Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy we Garaşsyzlygyň ýaşytdaş nesline ak pata berdi


2016-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen döwrebap awtoduralganyň we Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana künjeginiň çäginde gurlan bäşýyldyzly “Gämi” myhmanhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem toý-dabaralarynyň hormaly myhmany bolup, ýaş çatynjalara bilelikdäki bagtyýar durmuşa ak pata berdi.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ähli sebitlerini, şol sanda kenarýakasyny toplumlaýyn ösdürmäge, onuň baý kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berýär. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek boýunça köpçülikleýin çäreleriň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.


Şu ýylyň maý aýynda “Awaza” şypahanasynyň gurluşygyna badalga berildi. Geçen aýda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ak ýelken” kottejler toplumy hem-de ýurdumyzyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda bina edilen “Tolkun” ýaht-kluby hem-de kottejler toplumy şypahana zolagynyň binalarynyň üstüni ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, sebitara we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde möhüm orun eýeleýän Türkmenbaşy şäheriniň düzümi düýpli döwrebaplaşdyrylýar.


Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz adam maýasyny kemala getirmek, garaşsyzlyk eýamynda doglan we kemala gelen türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemek meselelerine uly ähmiýet berýär. Olar ösüp-ulalyp, özleri maşgala döredýärler, ene-atalar  bolýarlar hem-de Garaşsyz   Watanymyzyň ýaş raýatlarynyň täze neslini terbiýeleýärler.


Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kenarýaka şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berilýän täze desga bolan awtomobil duralgasynyň ýanyna geldi.


Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri,  hormatly ýaşulular we ýaşlar bar. Olar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.


Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. 


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan awtomobil duralgasynyň barlag-goýberiş nokadyna barýar. Milli Liderimiz awtomatlaşdyrylan giriş terminaly hem-de sürüjilere boş duralga orunlarynyň sany baradaky maglumatlary almaga mümkinçilik berýän ýörite tablo bilen enjamlaşdyrylan barlag-goýberiş nokadynyň tehniki üpjünçiligine üns berdi.


Dabaraly pursat gelip ýetdi. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň toý bagyny kesýär we 3 müň orunlyk täze awtoduralgany açýar.


Soňra hormatly Prezidentimiz awtoduralganyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar. Ýolugra döwlet Baştutanymyz onuň ýerleşiş aýratynlygy, tehniki üpjünçiligi, sürüjiler we işgärler üçin döredilen şertler, ulag goýmak üçin ýeri seçip almagyň aýratynlyklary we toplumyň bezeg hem-de ekologiýa ugurlary bilen baglanyşykly özboluşlylygy bilen gyzyklanýar.


Bu ýerde üsti ýapyk awtoduralgalaryň 12 ulgamy gurlupdyr. Olarda awtoýuwalga we azyk harytlar dükany bar. Toplumyň çäginde edara binasy, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň bölümi, üç barlag-goýberiş bölümi, welosipedler üçin ammarlar, başga-da birnäçe inženerçilik-tehniki desgalar bar. Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 12,65 gektara barabar bolup, zerur bolan döwrebap enjamlar we durmuş üpjünçiligi ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy.


Bu ýerde iri göwrümli awtoduralganyň gurulmagy Türkmenbaşy şäherine we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelýänler üçin amatly awtoduralgalaryň üpjünçiligini şertlendirýär.


Ýolugrunda döwlet Baştutanymyz awtoýuwalgany we abatlaýyş ussahanalaryny synlap, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, işiň aýratynlygyna we hyzmatlaryň sanawyna, awtoulaglara  garaşyk etmek üçin ulanylýan ýörite serişdeleriň hiline üns berdi.


Hormatly Prezidentimiz köpugurly awtoduralganyň çäginde goýlan “Çaýka” kysymly awtoulaglarynyň  dürli nusgalaryny uly gyzyklanma bilen synlady.


Şol wagt bu ýerde hakyky türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy, munuň özi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.  Ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan bu ýere gelen ýaş çatynjalaryň alty jübüti üçin bu gün ýatdan çykmajak güne öwrüldi. Hossarlary hem-de köpsanly myhmanlar bilen bilelikde ýaş çatynjalaryň bu ýerde peýda bolmagy bilen, uly türkmen toýuny ýatladýan baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy hem-de joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Asyrlaryň   dowamynda dörän hem-de nesilden-nesle geçirilýän özboluşly toý dessurlary baýramçylygyň hakyky  bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň her bir sebitinde bu dessurlaryň öz aýratynlygy bar hem-de olar türkmen halkynyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.


