Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi


2016-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Mejlisiň Başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri gatnaşdy. Gün tertibine sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň durmuşynda boljak möhüm wakalara taýýarlyk görlüşi, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan beýleki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abylowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, Aşgabady abadanlaşdyrmak hem-de paýtagtymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu senä gabatlap, birnäçe täze desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ölçegler boýunça özüniň belent derejesine laýyk gelmelidigini nygtap, ony mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny, paýtagtymyzda degişli gulluklaryň ählisiniň sazlaşykly hem-de takyk işlemegini talap edýän nusgalyk arassalygy we düzgün-tertibi üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.


Döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatyna hem-de Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygy barada aýdyp, şanly dabaralaryň maksatnamasynyň düýpli oýlanyşylmalydygyny belledi. Şunda Aşgabadyň gözelligini artdyrmaga hem-de baýramçylyk bezelişine aýratyn üns berilmelidir. Paýtagtymyz şöhratly senäni özüniň tutuş gözelliginde garşylamalydyr.


Milli Liderimiz nobatdaky gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň neneňsi alnyp barylýandygy bilen gyzyklanyp, şäherdäki durmuş ähmiýetli desgalaryň, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim obasenagat toplumynyň kuwwatyny berkitmek boýunça görülýän çäreler, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bina edilýän dürli ähmiýetli desgalardaky, ilkinji nobatda, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyryljak täze gurluşyklarda işleriň ýagdaýy, şöhratly baýramçylyga hem-de Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.


Döwlet Baştutanymyz sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, güýzlük buýdaý ekişiniň hem-de pagta hasylynyň ýygnalyp alnyşynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, bu möhüm oba hojalyk möwsümleriniň depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýerlerde bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyna häkimiň ünsüni çekdi. Hususan-da, Baharly, Ak bugdaý, Kaka, Gökdepe, Tejen we Sarahs etraplarynda güýzlük bugdaý ekişiniň bellenilen tertipdäkiden yza galýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýagdaýlary seljermegi hem-de  ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň barşynda bökdençlik döredýän sebäpleri aradan aýyrmagy talap etdi.


Milli Liderimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, bu ýerde bina edilýän desgalaryň ählisiniň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyny hem-de öňde boljak Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 25 ýyllyk baýramyna mynasyp taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de degişli meseleleriň ählisini düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.


Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk ulgamyndaky işler barada aýdyp, güýzlük bugdaý ekişiniň häzirki görkezijileri barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ilkinji nobatda, ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýän täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Esenguly, Magtymguly, Serdar, Bereket hem-de Etrek etraplarynda ekişiň depginleriniň yza galýandygyna welaýatyň hökümetiniň ünsüni çekip, ýagdaýy düzetmek boýunça  hem-de welaýatyň obasenagat toplumynda bar bolan maddy-enjamlaýyn serişdelerini has netijeli peýdalanmak maksady bilen degişli çäreleri görmegi talap etdi.


Milli Liderimiz sebitiň durmuş-ykdysady düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesine ünsi jemläp, häkime bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara, şol sanda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görlüşiniň meselelerini çözmäge hem-de baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.


Wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine çykarylan meseleler boýunça, öz nobatynda, Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow hasabat berdi. Hususan-da, güzlük bugdaý ekişiniň hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 7-nji sentýabrda badalga alýan pagta ýygym möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy baraha hasabat berildi. Häkim şeýle hem welaýatda Milli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýeti rilişiniň barşy hem-de bina edilýän dürli ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyz geljekki hasylyň bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine gönüden-göni baglydygyny belläp, ekiş möwsüminiň depginlerini güýçlendirmek üçin hemme çäreleri görmegi hem-de öňdäki pagta ýygym möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we oba hojalyk öndürijileriniň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin bar bolan güýçleri gönükdirmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň abaldançylygy baradaky alada bolup durýandygyny nygtap, ýerlerde ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramçylygyna hem-de oňa bagyşlanylan çärelere, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, häkime bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda ykdysady we durmuş düzümlerini ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň  durmuşyndaky möhüm wakalara taýýarlyk görlüşi hem-de olar mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hem aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz welaýatyň käbir etraplarynda-Döwletli, Birata, Beýik Türkmenbaşy etraplarynda hem-de Magdanly şäherinde güýzlük bugdaý ekilişiniň guralyşynyň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini, bu ýagdaýyň bolsa işleriň depginine ýaramaz täsir edýändigini belläp, häkime ýol berlen kemçilikleri düzetmek üçin gyssagly çäreleri görmegi tabşyrdy.


Milli Liderimiz şeýle hem sebitiň ýer eýeleriniň ýetişdiren “ak altyn” hasylyny meýdanlardan öz wagtynda ýygnap almak üçin ýygym möwsüminde ähli düzümleriň üznüksiz işlemeginiň üpjün edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň, Watanymyzy has-da gülledip ösdürmegiň  wajyp meselelerine garaljak Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.


Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygym möwsüminiň depginleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, welaýatda alnyp barylýan täze desgalardaky gurluşyklaryň barşy, şol sanda Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesi mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.


Milli Liderimiz sebitiň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny işjeň peýdalanmak maksady bilen, hemme degişli düzümleriň utgaşykly işlemegini gazanmagyň wajypdygy barada aýdyp, bellenilen tertipden yza galýan käbir etraplarda, Serhetabat, Murgap, Ýolöten, Mary, Wekilbazar, Türkmengala hem-de Garagum etraplarynda bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendimegi tabşyrdy.


“Ak altyn” ýygnamak möwsümini bellenilen möhletde ýokary hilli geçirmek üçin degişli tehnikalary, bar bolan hemme güýçleri has doly herekete getirmegiň zerurdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer eýeleriniň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin gerekli şertleri döretmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna we Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 25 ýyllyk şanly baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak üçin zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmegi barada häkime anyk görkezmeleri berdi.


Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda 14-nji sentýabrda Aşgabatda geçirniljek Ýaşulular maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada habar bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak bu uly maslahaty guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny hem-de degişli resminamalary düýpli işläp düzmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.


Döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň döreýiş taryhy asyrlaryň çuňlugyna uzap gidýän türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy däpleriniň biri bolup durýandygyny nygtap, häzirki döwürde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda onuň ähmiýetli orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Umumymilli maslahatyň mejlisine her ýyl Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan döwletiň we jemgyýetiň yzygiderli ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen uly möçberli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmäge degişli ileri tutulýan meseleler çykarylyp, olar boýunça anyk çözgütler kabul edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki Ýaşulular maslahatynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 25 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini aýdyp, ony ýokary derejede guramak we geçirmek maksady bilen, hemme zerur işleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.


Soňra göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew çagyryldy.  Ol dabaraly harby ýörişe hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli beýleki çärelere taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Şu ýyl paýtagtymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guramak meýilleşdirilýän ajaýyp feýerwerk şanly dabaralaryň bezegine öwrüler.


Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy oktýabrda geçiriljek harby dabaraly ýörüşiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly galkany bolup durýan Milli goşunymyzyň kuwwatyny, ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirijiler bolan türkmen esgerleriniň ýokary başarnygyny we ussatlygyny görkezmelidigini nygtap, onuň geçirilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


Hormatly Prezidentimiz şeýle hem şanly sene mynasybetli baýramçylyk feýerwerkiniň şu ýyl paýtagtymyzdan başga-da, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde hem guralmagy bilen bagly tabşyryk berdi.  


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda, onda garalan meseleleriň hem-de öňde goýlan  ilkinji derejeli wezipeleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi.


Iş maslahatyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.