Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 

Bildirişler

Bank ulgamynyň hyzmatlary ösüş ýolunda


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde öz oňyn netijelerini görkezen öňdebaryjy tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.


Bu barada “Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem aýratyn nygtalýar. Maksatnama laýyklykda karz edaralarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklaryň serişdeler binýadyny artdyrmak, banklarda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan tehniki we programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.
Maksatnamada bellenilişi ýaly, degişli döwürlerde maliýe hyzmatlaryny menzilara ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek ugrunda degişli işleriň geçirilmegi, şol sanda öýjükli telefonlaryň üsti bilen bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagy, täze tehnologiýalary, ýagny öýjükli telefon aragatnaşygyny, töleg nokatlaryny, şeýle hem ilkibaşda az möçberli töleglerden başlamak bilen, internet ulgamyny ulanmak esasynda elektron töleg we elektron pullary ulanmak ulgamyny ösdürilmegi, bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da banklaryň hereket edýän tehnologiýalaryny we programma üpjünçiliklerini täzelemek işlerine giň gerim berlip, şahamçalarara geçiriş ulgamynyň hilini we tizligini ýokarlandyrmak ýaly işleri durmuşa geçirmeklik maksat edilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hyzmatlar bazarynda halkara karz institutlarynyň tejribesini öwrenilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Milli bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrlyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gurnalýar, hususan-da, müşderilere hödürlenýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrlyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täze hyzmatlary yzygiderli bank işjeňligine girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolmak bilen ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netjesinde ýurdumyzyň prosesing merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylan terminallaryň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet-bank», «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat degişli bank edarasyna baryp şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.
Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bankomatlaryň, töleg terminallaryň sanyny artdyrmak esasynda milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak, nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek maksat edinilýär.
Türkmenistanda kartly töleg ulgamyny özgertmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär, bu ulgamda täze hyzmatlardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup çykyş edýän milli töleg ulgamynyň halkara töleg ulgamlaryna işjeň goşulyşmagy netijesinde töleg amallarynyň sany düýpli artýar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň ösmegi, pul dolanyşygynda serişdeleriniň aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagy hem-de hasaplaşyklary geçirmekde çykdajylaryň azalmagy tölegleriň we hasaplaşyklaryň usullaryň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we bu kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi nagt däl hasaplaşyklar ulgamynda oňyn özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär.
Bank hyzmatlarynyň has kämil görnüşleriniň girizilmegi, bu ugurda daşary ýurt tejribesiniň düýpli öwrenilmegi, şeýle-de onuň milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulup ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy bank işiniň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegine, hyzmatlaryň döwrebap görnüşleriniň döremegine, bank ulgamynyň müşderileriniň sanynyň yzygiderli artmagyna we milli banklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat saklaýan we geçirýän ulgamyna eýe bolup, özleriniň iş tejribesine täze görnüşli hyzmatlary ornaşdyrýarlar hem-de olary müşderilere hödürleýärler. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron-söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary göni («online») tertipde amala aşyrmagyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar.
Mundan başga-ada «Maşgala» bank karty «Altyn Asyr» bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary müşderiler bilen has ýakyndan hyzmaşdaşlyk etmäge we olaryň ileri tutulmalaryna has takyk düşünmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman ugurlary peýdalanmagyň hasabyna müşderileri saklap galmaga, bank telekeçiligini giňeltmäge ýardam berýän sebäpleriň biridir.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen düşündirip bolar.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!


Begençmyrat Ilamanow,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik
bölüminiň müdiriniň orunbasary