Toý dabarasyna gatnaşyjylar “Arkadaga şöhrat!” diýip, hormatly Prezidentimizi  şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik bilen garşyladylar.


Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalary mähirli mübärekläp, olary durmuş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady. Täze maşgalanyň emele gelmegi, sözüň doly manysynda, ýaş çatynjalaryň her biri üçin taryhy gündür diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi ýaş çatynjalar üçin hem, olaryň hossarlary we ýakynlary üçin hem uly baýramçylykdyr.  Çünki, maşgala türkmen jemgyýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň hem-de esaslarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.


Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalara ýüzlenip, olara döwür bilen deň gadam urup, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerini aýawly saklamagy, gadymdan bäri belent ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly bolan halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen däp-dessurlaryny dowam etdirmegi we soňra özleriniň çagalaryna geçirmegi sargyt etdi. Ýaşululara hormat goýmak hem-de ene-atalary sarpalamak şol mizemez däpleriň biridir. Ene-atalar öz çagalarynyň bagtly bolmagy üçin ähli tagallalary edýärler. Maşgalany döretmek bilen, ýigitler onuň daýanjy, ýaş gelinler bolsa maşgala ojagyny goraýjylar bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  belleýşi ýaly, türkmen halkynyň baýramçylyklary köpdür, ýöne gelin toýy hemişe aýratyn dabara hasaplanylýar. Häzirki ýaş çatynjalar täze taryhy eýýamyň – Garaşsyzlyk eýýamynyň nesilleridir. Täze eýýam ýaşlara özleriniň başarnyklaryny görkezmekleri, mümkinçiliklerini ýüze çykarmagy, göz öňünde tutan meýilnamalarynyň ählisini durmuşa geçirmekleri, gülläp ösýän Watanymyzyň mertebesini has-da belende götermekleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri peşgeş berdi. Özüniň täze ykbalyna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşytdaşlary köp zatlary başaryp bilýärler. Çünki, olarda ýurdumyzyň güýji, onuň täze açyşlara we belentliklere ymtylýan döredijilik kuwwaty we erkinlik ruhy jemlenendir.  


Şoňa görä-de, şu günki toýuň şanly senäniň—eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda tutulmagynyň özboluşly manysy bardyr. Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalary, olaryň üsti bilen şanly baýramçylyk ýylynda maşgala gurýan ýaşlaryň  ählisini bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara söýgi we agzybirlik, abadançylyk hem-de bagtly durmuş arzuw etdi.


Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalaryň her jübütine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga ýollanmalary gowşuryp, Hazaryň kenarynda kaşaň myhmanhanalar toplumlarynda geçirilen şu ajaýyp günleriň olaryň bilelikdäki bagtyýar durmuşynyň özboluşly nyşany bolmagyny arzuw etdi.


Ýaş çatynjalaryň ählisiniň adyndan maşgala gurýan ýaşlaryň biri döwlet Baştutanymyza eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we mähriban halkymyzyň abadançylygy, häzirki türkmen jemgyýetinde milletimiziň gadymdan gelýän belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, maşgala ojagynyň berk bolmagy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, türkmenistanlylaryň ýaş maşgalalary eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, has belent sepgitleri eýelemegine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary ederler.


Ýaş çatynjalar şeýle ajaýyp toý sowgady üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özlerine garaşýan awtoulaglarda baýramçylyk kerweni bilen awtoduralgadan ugradylar.


Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda maşgala we ýaşlar meselelerine aýratyn üns berilýändigini bellemelidiris. Ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn ýardam edilýär, şol sanda uly ýeňillikler hem-de ýaşaýyş jaýlaryny edinmek üçin uzakmöhletleýin karzlar berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasat bolsa durmuş ugruna gönükdirilendir. Munuň özi ýaşlara durmuşa giň ýol açýar, döredilýän maşgala ojaklarynyň berkemegine ýardam edýär.


