Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

bildirişler

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň arasynda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek maksady bilen bank terminallara bolan höwesiň artmagy, onuň ulanyş tertibiniň ähmiýeti, amatlylygy we howpsuzlygy barada düşündiriş işleri babatynda duşuşyk geçirildi

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň arasynda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek maksady bilen bank terminallara bolan höwesiň artmagy, onuň ulanyş tertibiniň ähmiýeti, amatlylygy we howpsuzlygy barada düşündiriş işleri babatynda duşuşyk geçirildi.

Şol duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, karz edaralary bilen bir hatarda birnäçe çäreleriň geçirilýändigini, şolary iň esasysynyň biri-de nagt däl hasaplaşyklar ulgamynyň ösdürilmegi ylmyň iň soňky gazanan innowasion tehnalogiýalaryny ornaşdyrylyp ýurdumyzyň raýatlaryna kämil bank hyzmatlaryny etmek boýunça bank ulgamlary tarapyndan uly işler alynyp barylýandygyny bellenilip geçildi. Esasanam biziň öňde goýan maksatlarymyzyň biri hem ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek bolup durýar.

Bank ulgamynyň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen plastiki kartlara doly ornaşdyrylmaklyk bolup durýandygyny, plastiki kart töleg ulgamynyň üsti bilen dolanşykda nagt pul aýlanyşygyny peseltmek, nagt däl dolanyşygy artdyrmak, bankymyzyň hyzmat edilýän ähli müşderilerine aýlyk zahmet