden Hormatly il ýaşulusy-Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Akjaguýma geňeşliginiň Jamal obasynyň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky Gurbangeldi Gurbanmämmedow ýurdumyzyň ähli ýaşulularynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini, maslahata gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän şanly sene-eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahat taryhy waka bolar.


G.Gurbanmämmedow öz çykyşynda milli Liderimiz ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýermek bilen, her bir döwletli işe başlamazdan öň ýaşululara sala salýar diýip aýratyn belledi. Her bir guruljak desganyň düýbi tutulanda, täze binalaryň açylyş dabaralarynda ak sakgally, dilleri senaly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň orny öň hatarda bolýar. Şunuň bilen baglylykda çykyş eden döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda uly üns bilen gurşalyp alnan hem-de aýratyn ýeňilliklerden peýdalanýan ýaşuly nesil barada edilýän hemmetaraplaýyn alada üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.


Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly özgerişlikler bolup geçýär, milli ykdysadyýetimiz yzygiderli berkeýär, obadyr şäherlerimiz gözelleşip, jebis we bagtyýar ýaşaýan ilatyň durmuş derejesi barha ýokarlanyar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan täze döwrebap ilatly ýerleriň sany artyp, olarda ýaşaýyş şertleri şäheriňkiden birjik-de pesde durmaýar. Ahal welaýatynda Aba Annaýew adyndaky, Daşoguz welaýatynda Bagtyýar zaman, Lebap welaýatynda  Berkarar zaman obalary, Mary welaýatynda Döwletli zaman şäherçesi munuň aýdyň mysalydyr. Müňlerçe maşgalalar bu döwrebap obalarda, şäherçelerde täze jaýlara göçüp bardylar. Munuň özi bütin türkmen topragyny, hatda onuň iň alysdaky künjeklerini hem deňsiz-taýsyz özgertmeleriň gurşap alandygyny görkezýär.


Ýurdumyzyň ýaşululary Türkmenistanyň Prezidentiniň şu maslahatda eden çuň manyly çykyşyny, il-ýurt  bähbitli täze tutumlaryny doly goldaýarlar we makullaýarlar diýip, G.Gurbanmämmedow çykyşynda belledi.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşde taýýarlanylyp, ýaşulularyň şu maslahatynyň garamagyna hödürlenilmegi örän uly taryhy wakadyr. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelge Konstitusiýanyň taslamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Täzelenen Konstitusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzy täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge, has belent wezipeleri durmuşa geçirmäge giň hukuk esaslaryny döreder.


Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi, halkymyz öz ýurdunyň hakyky eýesi bolup, bagtyýar durmuşa ýetdi, eli uzadan ýerine ýetip dur diýip, çykyş edýän belledi. Soňky on ýylyň dowamynda döwletimize Arkadag Prezidentimiz ýolbaşçylyk edip gelýär. Bu döwür aýratyn taryhy eýýam bolup, asyrlara barabar işler edildi. Halkymyz ählitaraplaýyn galkyndy, ýurdumyz dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrüldi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly il ýaşulusy hormatly Prezidentimiziň şu gysga döwürde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, oňa ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak barada teklibi öňe sürdi, teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.


G.Gurbanmämmedow çykyşyny dowam edip, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak maksady bilen döwletimiz tarapyndan birnäçe ýeňillikler girizildi we şu güne çenli halkymyz olardan doly peýdalanyp gelýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bilen baglylykda ilatymyza berilýän ýeňilliklere, peýdalanýan durmuş eşretleriniň töleglerine gaýtadan seretmekligi ýaşulular wagty gelen mesele hasap edýär diýip belledi.


Ýaşuly nesliň wekili sözüniň ahyrynda ähli ýaşulularyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy we mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli tutumlarynyň hemişe rowaç almagyny arzuw etdi.


Soňra “Serdar”  pamyk egriji fabriginiň operatory-Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ýaşaýjysy Şemşat Döwletowa söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde milli we halkara ähmiýetli onlarça desgalaryň gurulýandygyny belledi. 


Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dokma senagaty okgunly ösdürilýär. Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalar we täze enjamlar bilen üpjün edilen iri we orta ululykdaky dokma toplumlarynyň onlarçasy guruldy we ulanmaga berildi, olar çig mal binýadyna gönüden-göni golaýda ýerleşmek bilen, pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüm çykarmaga çenli önümçiligiň yzygiderliligini doly üpjün edýär. Pagtany gaýtadan işleýän pudagyň kemala gelen önümçilik mümkinçilikleri dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmeklige we şonuň netijesinde bolsa dokma önümleriniň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagyna giň şertleri döretdi.


Ýurdumyzyň dokma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi bolsa möhüm durmuş meselelerini çözmekde uly orun eýeleýär, çünki köpsanly täze iş ýerleri, aýratyn hem gelin-gyzlarymyz üçin iş ýerleri döredilýär diýip bellemek bilen, Ş.Döwletowa işlemäge, okamaga döreden ählitaraplaýyn şertleri üçin milli Liderimize ýurdumyzyň ähli dokmaçylarynyň adyndan tükeniksiz alkyşlary aýtdy.


Çykyş edýän sözüni dowam edip, milli egirme-dokma senagaty uly depginler bilen ösýär diýip belledi. Ýurdumyzda häzirkizaman egirme fabrikleriniň ençemesi bolup, olarda öndürilýän önümler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giňden ulanylýar, bu önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar we dünýäniň ençeme ösen döwletlerine eksport edilýär. Munuň özi döwletimiziň senagatynyň dünýä derejesine çykandygyny görkezýär.


Ýurdumyzyň dokmaçylary hem Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek baradaky işe işeňňir gatnaşdylar. Ykdysady ulgama degişli düýpli kadalaryň konstitusion derejede berkidilmegi ýurduň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerini kepillendirýär. Bu barada aýtmak bilen, Ş.Döwletowa pudagyň işgärleri milli Liderimiziň baştutanlygynda taýýarlanan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini dolulygyna goldaýarlar we mukallaýarlar diýip belledi.


Şeýle hem çykyşda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylara berilýän ýeňillikler, aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Şoňa görä-de, halkymyza döwlet tarapyndan berilýän köpsanly ýeňillikleri aýyrmagyň, harytlara, hyzmatlara nyrhlary  hakyky çykdajylardan ugur alyp goýmagyň wagty geldi, sebäbi bazar gatnaşyklarynyň kanuny şeýle.


Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, onuň häzirki bagtly durmuşynyň we röwşen geljeginiň, Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti we eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan mähir yhlasy ýatyr. Dokma pudagynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mähirli arzuwlaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzy şöhratlandyrýan sözler bilen öz çykyşyny jemledi.


Soňra Demir ýol ulaglary ministrliginiň Daşoguz şäher Ýol maşyn kärhanasynyň 1-nji derejeli inžener-tehnology Ö.Mätgurbanowa söz berildi, ol  öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de ýurdumyzyň we halkara ulag – aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegi boýunça iri möçberli taslamalar barada aýtdy. Demir ýollar ýurtlary we yklymlary birleşdirip, dost-doganlyk ýoluna öwrülýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde müňlerçe kilometre uzap gidýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň üstünlikli gurluşygy muňa mysal getirildi. Demirgazyk-Günorta halkara demir ýoly Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köprüsi bolmalydyr. Bu ulag geçelgesi doly güýjünde işläp başlanyndan soň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artar, daşary döwletler bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylar, bu bolsa öz gezeginde halkymyzyň durmuş derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam berer.


Çykyşda şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça ýene bir iri taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebitiň döwletlerine iri halkara bazarlaryna çykmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki sebitleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykmagyna şert döreder, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi berer diýlip nygtaldy.


Ata-babalarymyzyň ýollary we köprüleri gurmagy sogap iş hasap edendiklerini belläp,  Ö.Mätgurbanow “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň has kämilleşen görnüşi hökmünde gaýtadan dikeldilmegini alamatlandyrýandygyny belledi. Ol biziň halkymyzyň öz Watanyna hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak baradaky teklibi öňe sürdi.


Ö.Mätgurbanow hormatly Prezidentimiziň  içeri we daşary syýasatynyň, Ýaşulular maslahatynda  kabul edilen çözgütleri, şeýle hem Konstitusiýanyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny doly goldaýandygyny aýdyp, Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň döwletimiziň mundan beýläk-de syýasy we durmuş ykdysady ösüşini, onuň täze sepgitlere çykmagyny üpjün eder diýip nygtady.


Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Köp ýyllaryň dowamynda döwletimiz her ýyl türkmenistanlylara dürli görnüşli ýeňillikleri bermek maksady bilen ägirt uly býujet serişdelerini bölüp berýär. Munuň özi bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde ykdysadyýetiň ösdürilmegine oňaýsyz täsir ýetirýär diýip, çykyş edýän aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, bu meselä gaýtadan seretmegi teklip etdi.


Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, ol öz çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemledi.


Soňra çykyş eden Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi N.Gulatarow ýurdumyzyň ekerançylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we mejlise gatnaşyjylaryň hemmesini ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.


Türkmen topragy bereketli, ekerançylyk medeniýetiniň dörän mesgeni diýlip hasap edilýär, bu toprakda daýhanlar dürli oba hojalyk önümlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri ekerançylyk   we maldarçylyk bilen meşgullanýar.


Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gurlan ammarlar ak bugdaýyň hasylyndan doldurylýar. Dürli çörek önümleri türkmeniň bereketli saçagyny bezeýär. N.Gulatarow oba hojalyk pudagynyň her ýyl gazanýan ýokary netijeleri hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde mümkin boldy diýip belledi.


Döwlet Baştutanymyz ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, häzirki  zaman ýokary öndürijilikli tehnika we enjamlary satyn almak, bugdaý we pagta hasylyna satyn alyş nyrhlaryny yzygideri  ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Muňa jogap hökmünde türkmen ekerançylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar. Ekerançy daýhanlaryň geljekde hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl ýetişdirip, ýurdumyzyň bazarlaryny oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdy.


Maslahata gatnaşyjy öz sözüni dowam etmek bilen, milli Liderimiziň tagallasy bilen şu ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynyň möhüm ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekerançylyk medeniýeti baradaky sözlerini getirip, onda türkmen halkynyň köpasyrlyk ekerançylyk tejribesiniň öz beýanyny tapandygyny nygtady.


Ýurdumyzda her ýyl “Suw damjasy-altyn dänesi”, Galla baýramy we beýleki baýramçylyklar giňden bellenilýär. Olarda türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary aýdyň şöhlelendirilýär. Häzirki taryhy döwürde bu ajaýyp ýörelgeler täze many-mazmuna eýe bolýar hem-de oba hojalygynda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalarda mynasyp derejede ösdürilýär.


Maslahata gatnaşyjynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň täze Konstitusiýasyna ýerden, suwdan we beýleki tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak baradaky maddalar bar. Şunuň bilen  baglylykda, çykyş ediji konstitusion kadalaryň geljekki nesiller üçin Türkmenistanyň täsin tebigatyny, onuň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gorap saklamakda hukuk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.


N.Gulatarow ýurdumyzyň ekerançylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda Watanymyz we halkymyz hakyndaky alada ýugrulan teklipleri hem-de wezipeleri doly goldaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol obasenagat işgärleriniň öňlerinde goýlan belent wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyryp, milli Liderimize berk jan saglyk,  uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdi.


Çykyşynyň ahyrynda eziz Watanymyza hem-de milli Liderimize bagyşlanan şahyrana setirler ýaňlandy.


Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň uly serkerdesi A.Hudaýberdiýewe  söz berildi, ol ýurdumyzyň ähli Watan goragçylarynyň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady we şu gün geçirilýän Ýaşulular maslahatynyň mejlisiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sahypasyna ýatdan çykmajak taryhy waka hökmünde ýazyljakdygyna ynam bildirdi. 


Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz möhüm döwlet ähmiýetli meseleler babatynda hemişe ýaşulular bilen maslahatlaşyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerine ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär, ýurdumyzy döredijilikli ýol bilen täze belentliklere hem-de abadançylyga tarap öňe alyp barýar. Çykyş ediji döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýyny belende galdyrýar diýip nygtady.