Hormatly Prezidentimiz ýaş çatynjalar bilen hoşlaşyp, awtoulag duralgasyny synlamagy dowam etdi we onuň çäginde goýlan ulag serişdeleriniň dürli görnüşleri – skuterler we beýlekiler bilen tanyşdy. Ulaglaryň bu nusgalarynyň aýratynlygy olaryň däp bolan ýangyçda däl-de, eýsem, elektrik akkumulýatorynda hereket edýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza pedallar arkaly, şeýle hem elektrik enjamlar arkaly herekete getirilýän welosipedler görkezildi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulaglaryň şeýle görnüşleriniň artykmaçlygynyň ekologiýa babatda amatlylygy hem-de dolandyrmagyň ýeňildigi bilen baglydygyny nygtap, täze awtoulag duralgasynyň işiniň guramaçylyk meselesine ünsi çekdi. Bu ýerde bir wagtyň özünde awtoulaglaryň 3 müňüsi üçin orunlar kepillendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Awaza” dynç almaga gelýänleriň awtoulag serişdelerinden başga-da, bu ýerde gulluk ulaglarynyň saklanjakdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara ýörite ygtyýarnamalaryň üç görnüşini – hemişelik, wagtlaýyn hem-de birgezeklik ygtyýarnamalary işläp taýýarlamagy we ornaşdyrmagy tabşyrdy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desga bilen tanyşlygy tamamlap, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde gurlan “Gämi” myhmanhanasyna tarap ugrady.


Ýolugra medeniýet we sungat işgärleriniň, döredijilik toparlarynyň, şeýle hem welosipedçi türgenleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türgenler bu ýerde iri halkara ýaryşlaryna, ilkinji nobatda bolsa, türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek bilen okuw-türgenleşikleri geçirýärler.


Häzirki döwürde “Awazada” diňe bir aňrybaş derejede dynç almak üçin däl, eýsem, saglygyňy berkitmek, wagtyňy peýdaly geçirmek, sport, şol sanda suw sportunyň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler üpjün edildi. Arassa howa, çogly güneşiň astyndaky howuzlar, deňiz giňişligi adam synasyna oňaýly täsir edýär we dynç alýanlara  saglygyň berkidilmegini, uzak wagtlap özüňi oňat duýmagy kepillendirýär. Şeýlelikde, şypahana zolagynda doly derejeli dynç almak üçin amatly şertler döredildi. Munuň şeýledigini diňe bir watandaşlarymyz däl, eýsem, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar hem nygtaýarlar.


Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy iri işewür, medeni we sport merkezi hökmündäki derejesini berkitdi. Bu ýerde halkara derejesindäki dürli çäreler, ýokary derejedäki duşuşyklar geçirilýär. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, çeper höwesjeňleriň we zehinli çagalaryň arasynda guralýan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini, hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini sylaglamak dabarasy hem hut şu ýerde geçirilýär.


Hormatly Prezidentimiz täze bäşýyldyzly “Gämi” atly myhmanhananyň ýanyna gelýär. Onuň ady desganyň özboluşly binagärlik çözgüdinde has-da äşgär duýulýar. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.


Şanly waka mynasybetli ýaş artistler döredijilik sowgadyny – ýaş deňizçileriň joşgunly tansyny taýýarladylar. Olar dabara gatnaşýanlaryň ählisine şatlyk duýgusyny we ruhubelentlik paýladylar.


Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Türkmenistanda deňizçi hünäriniň abraýy has-da artdy. Munuň özi ýurdumyzyň deňiz floty ulgamyndaky giň möçberli özgertmeler, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň täzelenmegi, pudagyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde eýeleýän ornunyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin deňizde işlemek babatda zerur bolan hünärleri üstünlikli ele almak üçin giň mümkinçilikler açylýar.


Milli Liderimiz şowhun-şatlykly, dabaraly ýagdaýda “Gämi” myhmanhanasynyň toý bagyny kesdi.  Gojaman Hazaryň kenarynda bina edilen myhmanhana toplumy 350 orunlyk bolup, ol bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.  Ol binagärlik keşbi bilen deňiz giňişliginde ýüzýän ajaýyp ak ýelkenli gämini ýatladýar. Binanyň ikinji gatynyň aýnalary gämileriň ilýuminatory görnüşinde ýerine ýetirilipdir, onuň öň tarapynyň bezegi bolsa labyrdan ybaratdyr.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  myhmanhana girip, onuň  enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar.


Myhmanhananyň giň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy hasaba alyş bölüminiň işgärleri mähirli garşyladylar. Olar halkymyzyň abadan durmuşy, netijeli zähmet we amatly dynç almak üçin döredilýän aňrybaş şertler hem-de yzygiderli edilýän alada üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.


