Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 

Bildirişler

Asudalygyň we ösüşleriň mekany


Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.


Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar we baý ýerasty hem-de ýerüsti resurslary, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, durnukly ösýän jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen, geljegi örän uly ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde barha özüne çekiji döwlete öwrülýär.
Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň daşary syýasaty “Bitarap Türkmenistanyň 2017–2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna” laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly we durnukly ýola goýmak, durnukly durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, bir tarapdan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşyklydyr, beýleki bir tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmegiň hökmany şerti bolup durýandygy bilen düşündirilýär.
2019-njy ýylyň 12-nji Awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli geçirildi. Ýokary derejede geçirilen foruma hazarýaka döwletleri bilen goňşy döwletleriň hem-de sebitde ykdysady bähbitleri bolan 60-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşdy. Bu möhüm çäre hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty baradaky işleriniň netijesi bolup, onda öňe sürlen başlangyçlar we teklipler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
Forumyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny öz içine aldy. Forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gojaman Hazaryň köpugurly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi diýen derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.
Forumyň maksatnamasynyň şunuň ýaly baý mazmuny Hazar ykdysady forumyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin täze täsirli binýat bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli waka Hazarýaka döwletleriň hem-de sebitde ykdysady bähbitleri bolan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde forum bu sebitiň dünýäniň galan bölegi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi, dünýä möçberinde Hazaryň mümkinçiliklerini doly açmagy ugur edinýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem-de bu bütindünýä guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýän, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!


Begençmyrat Ilamanow,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik
bölüminiň müdiriniň orunbasary