Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


2016-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy hem-de bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak, geçirilýän işleri kämilleşdirmek bilen baglanyşykly olaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Polisiýanyň howa gullugy merkeziniň täze edara binasynda geçirdi.


Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabaty diňlenildi. Ol şu ýylyň 8 aýynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň we hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň hasabyna ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny berkitmäge, milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli amala aşyrmak maksadynda şu ýylyň başyndan bäri görlen anyk çäreler hakynda hasabat berdi.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 25 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaraly harby ýöriş goşunlaryň ähli kysymlarynyň soňky ýyllarda artan kuwwatynyň we taýýarlygynyň görkezijisi bolar, bu ýörişe häzir güýçli depginlerde taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, goranmak ministri ýylyň ahyryna çenli baýramçylyk çäreleriniň köpdügini, olaryň bolsa feýerwerkler bilen dabaralandyryljakdygyny nazara alyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyndan 8-nji sentýabrda 21.00-da gözelligine hem-de bildirilýän beýleki talaplara laýyklylygyna baha bermek maksady bilen, feýerwerkiň birnäçe görnüşleriniň synagyny geçirmäge rugsat bermegini haýyş etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esasy ugurlaryň birnäçesini öz içine alýan harby ulgamda giň gerimli özgertmeleri ilerletmegiň barşyna, umuman, kanagatlanma bildirip, edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly harby däplerini abraý bilen dowam edýän ýaş harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň oňaýly ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň geçirilýän işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda durmalydygyny belledi.


Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň aýrylmaz nyşanyna öwrülen harby ýörişe taýýarlyk görmek meselelerine degip geçip, ony ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz feýerwerkleriň dürli görnüşlerini synagdan geçirmäge ygtyýar berip, dürli öwüşginli feýerwerkleriň türkmenistanlylaryň kalplarynda Watanyna we gazanylýan ägirt uly üstünliklere buýsanç duýgusyny döredýändigini nygtady.


Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de eziz Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek hem-de garamagyndaky ähli düzümlerde tertip-düzgüni güýçlendirmek hem-de döwrebap serhet galalarynyň gurluşygy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň aýratyn möhümdigi barada aýdyp, olaryň ata Watanymyzyň çäkleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýaly esasy wezipesinden başga-da, goňşy döwletler bilen ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň saklanmagyna uly üns bermelidiklerini belledi. Eziz Diýarymyzy goňşularymyz bilen asyrlarboýy däbe öwrülen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.


Soňra içeri işler ministri I.Mulikow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, düzgün bozmalaryň öňüni almak , raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek boýunça ýanwar-awgust aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. 1-nji sentýabrda badalga berlen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler hasabatyň esasyny düzdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, mekdeplerde we çagalar baglarynda bu mowzuga degişli bäsleşikler guralar. Şeýle hem Türkmenistanda ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler geçiriler.


Milli Liderimiz IIM-niň düzümine girýän edaralaryň geçirýän işlerine gözegçiligi güýçlendirmegi talap edip, ministre ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak, ýol gözegçiligi gullugynyň işini güýçlendirmek, islendik düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça işleri sowatly guramak babatda anyk görkezmeleri berdi. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyryp, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň hem-de pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidirler. Badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu biraýlygyň her ýyl geçirilmeginiň oňyn netijeleri berýändigini nygtady.


Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň howa gullugyny Polisiýanyň howa gullugy merkezi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.


Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen işiň örän jogapkärçiliklidigini nazara almak bilen, geljekde hem işgärleriň ýerli-ýerinde goýulmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Çünki umumy başlangyçlaryň üstünligi we ilatyň ynamy şolaryň iş başarjaňlygyna bagly bolup durýar.


Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew täze taryhy döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, şu ýylyň 8 aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek şol işleriň esasy ugry bolup durýar.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, geljekde hem abraýly, ýokary derejeli işgärleri seçip almak ýaly möhüm meselä örän uly üns bermegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilmegine gös-göni jogap berýän düzümde diňe sowatly, hemmetaraplaýyn bilimli adamlar işlemelidir.


Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz kazylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak, olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi.


Soňra çykyş eden Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow hasabat döwründe geçirilen işler barada habar berdi. Garaşsyz döwletimiziň döredijilik we ösüş ýoly bilen üstünlikli ilerlemeginiň aýrylmaz şerti bolan durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak şol işiň esasy ugry bolup durýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda görülýän çäreleriň möhümdigini nygtap, döwletimiziň ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň kepili bolup çykyş edýän milli howpsuzlygy üpjün etmek babatda mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy.


Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew 2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de özüne ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Gullugyň ýolbaşçysyndan geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmak, hususan-da, Türkmenistanyň çäginden geçýän ýüklere ykjam gözegçiligi guramak işine öňdebaryjy halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmak üçin zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi.


Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz Gullugyň üstüne ýüklenen işiň möhümdigi barada aýdyp, häzir Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýän, soňky döwürde barha artýan daşary ýurtly myhmanlary kabul etmegiň derejesiniň köp babatda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sazlaşykly işlemegine baglydygyny belledi.


Adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň hem-de garamagyndaky düzümleriň şu ýylyň başyndan bäri geçen 8 aýyň içinde alyp baran işleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň möhümdigini belläp, täze taryhy döwrüň wezipelerini çalt ýerine ýetirmäge gönükdirilen hukuk özgertmelerini mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi.