Maslahata gatnaşyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  harby borç hem-de Watana söýgi hakynda aýdan pähimlerini mysal getirip, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri Watan, ene, çörek ýaly düşünjelere mukaddeslik hökmünde garandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň “Watan goragy mukaddesdir” atly täze kitabynyň uly ähmiýeti nygtaldy. Bu kitapda beýan edilen ähli gymmatly maslahatlar harby tehnikany ussatlyk bilen dolandyrmagy hem-de ýaragdan peýdalanmagy başarýan döwlet Baştutanymyzyň şahsy tejribesiniň önümidir, milli Liderimiziň watançylyk çagyryşlary hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary üçin Watany söýmegiň hakyky mekdebidir diýip, maslahatyň wekili aýtdy.


Ata-babalarymyzyň iň gowy watançylyk däplerinde terbiýelenilýän milli harby işgärlerimiziň täze nesliniň kemala gelmegi barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran milli gahrymanlaryň bardygy  nygtaldy. Häzirki döwürde bolsa beýik taryha eýe bolan halkymyz özüniň milli Lideriniň daşynda mäkäm jebisleşip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda beýik üstünlikler gazanýar.


Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy diňe parahatçylyk söýüjilik, goranyş häsiýetine eýe bolup, döwletimiziň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, milli goşunymyzyň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir, biziň goşunymyz türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşynyň kepili hökmünde çykyş edýär diýip, ol türkmen esgerleriniň Harby doktrina laýyklykda, öz öňlerinde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.


A.Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, şu maslahatyň belent münberinden çykyş etmek onuň üçin uly mertebe we bagtdyr. Ýurdumyzyň harby gullukçylary döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatyny, şu ählumumy maslahatda kabul edilen ähli çözgütleri doly goldaýarlar. Goranmak ministrliginiň uly serkerdesi milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür  arzuw edip, Watan goragçylarynyň ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly bolmak bilen, ene topragyň parahat we asuda goragynda berk durup, Watana, halka we Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hemişe wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.


Soňra Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby A.Akummedow hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby O.Gurbannazarowa çykyş edýärler.


Ýaş nesliň wekilleri ýurdumyzyň talyplarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli ýygnananlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem milli Liderimize umumymilli maslahata gatnaşmak we onuň belent münberinden çykyş etmek mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler.


Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu döwür bilimleriň, aň-düşünjäniň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň ýokary derejesi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi ählumumy ykdysadyýetiň täze derejä çykarylmagyna ýardam berýär. Şunda amaly we nazary bilimleriň, maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti artýar. Döwletimizde iň täze kompýuter tehnologiýalarynyň, multimediýa ulgamlarynyň, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribesiniň peýdalanylmagy bilen häzirki zaman  okuw mekdepleriniň açylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu okuw ýylynyň ilkinji güni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dabaraly ýagdaýda açyldy.


Ýurdumyzyň ýaşlary döwlet Baştutanymyzyň adam baradaky alada ýugrulan köptaraply, giň gerimli işlerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary ýaşlar üçin hakyky görelde mekdebi bolup durýar. Olaryň hatarynda “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaplar bar. Bu ajaýyp kitaplar ynsan kalbynda iň ajaýyp, belent watançylyk duýgularyny oýarýar, ýaşlary täze belentliklere ruhlandyrýar.


Ýaş türkmenistanlylar ýurdumyzyň her bir raýaty ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça rejelenen görnüşli taslamalarda beýan edilen ähli teklipleri tüýs ýürekden goldaýarlar, Esasy Kanunymyz döwletimiziň geljekki ösüşi üçin öňe tarap okgunly herekete giň ýol açýar. Ýaş nesliň wekilleriniň belleýişleri ýaly, milli Liderimiz tarapyndan ýaşlaryň öňünde goýlan jogapkärli wezipeler olary täze ýeňişlere ruhlandyrýar.


Talyplaryň çykyşynda şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, ruhy taýdan baý we berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek, ýurdumyzda sporty höweslendirmek we ony halkara derejesine çykarmak   boýunça geçirilýän iri möçberli işleriň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler netijesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda V Aziýa oýunlary geçiriler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary yklym ähmiýetli bu iri sport ýaryşlaryna ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda taýýarlyk görýärler.


Çykyş edenler Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, Ýaşulular maslahatynyň şu gezekki mejlisinde öňe sürlen teklipleri doly goldaýandyklaryny aýdyp, ýaş türkmenistanlylaryň öz işleriniň hakyky ussatlary bolmak bilen Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. Olar özleriniň çykyşyny Arkadagymyzy we eziz Watanymyzy wasp edýän joşgunly şygyr setirleri bilen tamamladylar.


Hormatly Prezidentimiz ara alyp maslahatlaşmalaryň netijelerini jemläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan möhüm meselelere seredilendigini aýtdy. Munuň özi ilkinji nobatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşine degişlidir.  Esasy Kanunyň kämilleşdirilen taslamasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň demokratik esasda, şeýle hem milli we halkara bilermenleriniň, döwlet häkimiýetine degişli guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, alymlaryň we tutuş ilatyň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň barşynda Konstitusiýanyň rejelenen görnüşiniň giň goldawa mynasyp bolandygyny aýdyp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu gezekki maslahatynda ony kabul etmek hakynda teklibiň gelip gowşandygyny belledi.


Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi.


Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň  ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar iki ýylyň dowamynda netijeli işledi.


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň işlenip taýýarlanan täze rejelenen görnüşiniň taslamasy halkymyz tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda taslamanyň  ilkinji  nusgasy hödürlenildi, ol soňra ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin  köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.


Köpsanly duşuşyklar, hünär okuwlary we maslahatlaşmalar  geçirildi. Munuň özi bütin halkymyzyň uly gyzyklanmasyny döretdi. Döwletimiziň raýatlary has kämil hukuk resminamasyny taýýarlamak maksady bilen, milli parlamentiň deputatlary, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri bilen birlikde Konstitusion topar tarapyndan taýýarlanan taslamanyň maddalar boýunça jikme-jik seljermesini geçirmäge we anyk belliklerini hem-de tekliplerini aýtmaga giň mümkinçilik aldylar.


Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça bu taslamanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi örän gowy netije berdi. Konstitusion topara, Türkmenistanyň Mejlisine, döwlet edaralaryna şu taslama boýunça müňlerçe teklipler we bellikler gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň Başlygy olaryň ählisiniň jikme-jik öwrenilendigini we ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Geçirilen bu işleriň netijesinde, gelip gowşan teklipleriň köpüsi döwletimiziň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň gutarnykly tekstinde öz beýanyny tapdy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Konstitusion toparyň öňünde Konstitusiýanyň kadalaryny özygtyýarly Türkmenistanyň goşulyşan hem-de tassyklan halkara resminamalarynyň düzgünlerine we kadalaryna laýyk getirmek, şeýle hem konstitusion gurluşyň öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we nazara almak wezipesi goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanuny kämilleşdirmek işine milli hünärmenler bilen bir hatarda daşary ýurt we halkara bilermenleriniň, abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň işjeňlik bilen gatnaşandyklary bellenildi.


Esasy Kanunyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasynyň BMG-niň, ÝHHG-niň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) we beýleki halkara düzümleriniň bilermenleri bilen hyzmatdaşlykda we olaryň tekliplerini göz öňünde tutmak bilen taýýarlanylandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr.


Mejlisiň Başlygy çykyşynyň dowamynda   milli Liderimiz  tarapyndan döredilen Konstitusion toparyň işiniň  Türkmenistanyň binýatlyk kanunynda döwletiň özygtyýarlylygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalarynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň deňhukukly subýekti hökmündäki parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň anyk we takyk beýan edilmegine gönükdirilendigini nygtady.


Bellenilişi ýaly,  Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, şahsyýetiň we döwletiň özara jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetiň bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine doly geçirilmegi üçin hem hukuk mümkinçiliklerini açýar. Taslama, bulardan başga-da, birnäçe konstitusion täzelikler girizildi.


Nygtalyşy ýaly, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary we dünýäniň ösen ýurtlarynyň  konstitusion gurluşynyň öňdebaryjy  tejribesi göz öňünde tutulyp işlenip düzülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gysga we çuň manyly «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda beýan edilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesini  has doly möçberde berkitdi. Onda  adamy goramak we goldamak hem-de oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň esasy wezipesi  hökmünde berkidildi. Bu möhüm konstitusion kada Konstitusiýanyň Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna bagyşlanan tutuş bölüminiň özgerdilmegine esas bolup hyzmat etdi. Bu bölümde Türkmenistanyň goşulyşan adam hukuklary babatda esas goýujy halkara konwensiýalarynyň kadalary nazara alnyp, onuň täze maddalar bilen üsti ýetirildi.


Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşine dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň girizilendigi aýratyn bellenildi. Döwlet gurluşynyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalara düýpli üýtgetmeler girizildi. Hususan-da, döwlet häkimiýetini dünýä bileleşiginde umumy kabul edilen üç sany özbaşdak şaha – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetine bölmek ýörelgesinden ugur alnyp, Konstitusiýanyň täze rejelenen taslamasynda degişlilikde onuň gurluşy hem üýtgedildi.


Döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, A.Nurberdiýewa 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň öz işine başlandygyny belledi. Milli parlamentiň deputatlary iki günüň dowamynda täze kanunçylyk namalaryň taslamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasy boýunça ses berlişini geçirmek üçin  Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň işini dowam etdirmäge rugsat bermegini haýyş etdi.


“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak  hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy ses bermek üçin milli parlamentiň deputatlarynyň  garamagyna  hödürlenilýär. Bu Kanun biragyzdan kabul edildi.


Mejlisiň ýolbaşçysy milli Liderimizi we bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we ýurdumyzyň deputatlarynyň adyndan bu Konstitusion kanunyna gol çekmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.


Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýanyň biz üçin uly hormat mertebedigini  belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Esasy Kanunyň kabul edilmegi jemgyýetiň we döwletiň bitewüligini alamatlandyrýar we ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, täze sepgitleri eýelemek üçin güýç-kuwwat berýän ägirt uly taryhy waka bolup durýar.


Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda maslahata gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy dünýä we milli demokratik tejribeleri özünde jemleýän hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän kämilleşdirilen Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlady.


Jemgyýetimiziň we döwletimiziň wajyp gymmatlygy bolup durýan Esasy Kanuna laýyklykda biz mähriban Watanymyza söýgi bilen gararys,  döwlet özygtyýarlylygymyzy berkideris, ýurdumyzyň we durmuşymyzyň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrarys, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçireris we Hudaý berse biz belent sepgitlere ýeteris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Türkmenistan özüniň Konstitusiýasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryny we halkara hukuk ýörelgelerini özünde jemleýän ýeke-täk ýurtdyr. Şunuň bilen baglylykda, özygtyýarly döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatlyklary dünýäniň parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň abraýynyň we şöhratynyň yzygiderli ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan her bir raýatyň durmuş we ykdysady ösüşini, adamlaryň bagtyýar durmuşyny möhüm ugur hökmünde ykrar edip, saýlap alan ýoly bilen ynamly gadam urar diýip, milli Liderimiz belledi.


Hemmeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda ady agzalan Konstitusion kanuna  gol çekdi. Ruhyýet Köşgüne ýygnananlar bu taryhy çözgüt üçin ör turup Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.


Döwlet Baştutanymyz maslahaty dowam edip, umumymilli forumyň gün tertibiniň meseleleri boýunça çykyş edenlere minnetdarlyk bildirdi we bu günki aýdylan teklipleriň nazarda tutuljakdygyny habar berdi.


Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna girizilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakyndaky, Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak we Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak hakynda, şeýle hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar bar.


Soňra ýene-de milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky” Kararyny okady.


Foruma gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu hormatly döwlet sylagyny gowşurdy.


Özüne Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ilkinji ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimize munuň özi mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine mundan beýläk-de yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu sylag bilelikde beýik işleriň bitirilendigi üçin tutuş halkymyza berlen sylag bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly işler  bitirildi  diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biz öz öňümizde Watanymyzy iň bagtyýar adamlaryň ýurduna öwürmek boýunça beýik maksatlary goýduk. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň mähriban halky bilen bu möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.


Öz işine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bu sylagyň ýurduň halkynyň uly ynamydygyny, şonuň üçin hem beýik ynamy ödemek ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň öňünde durýan beýik wezipeleri çözmekde ol ilkinji nobatda mähriban halkyna daýanýar.


Maslahata gatnaşyjylara gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we onuň täze belentliklere çykmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.


Soňra Ýaşulularyň maslahaty döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna hormatly atlary dakmak dabarasy bilen dowam etdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanlaryny okaýar.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine degişli döşe dakylýan nyşanlary hem-de dürli ulgamlarda tutanýerli  zähmeti, ýaşlary watansöýüjilik hem-de milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeländigi üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan zenanlarymyza sylaglary gowşurdy.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewa “Prezidentiň Ýyldyzy”  ordenini gowşurdy. Ol bu sylaga milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda sylaglandy.


Ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň elinden döwlet sylaglaryny alyp, milli Liderimize bildirilen ýokary hormat --sarpa,  döwlet Baştutanymyzyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň, milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyny we onuň gadymy parasatly däp-dessurlaryny aýawly saklamagyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Soňra maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi hödürlenildi.


Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda indiki Ýaşulularyň maslahatyny Ahal welaýatynda geçirmegi teklip edip, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permana gol çekdi we nobatdaky umumymilli forumyň geçiriljek anyk senesiniň biraz soň yglan ediljekdigini belledi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak baradaky meselä geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu wezipä Ahal welaýatynda sylanýan  ýaşulularyň biri Gurbangeldi Aýlyýewi  saýlamak hakyndaky teklip bilen çykyş etdiler.


Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, G.Aýlyýewi bu hormatly wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelip gowşan teklipler esasynda Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylaryň türkmen halkyna we ýurdumyzyň tutuş ilatyna niýetlenen Ýüzlenmesiniň taslamasyny bu ýere ýygnananlaryň garamagyna hödürledi. 


Bu resminama biragyzdan kabul edildi.


Soňra milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi. Şu gün biz asylly maksatlara eýerip özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge, mähriban halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirdik. Onuň barşynda garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerimiz, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gürrüň etdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Gazanan üstünliklerimiz barada buýsanç bilen belläp, biz milli däplerimize laýyklykda öňde durýan wezipeleri açyklyk esasda ara alyp maslahatlaşdyk.


Biziň üstünliklerimiziň gözbaşynda türkmen halkynyň ýokary  watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň ýokary galmagyna gönükdirilen tagallalarymyz bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiiz Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk  ýoluny geçen we ýurdumyzyň çärýek asyr taryhyny ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslän halkymyzyň we jemgyýetimiziň öňünde has möhüm wezipeleriň bardygyny aýtdy.


Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözgüdine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz öz öňümizde Garaşsyz ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklaryny peýdalanyp, Türkmenistany ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmalydyrys. Alyp barýan ähli işlerimizi hut şu maksada, öndüriji güýçleriň okgunly ösdürilmegine, halkyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, onuň parahat, bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Biziň ýadawsyz tagallalarymyz mundan beýläk-de beýik maksatlara gönükdirilendir. Biz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady, syýasy, hukuk we medeni taýdan ösüşiniň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamalydyrys diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna batly depginlerde çykarmak üçin biz täze has uly geljegi bolan maksatnamalary işläp taýýarlaýarys we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şunlukda, mähriban Watanymyzyň abraýyny ýokary durmuş derejesi bolan sazlaşykly ösýän döwlete öwürýäris.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki geçirilen maslahatda Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyk etmek hakyndaky Konstitusion kanuny kabul etdiler. Bu babatda, aýratyn-da Esas Kanuny kämilleşdirmek, ony Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna, şeýle hem häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm maksatlara we wezipelere laýyk getirmek babatda ägirt uly işler bitirildi diýip, milli Liderimiz belledi.


Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz agzybir jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekillerine we şu günki umumymilli foruma gatnaşyjylara konstitusiýany kämilleşdirmek çärelerine işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Biziň Esasy Kanunymyz ýurduň ösüşiniň we raýatlaryň parahatçylykly durmuşynyň, halkymyzyň köp nesilleriniň nurana geljek baradaky arzuwlarynyň amala aşmagynyň kepili bolup durýar diýip, hormatlyPrezidentimiz aýtdy. Halkymyzyň arzuwlarynyň amala aşmagy, Watanymyzyň nurana geljegi ugrunda döredijilikli  we yhlasly zähmet çekmek biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.


Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda jemgyýetimiziň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrýan Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ägirt uly taryhy ähmiýeti bardyr. Bu waka mähriban halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we ol Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna hyzmat eder hem-de täze giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döreder diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary dünýä we milli demokratik  ýörelgelere, umumy ykrar edilen esaslara we halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän  Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen gutlady. 


Kämilleşdirilen Esasy Kanunyň kabul edilmegi biziň öňümizde täze has jogapkärli wezipeleri goýýar. Bu waka ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň taryhynda täze tapgyry açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mähriban we agzybir halkymyz bilen bilelikde öňde goýlan wezipeleriň ählisini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda birleşen tagalla ediljekdigine ynam bildirdi.


Şu günki maslahatda edilen çykyşlarda häzire çenli mugt peýdalanylýan  tebigy gaza, suwa, elektrik toguna we beýleki serişdelere belli bir tölegiň we öwez tölegi boýunça degişli ulgamyň girizilmegi babatda birnäçe teklipler girizildi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm kuwwaty bolan  tebigy serişdeler diňe bir häzirki däl, eýsem geljekki nesillere-de hyzmat etmelidir. Bu baýlygy biz öz çagalarymyza, agtyklarymyza, geljekki nesillerimize geçirip, olaryň köp ýyllaryň dowamyndaky bagtyýar durmuşyny üpjün etmelidiris. Adalatly bellenilişi ýaly, bu mesele ýagdaýa dogry düşünmek arkaly çözülmelidir. Biz özümiziň ägirt uly tebigy serişdelerimizi geljekki nesilleriň üstünliginiň kepili hökmünde saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Ministrler Kabinetine girizilen teklipleri öwrenip, olardan degişli netije çykarmagy tabşyrdy. Teklipler boýunça kabul edilen çözgütler barada biz halkymyza habar ýetireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny Ahal welaýatynda geçirmegiň  meýilleşdirilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz onda Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşi, halkymyzyň abadançylyk derejesi, onuň asuda we rahat durmuşy, döredijilikli zähmeti we göwnejaý dynç alşy üçin şertleriň döredilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ugurlary kesgitlener.


Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, bu umumymilli forumy geçirmekde tagallasyny gaýgyrmadyk, onuň ýokary guramaçylyk derejesine goşant goşan Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylaryna, zähmetsöýer ilatyna we jogapkär adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň Ahal welaýatynda geçiriljek nobatdaky maslahatynyň hem ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigine ynam bildirdi.


Soňra şu günki maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary döwlet sylagyny bermek baradaky teklip boýunça aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz hemmelere özüne bildirilen ýokary hormat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi ýygnananlar we tutuş mähriban halkymyz tarapyndan özüne bildirilen hormat-sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy we bildirilen ynama we hemmetaraplaýyn goldawa minnetdarlyk bildirip, her bir işde halkynyň goldawyna daýanjakdygyny aýtdy. Ýöne hormatly Prezidentimiziň  belleýşi ýaly, ol özüne ýokary dereje bermek baradaky teklipden häzirlikçe saklanýandygyny aýtdy we foruma gatnaşyjylaryň muňa dogry düşünjekdigine ynam bildirdi.


Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gezekki Ýaşulular maslahaty şanly wakanyň öňüsyrasynda geçirildi. Ýakyn wagtdan biz Bitarap Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrarys diýip belläp, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary we tutuş halkymyzy baýramçylyk çäreleriniň taýýarlygyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


Umumymilli forumyň jemini jemläp we onuň gün tertibine girizilen meseleleriň ýerine ýetirilendigini tassyklap, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara meseleler ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we olara berk jan saglyk, abadançylyk, bagt we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Gurban baýramy bilen ýene bir ýola gutlap, hemmeleri baýramçylyk mynasybetli geçirilýän sadaka gatnaşmaga çagyrdy.


Şeýlelik bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi.


Ruhyýet Köşgünde ýene-de Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.


Ýaşulularyň maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumymilli forumyň netijeli işi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, şeýle hem golaýlaşyp gelýän şanly sene – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç – gaýrat,  Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze  üstünlikleri arzuw edip, milli Liderimize ajaýyp  gül desselerini gowşurdylar. 


Hormatly Prezidentimiz gutlaglar hem-de iň gowy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Ruhyýet Köşgünden ugrady.


Soňra milli Liderimiz Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  orunbasarlaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medalyny gowşurdy.


Hökümet agzalary, milli parlamentiň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň ýolbaşçylary bildirilen hormat-sarpa üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.


Hormatly Prezidentimiz hemmeleri belent döwlet sylaglary hem-de şu günler bellenilýän Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.