Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Bildirişler

BANK  HYZMATLARY ÖSÜŞ ÝOLUNDA


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada hormatly Prezidentimiz “Islendik ýurduň maliýe ulgamynda merkezi orny bank ulgamy eýeleýär” diýip nygtaýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.


Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnuklylygyny gazanmak wajyp bolup durýar. Raýatlaryň bank hyzmatlaryna bolan ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralary tarapyndan hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, olaryň täze görnüşlerini girizmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Hödürlenýän hyzmatlaryň – goýumlaryň, karzlaryň täze görnüşleriniň girizilmegi bank hyzmatlaryna bolan islegiň has-da artmagyna itergi berýär.


Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ilatyň pul süýşürintgilerini banklara çekmek we bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen fiziki şahslaryň goýumlary resmileşdirilende ulanmak üçin niýetlenen goýum bank kartlarynyň görnüşleri tassyklanyldy. Bu bolsa karz edaralary tarapyndan goýum amallary boýunça ilata hödürlenýän hyzmatlaryň dünýä ülňülerine laýyk getirilmeginde, ösen tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly täze bank önümleriniň müşderilere hödürlenmeginde giň mümkinçilikleri döredýär.


Häzirki wagtda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda “Goýum bank karty” atly täze hyzmat girizildi. Goýumlara tölenilýän göterimler bir tarapdan müşderileriň erkin pul serişdelerini goýumlara goýmak arkaly goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan banklar üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamaga mümkinçilik berýär, aktiw bank amallaryň goşmaça çeşmesi bolup çykyş edýär. Mundan başga-da “Goýum bank kartynyň” eýelerine islendik möçberde nagt puluny goýmak, töleg terminallaryny hem-de internet-bank we mobil-bank hyzmatlaryny peýdalanmak arkaly nagt däl görnüşde tölegleriň dürli görnüşlerini amala aşyrmak, zerur halatynda kartdan nagt puly çekmek, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredilen. Döredilýän şeýle amatlyklar hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen adyl şygarynyň her ädimde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.


Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen “Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda bellenen döwürde ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek, milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek, bank hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek, milli we daşary ýurt maýadarlaryny çekmek, banklaryň serişdeler binýadyny hem-de maýalyk gorlaryny yzygiderli artdyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini banklara çekmek, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, bank ulgamyna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, müşderileriň karz edaralaryna bolan ynamyny has-da ýokarlandyrmak üçin olaryň bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmek bellenilen. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan şahsy taraplaryň goýumlary resmileşdirilende ulanmak üçin niýetlenen bank kartlarynyň görnüşleriniň tassyklanylmagy “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” hem-de “Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Pre­zi­den­timiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ähli karz edaralarynyň hödürleýän hyzmatlaryny has-da ýokary derejä çykarmaga, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmaga, bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.


Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


 


Begmyrat Kakalyýew,


Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Müşderi


hyzmatlar dolandyrmasynyň müdiriniň orunbasary