Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty


2016-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan kanunçylyk hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenip taýýarlanan kanun taslamalarynyň we kanunçylyk namalarynyň birnäçesi girizildi.


Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmeginiň, demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Milli Liderimiziň öňe süren wezipelerine laýyklykda, deputatlar kabul edilýän kanunlaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň esasy kadalaryna, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn üns berýärler.


Şu gezekki maslahatyň çäklerinde deputatlaryň garamagyna ilkinjileriň hatarynda "Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda" Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy hödürlendi.


Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji awgustynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Saýlawlar giň bäsdeşlik we demokratik esasda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyklykda geçirildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň hem-de türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagynyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna ýedi adam mynasyp boldy.


Mejlisiň maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň "Kazyýet hakynda" Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, şeýle hem "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, "Uglewodorod serişdeleri hakynda" , "Migrasiýa hakynda" we "Migrasiýa gullygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy.


Soňra deputatlar Mejlisiň "Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda", "Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda", "Türkmeistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda", “Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda”, "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky "Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda" Kararlarynyň taslamalaryna garadylar we tassykladylar.


Şeýle hem Mejlisiň "Aziýa awtomobil ýollary ulgamy boýunça Hökümetara Ylalaşyga goşulmak hakynda" we "Transaziýa demir ýollary ulgamy boýunça Hökümetara Ylalaşyga goşulmak hakynda" Kararlarynyň taslamalary tassyklanyldy.


Şu gün Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň barşynda garalan kanunçylyk-hukuk namalary ýurdumyzyň türkmen halkynyň abadançylygyna we bagtyýarlygyna gönükdirilen oňyn özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli ösmegine ýardam berer.