Ýokary derejeli täze “Gämi” myhmanhanasy dynç alýanlara  hyzmat  edip başlady. Onuň üçünji gatyndan 13-nji gatyna çenli aralykda birmeňzeş iki orunlyk otaglaryň 120-si bar. “Deluх” ýokary derejeli dört orunly otaglaryň 18-si, VIP derejesindäki dört orunlyk otaglaryň 10-sy bar.


Myhmanhana toplumynyň dynç alyş düzüminde 85 orunlyk 3D kinozaly, 100 orunlyk tans edilýän meýdançasy, karaoke-bary, bouling, bilýard otaglary, oýun awtomatlary hereket edýär. Mundan başga-da, türgenleşik zaly, ýüzüş howuzlary, sauna, türk hammamy, duz otagy, owkalama otaglary myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Şeýle hem bu ýerde gözellik salony hereket edýär.


Myhmanhananyň birinji gatynda iki restoran bolup, olaryň biri 350 orunlyk, VIP derejeli, ikinjisi bolsa 40 orunlykdyr. Olarda milli we daşary ýurt aşhanalaryň dürli tagamlary dynç alýanlara hödürlener. Şeýle hem bu gatda bank bölümleri, gepleşik otagy, uçar petekleriniň satylýan bölümi, ammarlar we beýleki degişli düzümler bar.


Şunuň bilen birlikde, myhmanhana toplumynda dürli derejedäki çäreleri we forumlary geçirmek üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy. Munuň üçin binanyň ikinji gatynda 100 we 50 orunlyk maslahat zallary, şeýle hem 34 orunlyk VIP zaly bar. Olar häzirkizaman degişli enjamlar, şol sanda kämil audio we wideoenjamlary bilen üpjün edildi.  Mundan başga-da, bu ýerde 150 orunlyk restoran, 20 orunlyk Internet-kafe, lukman otagy we diş lukmanynyň otagy bar. Şeýle hem ikinji gatda myhmanhananyň edara ediş-gulluk bölümi ýerleşýär.


Toplumyň buýrujysy we potratçysy “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bolup durýar. Onuň umumy meýdany 62 müň 305 inedördül metre barabardyr. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, gök zolaklar döredilipdir. Bu ýerde çagalar üçin oýun attraksionlary bolan akwapark, şeýle hem ulular üçin arassa howada wagtyňy geçirmäge niýetlenen özboluşly telärler we tomusky çaýhana guruldy. Basketbol, tennis, kiçi futbol meýdançalary sportuň görnüşleri bilen meşgullanmagy halaýanlar üçin söýgüli künjege öwrüler. Körpeler üçin ähli degişli  enjamlar bilen üpjün edilen oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy. Döwrebap inženerçilik-tehniki ulgam myhmanhananyň durmuş üpjünçiligini ýola goýýar. Şeýle hem  bu ýerde 50 orunlyk üsti ýapyk awtoduralga bar.


Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň ýedinji gatyna galyp, bu ýerde ýaşamak we dynç almak üçin  döredilen şertler,  otaglaryň içki bezeg aýratynlyklary, munuň üçin ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýerleşen otaglary, şol sanda iki orunlyk hem-de “Delux” derejeli otaglary gözden geçirip, olaryň bezegine üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Gämi” myhmanhanasynyň “Awazanyň” çäginde bar bolan beýleki myhmanhana toplumlary ýaly myhmanlara hyzmatyň ýokary derejesini hödürleýändigini bellemeli. Onuň otaglary amatly mebeller bilen üpjün edilip, olaryň ýerleşdirilişi, reňk taýdan sazlaşygy zerur amatlylygy üpjün edýär. Derejesine garamazdan, otaglaryň hemmesi şypahana hyzmatynyň halkara derejesine doly laýyk gelýär we biri-birinden otaglarynyň sany hem-de ölçegleri babatda tapawutlanýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alýanlar üçin döredilen şertler bilen gyzyklanyp, syýahatçylyk ulgamy, myhmanhana işi we şypahana düzümi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmeginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hem-de pudagyň ösüşine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz myhmanlar üçin ýokary amatlylygy üpjün etmek boýunça bildirilýän talaplaryň berk berjaý edilmelidigini belläp, Türkmenistanda döwrebap dynç alyş düzümini kemala getirmekde türkmen halkynyň myhmansöýerlik ýaly gadymy milli däplerine esaslanmalydygyny, onuň täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilmelidigini aýtdy. Otaglaryň bezegleri barada aýdylanda bolsa, milli bezeg aýratynlyklary we häzirkizaman ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.


