Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi 


2016-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijelerine garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasyny we beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, mukaddes Gurban baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Mübärek Gurban baýramy ýurdumyzda her ýyl ählihalk baýramy hökmünde döwlet derejesinde giňden we dabaraly bellenýär. Gurbanlyk türkmen halkynyň milli däplerini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp baýramdyr. Bu baýram ynsanperwerligi we ruhy päkligi ündeýär, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary we dost-doganlygy has-da berkidýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.


Gurban baýramy mynasybetli metjitlerde Baýram namazy okalýar. Garaşsyz Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baý mazmunly, milli däp-dessurlarymyza esaslanýan dabaralar geçirilýär. Ýurdumyzda Gurban baýramynyň giňden bellenmegi mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, agzybirligini we jebisligini, eziz Diýarymyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.


Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.”Mübärek Gurban baýramy günlerinde beriljek sadakalar, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän maliýe-ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Baş döwlet salgyt gullugynyň işinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz işleri doly seljerip, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.


Döwlet Baştutanymyz düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen anyk çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda birnäçe işleriň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi hem-de işleriň depginini güýçlendirmegiň we oba hojalyk pudagynda işleri degişli derejede guramak üçin anyk teklipleriň girizilmeginiň zerurdygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna çenli bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny tamamlamak babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektron senagatyny we bu ugurdaky bilelikdäki kärhanalary döretmegiň depginleriniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Kärhanalarda enjamlara hyzmat edilişi degişli derejä laýyk gelmeýär. Şonuň netijesinde bolsa işleýän enjamlar yzygiderli hatardan çykýar. Milli Liderimiz senagat desgalarynyň birnäçesiniň doly güýjünde işlemeýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerden ýolbaşçylary seçip almak we kemçilikleri gyssagly düzetmek hem-de işleri ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna az wagtyň galandygyny aýdyp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, şol sanda telekeçiler tarapyndan geçirilýän işleri gysga wagtda tamamlamak, baýrama çenli ähli ýerde arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň sekiz aýynda söwda toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ahyryna çenli birnäçe möhüm çäreleriň, şol sanda halkara maslahatlarynyň, döwlet derejede baýramçylyklarynyň geçiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda merkezleriniň hem-de dükanlarynyň ýokary hilli azyk we senagat harytlary bilen doldurylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak, ilaty zerur bolan hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän harytlar bilen üpjün etmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ähli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hasabatyň çäklerinde döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini, syýahatçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler, milli mirasy aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, ilatyň göwnejaý dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan tele we radiogepleşikleriň ýokary hilini üpjün etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri halk köpçüligine öz wagtynda ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek medeni çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly ýagdaýda geçirilmelidir. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen belent sepgitleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda giňden beýan edilmelidigini nygtady.


Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 21-23-nji sentýabrda “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XI halkara sergi-ýarmarkasyny we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtdy hem-de bu foruma dünýäniň köp ýurtlaryndan wekilleriň, şol sanda neşir önümlerini öndürijileriň, degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň, meşhur şahyrlaryň hem-de ýazyjylaryň gatnaşmaga isleg bildirýändiklerini habar berdi.


Milli Liderimiz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän halkara kitap forumynyň milli ruhy mirasy, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde hem-de neşirýat ulgamynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedigini nygtap, wise-premýere bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamynda sekiz aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri hakynda hasabat berdi.


Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permanyň taslamasy hödürlenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, bu möhüm ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sporty ösdürmek, munuň üçin bar bolan kuwwatlyklardan hem-de mümkinçiliklerden doly peýdalanmak boýunça mundan beýläk-de zerur işleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we bu babatda anyk görkezmeler berdi.


Hormatly Prezidentimiz degişli ulgamlaryň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň, dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl Gurban baýramy 12-13-14-nji sentýabrda bellenilip, şol günler iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu nurana baýramyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we rehimdarlyk taglymyna ygrarly türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň üýtgewsizdigine şaýatlyk edýändigini belledi.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, şu ýylyň sekiz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Belarus Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň netijeleriniň milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň hem-de parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistana saparlaryň birnäçesi amala aşyryldy.


Hasabat döwründe Daşary işler ministrligiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň jemi 300-si döwletimize sapar bilen geldi. Umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän halkara ähmiýetli çäreleriň, şol sanda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 128-si guraldy. Hasabat döwründe halkara resminamalarynyň 71-sine gol çekildi.


Şu ýylyň başyndan bäri daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň 24-si, bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 10-sy geçirildi. Olaryň işi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Işewürler maslahatlarynyň 12-siniň gün tertibine netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.


Abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygy bellenildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň beýleki döwletler hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guraýandygyny nygtap, iş ýüzünde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä ösüşiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändigini aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary, şol sanda şu ýyl göz öňünde tutulan halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli görkezmeleri berdi.


Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.


2016-njy ýylyň başyndan bäri milli parlamentiň maslahatlarynyň üçüsiniň geçirilendigi, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 58-siniň hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 58-siniň kabul edilendigi bellenildi.


Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyna we degişli resminamalaryny içgin işläp taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň işiniň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bellenilýän ýylda geçirilýän Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli şertleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.


Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde ýakyn geljek üçin durýan möhüm wezipeleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, käbir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, umuman, oňat netijeleriň gazanylandygyny görkezýär. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilip kabul edilen maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy hem ýokary derejede saklanýar. Nebitgaz pudagyndan başga ähli pudaklarda diýen ýaly, bellenen tabşyryklar doly ýerine ýetirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bol galla hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnalyp alyndy.


Ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni bellenen ähli çäreleri öz wagtynda we talabalaýyk derejede geçirmäge çekdi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli. Ýurdumyzyň baş baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly ýubileýini giňden we dabaraly belläp geçmäge düýpli taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Göz öňünde tutulan ähli desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmelidigini aýdyp, milli Liderimiz şu ýyly ýokary netijelere besläp, uly üstünlikler bilen tamamlamak üçin, ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýakynda ýene-de bir kitaby – «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri ýazyp gutarandygyny habar berdi. Bu eserde türkmen aýdym-saz sungatynyň beýik ussatlarynyň biri, meşhur sazanda Şükür bagşynyň durmuşy we döredijiligi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şükür bagşy türkmen halkynyň iň kyn we çylşyrymly meseleleri hem hemişe diňe parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşandygyny aýdyň görkezýändigini belläp, milli Liderimiz meşhur bagşynyň ajaýyp keşbini ussatlyk bilen döredip, türkmen edebiýatynyň abraýyny ýene-de bir gez beýgelden beýik ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň milli medeniýetimiziň we edebiýatymyzyň öňünde bitiren bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny aýratyn nygtady. Türkmen halky bütin taryhynyň dowamynda parahatçylygyň we agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň tarapdary hökmünde ykrar edilip gelnen halkdyr. Merdana ata-babalarymyzyň bu ýol-ýörelgesine we kadalaryna çäksiz wepaly bolup, şol ýörelgeleri we kadalary dowam etmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.


Milli Liderimiz özüniň täze kitabyny ýakyn günlerde Aşgabat şäherinde geçiriljek umumymilli foruma gatnaşyjylara sowgat bermek isleýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna çenli bu kitaby neşirde çap edip, mähriban halkymyza tanyşdyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.