Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

bildirişler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emir Tamim Bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny anyklaşdyrdylar

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet sapary bilen ugrady. Milli Liderimizi Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan Katar bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dostlukly arap ýurduna ilkinji sapary 2010-njy ýylyň 11-12-nji oktýabrynda boldy. 2016-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Baştutanynyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygy hyzmatdaşlyk etmekde toplanan oňyn tejribäni, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, syýasy, ynsanperwer, ykdysady we serişdeler mümkinçilikleri nazara almak bilen