Döwlet Baştutanymyz myhmanhanany synlamagyň barşynda daşary ýurtly diplomatlar bilen söhbetdeş bolup, olara ýurdumyzda geçirilýän möhüm çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy. Milli Liderimiz geçen ýyllaryň dowamynda döwletimizde ägirt uly özgertmeleriň bolup geçendigini, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň kemala gelendigini aýtdy. Indi olar öz maşgalalaryny döredýärler. Şu gün, Hazaryň kenarynda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň paýtagtyndan hem-de ähli welaýatlaryndan gelen ýaş çatynjalaryň  birbada birnäçesiniň toý tutmagynyň çuňňur manysy bardyr.


Şu gün meniň bilen duşuşan ýaş çatynjalar täze taryhy eýýamyň neslidir, biziň döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýaşytdaşlarydyr. Ýurdumyzyň geljegi üçin olara uly umyt baglanylýar hem-de ýaşlaryň üstüne uly jogapkärçilik ýüklenilýär. Bu ýaşlar ýakyn geljekde biziň ýaş döwletimiziň dünýäde öňdäki orunlary eýelemäge hukugynyň bardygyny subut etmeli bolarlar.


Ýakyn geljekde bize beýleki möhüm ähmiýetli wakalar garaşýar, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, Aşgabadyň täze Halkara howa menzili, beýleki düzümleýin desgalar açylar. Olar ýurdumyzda   döredilýän sebit we halkara ähmiýetli ulag logistiki merkeziniň möhüm bölegine öwrüler. Şu ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat bu strategiki ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. Öňümizdäki ýylda bolsa Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Oňa dünýäniň onlarça ýurdundan köpsanly türgenler gatnaşar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdygyny nygtap, daşary ýurtly diplomatlary täze “Gämi” myhmanhanasynda dynç almaga hem-de bu ýerde döredilen şertlere mynasyp baha bermäge çagyrdy.


Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmegiň üstünde işlänleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, innowasiýalary we täsin döredijilik çözgütlerini iş ýüzünde ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.


“Gämi” myhmanhanasy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde milli sowgatlyk önümleriniň dükany hem bar. Bu ýerde dürli sowgatlyklary, halk senetkärçiliginiň hem-de amaly-haşam sungatynyň önümlerini we beýleki serişdeleri, hususan-da, Aziada-2017-niň nyşany şekillendirilen torbalary satyn almak bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan  öndürilýän şeýle sowgatlyk önümler, däp bolşy ýaly, alyjylarda, şol sanda daşary ýurtly myhmanlarda uly meşhurlykdan peýdalanýar.


Bu ýerde dermanhana hem dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Şol ýerde köpgörnüşli  dermanlardan we beýleki serişdelerden başga-da, alyjylara kosmetiki duzlar hem-de Mollagara kölünden getirilen melhemlik palçyk hödürlenilýär. Şol palçyk bolsa özüniň melhemlik häsiýeti babatda beýleki meşhur deňizlerdäkiden birjik-de pes durmaýar. Bu ýerde Türkmenistanyň dermanlyk otlarynyň esasynda taýýarlanylan çaýlary we beýleki serişdeleri satyn almak bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  şol dermanlara özüniň köp jiltlik ensiklopediki işini bagyşlady. Umuman, bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän dermanlyk we lukmançylyk serişdeleriniň 300-e golaý görnüşi bar.


Hormatly Prezidentimiz “Gämi” myhmanhanasy bilen tanyşlygy tamamlap, belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


Mälim bolşy ýaly, öňden bäri gämide jürlewük ses beriji duýduryş serişdesi bolup durýar. Onuň sesi gäminiň ekipažy üçin ol ýa-da beýleki duýduryşy alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz şu asylly däbe eýerip, gäminiň jürlewüginiň kömegi bilen yşarat berip, ýagnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Gämi” myhmanhanasynyň işine badalga berdi.  


Hormatly Prezidentimiz binadan çykyp, myhmanhana toplumynyň ýolbaşçylaryna awtoulag serişdeleriniň – kiçi awtobusyň we ýeňil awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmeleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň düzüminiň üstüni ýetiren täze ajaýyp myhmanhananyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlady we bu ýerden ugrady.