Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

bildirişler

BANK  HYZMATLARY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada hormatly Prezidentimiz “Islendik ýurduň maliýe ulgamynda merkezi orny bank ulgamy eýeleýär” diýip nygtaýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnuklylygyny gazanmak wajyp bolup durýar. Raýatlaryň bank hyzmatlaryna bolan ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralary tarapyndan hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, olaryň täze görnüşlerini girizmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça