Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow : Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly ýagdaýdyr


Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly ýagdaýdyr diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda belledi.


«Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion kanunda: «Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna - türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.


Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Döwlet garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi.


Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi we hereket edýär.


Şu ýyllarda döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş edaralary döredildi.


Türkmen bitaraplygy halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý hökmünde, ählumumy ösüşiň gurluşyny üýtgetmegiň has amatly ýoluny dünýä bileleşigine teklip etdi. Bu bolsa, hyzmatdaşlyk etmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrüldi.


1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan goldady we kabul etdi. Bu Rezolýusiýada Milletler bileleşigi «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar» diýlip bellenilýär.


Biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan oňyn syýasatyny dünýä bileleşigi hemmetaraplaýyn makullaýar we goldaýar. Bitarap Türkmenistanyň birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise - başlyklygyna saýlanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.


Şeýlelikde, Türkmenistan indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda aýratyn ähmiýetli wakadyr. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz soňky ýyllarda bu iri halkara Guramasynyň abraýly düzümlerine we ykdysady edaralaryna köp gezek saýlandy.


Geçen ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäniň 47 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.


Rezolýusiýada biziň Garaşsyz döwletimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary goldanylýar. Türkmen bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady taýdan sebit we dünýä ösüşine oňyn täsir edýändigi bellenýär.


Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge we ygtybarly ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlaryna ýene-de bir gezek goldaw bildirilýär. Şeýle hem, Rezolýusiýada çylşyrymly we adatdan daşary hadysalar hem-de tebigy heläkçilikler zerarly kyn ýagdaýda galan ýurtlara  we halklara ynsanperwer kömegini bermekde biziň döwletimiziň oňyn orny ykrar edilýär.


Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş –çärýek asyrlap Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny anyk häsiýetlendirip gelýän esasy düşünjelerdir.


Milli Liderimiziň öz maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, garaşsyzlyk ýyllary şol döwrüň çylşyrymly we aýgytly pursatynda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Bitarap Türkmen döwleti häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär.


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň Ýer ýüzüniň döwletleri we halklary bilen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda asyrlaryň dowamynda emele gelen milli däplerimize doly laýyk gelýändigine ynam bildirdi.


Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde geçýär. Umumilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Garaşylyşy ýaly, maslahata gatnaşýan Mejlisiň deputatlary şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna serederler.