Belent Serkerdebaşymyz giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy edaralaryň möhüm ornuny belläp, parahatçylygy söýüji döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan ugur almak bilen, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini, harby gullukçylaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlandan soň, hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça bu edaralaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň täze görnüşleri bilen tanyşdy.


Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harbylaryň dabaraly toý lybasyny synlady. Harby gullukçylar bu egin-eşiklerde Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynda geçiriljek harby ýörişe gatnaşarlar. Bellenilişi ýaly, Atly polkuň harbylarynyň toý lybaslary hem şeýle tapawutly aýratynlygy özünde jemlemelidir. Harby egin-eşikler amatly, gelşikli we owadan bolmalydyr, olaryň hemmesinde-de millilik aýratyn äşgär ýüze çykmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu ýerde şeýle hem tehniki işgärler üçin hödürlenen egin-eşikleriň nusgalary görkezildi.


Ýeri gelende aýtsak, bu harby toý lybaslarynyň ählisi ýurdumyzyň dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilendir.


Döwlet Baştutanymyz harbylaryň toý lybaslaryny gözden geçirip, mukaddes Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşine we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.


Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur türkmen serkerdeleriniň heýkelleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz halkymyzyň şöhratly geçmişli taryhynda uly yz goýan türkmen serkerdeleriniň uly ornuny bellemek bilen, olaryň döwürdeşlerimiz üçin nusgalyk ähmiýeti barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz görkezilen heýkelleri gözden geçirip, olaryň keşbinde hakyky serkerdeleriň häsiýetiniň beýan edilmelidigini nygtady.


Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow okuw-türgenleşik meýdançasynyň çäklerinde harby tehnikalary, şol sanda uçarlary, dikuçarlary, tanklary synlady.


Ýurdumyzyň Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň goranyş kuwwatynyň berk binýadynyň döredilendiginiň nyşany bolan bu tehnikalaryň her biri öz söweşjeň häsiýetnamalaryna eýedir. Olara erk etmekde biziň harby gullukçylarymyzyň başarnyklaryna bolsa, ýurdumyzda geçirilýän tälim beriş harby okuw-türgenleşiklerinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.


Bu tehnikalaryň her biri ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmekde mynasyp orna eýe bolup, goranyş kuwwatyny döwrebap derejede has-da kämilleşdirmek we pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan uly igşleri aýdyň ýüze çykarýar.


Soňra hormatly Prezidentimiz synlaýyş diňine bardy. Bu ýerden döwlet Baştutanymyz esgerleriň paraşýutdan böküşlerini synlady. Olar ýere takyk düşmegiň ussatlygyny görkezdiler. Olaryň bu başarnyklary yzygiderli okuw geçmekleriniň, her günki yhlasly türgenleşikleriniň netijesidir.


Soňra milli Liderimiz harby uçarlaryň dürli kysymlarynyň asmana uçuşyny synlady. Tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän harby uçarmanlar döwrebap tehnikalary dolandyrmakda öz başarnyklaryny görkezdiler. Tehnikalar we harbylaryň olara ýokary derejede erk edişleri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň iş ýüzünde anyk ýerine ýetrrilýändiginiň subutnamalarydyr. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň oňyn miweleridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz uçarlaryň hereketlerini synlamagyny tamamlap, ýol ugrunda hatara düzülen tehnikalary synlap barşyna ýurdumyzyň goşunynyň hemişe mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de türkmen halkymyzyň parahatçylykly döredijilikli zähmetiniň goragynda durýandygyny nygtady. Munuň özi biziň goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň ýörelgelerinden ugur alýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu tehnikalara erk etmegi başarýan harbylary taýýarlamaga berilýän ünsi hemişe güýçlendirmelidigini, döwrebaplaşdyrmalydygyny we kämilleşdirmelidigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.


Türkmen halky Garaşsyzlygyna, parahat we döredijilikli zähmetine belent sarpa goýýar, şoňa görä-de, halkymyzyň durmuşy toýlara baýdyrr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygy hem-de onuň bilen baglanyşykly beýleki toý çäreleri mynasybetli guralýan dabaralarda asuda ýagdaýyň we her bir raýatyň howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigini belledi.


Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň IIM-niň ýanyndaky Polisiýanyň howa gullugy merkeziniň edara binasyna gelip, bu ýerde goýlan dürli döwrebap harby tehnikalary, şol sanda awtoulaglary, dikuçarlary synlady.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynda parahatçylygy, asudalygy hem-de durnuklylygy saklamakda, ýurdumyzda kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmekde esasy orun berilýän Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işini hemişe kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, hut şu kesgitleýji ýagdaýlaryň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmegiň, onuň dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşmagynyň uzakmöhletleýin strategiýasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertler döredýändigini belledi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygynyň hem-de türkmen halkymyzyň parahatçylykly, döredijilikli zähmetiniň goragynda sak durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri özygtýýarly Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň diregi bolmalydyr. Harby doktrina şol strategiýanyň maksada gönükdirilen özeni bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi hem-de onuň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesi nazarda tutulyp işlenip taýýarlanylan bu toplumlaýyn doktrinadan ugur alyp, döwletimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrar, harby gullukçylaryň durmuş, zähmet we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak üçin hemme zerur çäreleri görüp, şahsy düzüm barada hemişe alada eder.