Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi açyldy


Aşgabatda, Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi öz işine başlady.


Umumymilli forumyň gün tertibine Garaşsyzlygyň 25 ýylynyň dowamynda gazanylanlaryň jemlerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Bu maslahat döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazar. Mejlise gatnaşýan milli parlamentiň deputatlary şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň  rejelenen görnüşini  tassyklamak hakyndaky Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna gararlar.


Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň rejelenen görnüşi ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň binýady, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliliginiň mizemezliginiň kepili bolar.


Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan wekiller, hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy pariýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, dürli pudaklaryň işgärleri, ylym we medeniýet işgärleri, ýaşlar ýygnandylar. Il arasynda hormat-sarpa eýe bolan ýaşulular maslahata hormatly gatnaşyjylardyr.


Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurt işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.


Ýaşulular maslahaty türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy sütünleriniň biridir, bu ýörelge öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen halky ýaşululara hemişe aýratyn hormat-sarpa goýup, olaryň baý tejribesini durmuş ýörelgesi hökmünde saýlap aldy. Häzirki günlerde bu demokratik ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär hem-de döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.               


Ýaşulular maslahatynyň her gezekki mejlisi umumymilli möçberli foruma öwrülýär, onda aýanlyk ýagdaýynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garalýar hem-de Türkmenistanyň ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan anyk çözgütler kabul edilýär.